abuna new

otel reklama

ruhabat

Ýakynda iş sapary bilen Aşgabada gelen «Mangal Transport & Shipping GmbH» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Doktor Azgarhil Mangal bilen Söwda-senagat edarasynyň Sergiler zalynda gabatlaşdyk. Ulag-logistika babatda tejribeli kompaniýanyň ýolbaşçysy bilen halkara ulag-logistika ulgamy hakda söhbetdeş bolduk.
– Doktor Mangal, siz bilen ozal hem söhbetdeş bolupdyk. Ulag-logistika babatda hyzmatdaşlyk saklaýan ýurtlaryňyzyň ählisine-de ýygy-ýygydan barýaňyzmy?
– Ählisine-hä ýygy-ýygy barýan diýmäýin. Dubaýdan soň köp barýan şäherim Aşgabat bolsa gerek. Bu şäherde meniň örän köp dostlarym bar. Germaniýadan islendik wagt haýsy tarapa uçara münsem-de, Aşgabada sowlup geçäýesim gelip dur. Türkmenler bilen dostlaşmak ýakymly, hyzmatdaş bolmak ynamly. Belki, şonuň üçin Türkmenistana aýak çekip durandyr.
– Türkmenistan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlary bilen ulag-logistika babatda örän uly işleri durmuşa geçirýär...
– Ol işleriň waspyny logistika hyzmatlaryny edýänleriň dilinden eşitseňizläň. Türkmenistan bilen ulag-logistika hyzmatdaşlygyny saklamak islendik bir ýurt, islendik bir kompaniýa üçin-de örän bähbitli. Sebäbi Türkmenistanyň üsti bilen uzak ýollar gysgalýar. Siziň ýurduňyzyň üstünden geçmek biz üçin örän bähbitli, amatly. Tiz hem-de howpsuz.
– Biziň telekeçilerimiz bilen hyzmatdaşylygyňyz barada näme aýdyp bilersiňiz?
– Türkmen telekeçileri bilen örän köp ýyllardan bäri işleşýäris. Olaryň köpüsi ýöne bir hyzmatdaş däl-de, dost bolup gitdiler. Ynam bolan ýerinde bu şeýle-de bolmaly. «Bereketli» hususy kärhanasy-ha hemişelik hyzmatdaşymyz. Biz Malaýziýadan çaý, kofe ýaly önümleri Türkmenistana getirip berýäris.
Köpýyllyk tejribämiz we hünärmenlerimiziň tagallalary netijesinde, biz öz logistika hyzmatlarymyzyň ähli görnüşleriniň ISAF-yň (Howpsuzlyga ýardam etmegiň halkara güýji) talaplaryna laýyk gelmegini gazandyk.
– Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň açylmagy sizi-de begendirendir.
– Eýsem näme. Men Türkmenistanda amala aşyrylýan her bir işe uly guwanç bilen seredýärin. Hormatly Prezidentiňiz BMG-de eden taryhy çykyşynda-da örän gowy teklipleri öňe sürdi. Häzirki wagtda Türkmenbaşy halkara deňiz portuna gyzyklanma bildirýän biržalar, banklar köp. Bu babatda Bütindünýä bankyny mysal alsagam ýeterlikmikä diýýän. Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň mümkinçiligi uly. Balkan welaýaty senagat taýdan tiz ösýän sebit. Gyýanly şäherçesinde öndürilýän polietilen we polipropilen önümlerini, Garabozag şäherindäki karbamid önümlerini eksporta äkitmek üçin uly güýç gerek. Şonuň üçin dünýäniň öňdebaryjy ulag-logistika kompaniýalarynyň ünsi Türkmenistanda.
Türkmenistanyň oňaýly geografik ýerleşişi onuň sebitleýin we yklymara ähmiýetli möhüm halka hökmünde ornuny berkidýär.
