abuna new

otel reklama

ruhabat

Tamamlanyp barýan 2018-nji ýylda, beýleki ýyllarda bolşy ýaly, ýurdumyzda ähli ugurlar boýunça uly üstünlikler gazanyldy. Birnäçe binalar, kuwwatly desgalar gurlup, ulanylmaga berildi. Şol gurlan binalardan biziň maşgalamyza-da ýaşamak üçin ýokary amatlyklary bolan jaýdan öý edinmek bagty miýesser etdi.
Bu diňe biziň maşgalamyzyň mysalynda alnanda şeýle. Ýurdumyz boýunça bolsa, şeýle ýokary amatlykly ýaşaýyş jaýlarynyň müňlerçesi gurlup, olarda jaý toýlaryny toýlaýan ildeşlerimiziň sany barha artýar.
2018-nji ýylyň başynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Täze zaman ýaşaýyş toplumynyň täze tapgyrynyň çäklerinde bina edilen durmuş maksatly desgalaryň iri toplumynyň açylyş dabarasy boldy. Bu ýerde iki we bir gatly jaýlaryň 1 müň 152-si ulanmaga berildi. Bu tapgyryň täze binalarynyň hatarynda 600 okuwçy orunlyk orta mekdep, her biri 160 orunlyk çagalar baglarynyň ikisi, Saglyk öýi, azyk harytlary dükany hem bar.
Şu ýyl hormatly Prezidentimiz Türkmenabat şäherinde bina edilen ýaşaýyş toplumynyň açylyş dabarasyna-da gatnaşdy. Ýaşaýyş toplumy ýerleşdirilişi gowulandyrylan 4 gatly jaýlaryň ýigrimi ikisinden ybaratdyr. Her bir jaýda 40 öý ýerleşýär. Bu zatlar ertekilerde göz açyp ýumasy salym içinde döredilýän Şähristanlygy ýada salýar.
Bular diňe hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagyndaky ýaşaýyş toplumlarynyň açylyş dabaralaryndaky sanlardyr. Bulardan başga-da paýtagtymyz Aşgabatda, ýurdumyzyň welaýatlarynda şu ýyl birnäçe ýaşaýyş jaýlarynyň açylyş dabaralary boldy. Özi hem gurulýan jaýlar ýaşaýyş üçin ähli amatlyklary özünde jemleýär. Şol jaýlara göçüp baran ildeşlerimiz Gahryman Arkadagymyzyň peşgeş beren bagtyýar zamanamyzyň eşretlerine eýe bolup, bagtly ýaşaýarlar.
Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen başlanan döwletli tutumlar indiki ýyllarda dowam etdirilip, ösüş-özgerişligiň yzygiderliligi düzülýär. Bu ýylda halkymyzyň eşretli durmuşynyň hatyrasyna gurlup ulanmaga berlen ýaşaýyş jaýlarynyň açylyş dabaralary bilen bir hatarda olaryň düýbini tutmak dabaralary hem utgaşykly alnyp baryldy. Bulary bolsa «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» ýylynda başy başlanan il bähbitli işleriň hatarynda görkezmek bolar. Şu ýyl hormatly Prezidentimiziň hut özüniň gatnaşmagynda Türkmenabat şäherinde täze ýaşaýyş toplumynyň düýbüni tutmak dabarasy hem boldy. Indiki ýyllarda ulanylmaga beriljek bu täze ýaşaýyş toplumynyň düzümine her biri 32 öýden ybarat bolan dört gatly öýleriň 17-si, şeýle hem 2 gatly kottej görnüşli ýer bölegi we beýleki hojalyk jaýlary bolan öýleriň 170-si girýär. Ýaşaýyş toplumynyň çäginde 600 orunlyk orta mekdep, häzirki zaman söwda merkezi, durmuş hyzmatlar öýi bina ediler. Bu desgalar häzirki zaman enjamlary bilen üpjün ediler. Bular ýene-de diňe hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda düýbi tutulan ýaşaýyş toplumlaryndaky sanlardyr. Mundan başga-da şu ýylda ýene-de kän-kän ýaşaýyş jaýlarynyň, durmuş maksatly binalaryň düýbi tutuldy. Bu bolsa Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda ýyllarymyzyň üstünliklere beslenýändiginiň subutnamasydyr. Bagtyýar zamanamyzyň raýaty hökmünde gazanylýan üstünliklere goşant goşmak, beýik işleriň waspyna ses goşmak bolsa, biziň mukaddes borjumyzdyr. Goý, hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli tutumly işleri mundan beýläk hem rowaçlyklara beslensin! Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, belent başy aman bolsun!

Hezretkul BABAKULOW,
S.Seýdi adyndaky
TDMI-niň uly mugallymy.

Поделиться в соцсетях

Получать Рассылку