Türkmenistan Merkezi Aziýanyň günbatarynda ýerleşmek bilen, Merkezi Aziýada Hytaý bilen, Kawkaz we Pars aýlagy ugurly söwda ýollarynyň ugrunda esasy logistika nokady hökmünde ösýär we özgerýär. Ýurduň geografik ýerleşişi munuň üçin has oňaýly şertleri döredýär.
– Siziň logistika kompaniýaňyz Türkmenistana haýsy ýurtlardan ýük getirýär?
– Arap ýurtlaryndan, Hytaýdan, Türkiýeden, Russiýa Federasiýasyndan, Malaýziýadan, Ýewropa ýurtlaryndan ýük getirýäris. Şu ýük getirýän ýurtlarymyza-da Türkmenistandan hem ýük äkidýäris. Täze bazar tapdygymyz Türkmenistanda öndürilýän islendik önümleri äkitmäge girişýäris. Bu hem-ä öz bähbidimiz, hem-de Türkmenistanyň eksportyny artdyrmaga goşandymyz bolýar.
Biz ýükleri we tehnikany Ýewropadan Bender-Abbas, Poti we Türkmenbaşynyň üsti bilen, şeýle-de demirgazyk demir ýol ugurlary bilen daşaýarys.
Biziň esasy alyp barýan işimiz Russiýa, Owganystan, BAE, Türkiýe, Pakistan, Hindistan, Hytaý, şeýle hem Türkmenistan, Özbegistan, Täjigistan, Gyrgyz Respublikasy, Gazagystan, Gruziýa, Ermenistan we Azerbaýjan ýaly ýurtlara ýük daşamak bolup durýar. Bulardan başga-da Paragwaý, Kosta-Rika, Çili, Urugwaý, Braziliýa, Argentina şeýle hem Iordaniýa, Siriýa, Saud Arabystany, Ýemen, Katar, Yrak we Kuweýt ýaly döwletlere-de ýük daşamak bilen meşgullanýarys. Afrika ýurtlarynyň arasynda Angola, Nigeriýa, Liwiýa, Müsür, Sudan, Togo we Gana ýaly ýurtlar bilen hem hyzmatdaşlyk saklaýarys.
– Owganystanyň we Pakistanyň üsti bilen Hindistana tarap çekilýän gazgeçirijisi hem halkara ulag-logistikasyny ösdürmekde ädilen uly ädim.
– Eýsem näme. Ýöne bir uly ädimem däl, aýgytly uly ädim. Hut şu taslama üçin Türkmenistanyň hormatly Prezidentine alkyşym köp. Bu Owganystanyň ykdysadyýetine gönüden-göni täsir etjek taslama. Owganystan hem Merkezi Aziýa bilen Günorta Aziýanyň arasynda köpri bolup dur. TOPH gazgeçirijisiniň çekilmegi sebitiň ykdysadyýetine hem oňyn täsir eder.
– Azyk önümleriniň haýsy görnüşleri köp daşalýar?
– Meniň pikirimçe, tropiki miweler. Pakistandaky, Hindistandaky mandarin, apelsin ýaly tropiki miweleri Türkmenistanyň üsti bilen Merkezi Aziýa we Ýewropa çykarsak biz üçin örän amatly boljak. Sebäbi Owganystandan Aşgabada, gümrükden geçýän wagty hasaba alanyňda-da, bary-ýogy alty sagadyň dowamynda ýük getirip bolýar.
– Biziň ýurdumyzdan äkidýän önümleriňiz artýarmy?
– Elbetde. Türkmenistan gaz, elektroenergiýa, nebit, pagta, haly we oba hojalyk önümlerinden başga-da mineral dökünleri polietilen we polipropilen ýaly önümleriň eksportuny hem artdyrýar.
Türkmenistanyň strategiki ösüş çelgileri milli baýlyklaryň iň wajyplarynyň birini – ýurduň üstaşyr güýjüni milli ulag kommunikasiýasynyň üsti bilen amala aşyrmagy meýilleşdirýär.
Türkmenistanyň çäginde bäsdeşlige ukyply ulag terminallaryny emele getirmek, ýurduň daşarky we içerki ykdysady bähbitlerine laýyk gelýär. Şonuň üçin bu pudaga goýberilen maýa goýumlary iň gowy netijeleri berer we gatnaşyjy taraplaryň ählisine uly girdeji getirer.
– Hormatly Prezidetimiz Owganystana ynsanperwerlik kömegini bermekde, Owganystan meselesini parahatçylykly we halkara logistikasyny ösdürmek arkaly çözmek babatda hem nusgalyk işleri durmuşa geçirýär.
– Türkmenistanyň Prezidentiniň neşe serişdelerine garşy alyp barýan göreşi-de bütin adamzat üçin bähbitli. Türkmenistan neşäni ýok etmekde dünýä görelde görkezdi. Şeýle-de Owganystanda ygtybarly ykdysadyýetiň gurulmagyna hem täsir edýär.
Birinji nobatda, ulag geçelgesini ýola goýmak, soňra neşe serişdelerine we terrorçylyga garşy göreşmek, üçünjiden bolsa, Merkezi Aziýa bilen Günorta Aziýanyň arasynda köpri döretmek arkaly Owganystanyň ykdysadyýetini ösdürip bolar.
– Owganystanyň we biziň ýurdumyzyň logistikasyny utgaşdyrmagyň nähili bähbitli taraplary bar?
– Owganystana Eýranyň üsti bilen Ýewropa ýoly, GDA degişli ýurtlaryň ýoly, şeýle-de Pakistan – Hindistan ýoly barýar. Bu örän amatly şert. Şol ýollary-da Türkmenistanyň üsti bilen köptaraplaýyn usulda has-da ösdürmek mümkinçiligi bar. Dünýä ilatynyň ýaryna golaýy Aziýa yklymynda ýerleşýär. Ilaty köp ýurtlaryň ulag gatnawlary-da, daşamaly ýükleriniň möçberi-de köp bolýar. Ol adamlara geýinmegem, iýmegem zerur. Köp ilatly ýurtlar Türkmenistan üçinem uly bazar.
Türkmenistan daşary syýasatynyň ynsanperwerlik ýörelgelerine eýerýänligi üçin, dünýä ýurtlarynyň islendigine ygtybarly hyzmatdaşdyr.
Halkara ulag ulgamynyň ösmegi ähli ýurtlaryň milli bähbidine işleýär.
– Pakistandan gelýän tropiki miweleri Russiýa Federasiýasyna haýsy ugur bilen çykarýarsyňyz?
– Täjigistanyň üstünden geçirýäris. Hawa, Russiýa Federasiýasyna tarap daşaýan ýüklerimizi, ýokary tizlikli ýollaryň gurulmagy bilen geljekde Türkmenistanyň üsti bilen daşasak, ýoluň gysgalygy tarapdanam, maliýe tarapdanam örän amatly boljak.
Häzirki wagtda Türkmenistanda maýa goýumlary ulag aragatnaşygy pudagyna, oba hojalygyna goýmagy bähbitli hasaplaýarys. Sebäbi logistika merkezleriň we terminallaryň gurluşygynyň hasabyna Türkmenistanyň sebitde iň wajyp logistika merkezleriniň birine öwrülmäge mümkinçiligi bar.
Häzirki döwürde bilermenleriň aglabasy Aziýanyň we Ýewropanyň arasyndaky söwda gatnaşyklarynyň iň işjeň bazardygyny, sebitara ýük akymyny döredip bilen ýurtlar üçin ýokary girdeji berjekdigini nygtaýarlar. Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň ulag syýasatynyň maksady – ýurduň geografik taýdan oňaýly ýerleşmegini netijeli peýdalanmak we Ýewropa bilen Aziýanyň arasyndaky üstaşyr köpri hökmünde, transport infrastrukturasynyň artykmaçlygyny doly derejede durmuşa geçirmekdir.
– Doktor Mangal, söhbetdeşlik üçin köp sag boluň. Işleriňiz ugruna bolsun!
– Sag boluň. Halkara ulag ulgamyny ösdürmekde uly işleri alyp barýan Türkmenistanyň hormatly Prezidentine gazetiň üsti bilen köp sagbolsun aýdýaryn. Ähli alyp barýan işleri rowaç bolsun!

Поделиться в соцсетях

Получать Рассылку