abuna new

otel reklama

ruhabat

Mary – Serhetabat gara ýolunyň boýunda ýerleşen bu obanyň ýaşaýjylaryna gözümiz gitmän hem durmady. Sebäbi daş-töweregini uly-uly baýyrlar gurşap oturan, bir tarapynda bolsa giden üzümçilik meýdanlary ýaýlyp ýatan mesgen görenleriň göwünlerini özüne bendi edýär.
Tagtabazar etrabynyň alyjylar jemgyýetiniň bu obada ýerleşýän 35-nji dükanynda harytlaryň bolçulygy gözüňi dokundyrýar. Dükanyň içine girip, ýurduň iň bir çetki obasynyň dükanynda durandygyňa ynanmagam müşgil. Biz hem oba adamlaryna ýetirilýän söwda hyzmatlary, dükanyň haryt üpjünçilik ýagdaýy barada dükanyň satyjysy Aýjemal gelneje bilen söhbetdeş bolduk.
– Aýjemal gelneje, salawmaleýkim. Armaň-da işler bilen!
– Waleýkim, jigim. Bar boluň. Dogrusy, biziň-ä, gelen müşderileriň göwnüni tapyp bilsek, armak-ýadamak ýadymyza düşenok.
– Tüweleme, müşderileriň geregini tapyp bolýan dükanda göwnüni hem tapyp bolýandyr-la?!
– Hawa. Hudaýa şükür, dükanymyzyň haryt üpjünçiligi gowy. Obamyzyň adamlary üçin gerek bolan gündelik harytlaryň dürli görnüşleri bar. Azyk önümlerini täzeligi bilen halkymyza ýetirýäris. Ýene bir bellemeli zat, dükanymyzda halka hödürleýän önümlerimiziň aglabasy öz ýurdumyzda öndürilen. Şeýle bolansoň, olaryň hem-ä bahasy elýeterli, hem-de hyrydarlylygy ýokary. Şeýle şertler döredilen dükanda bize diňe alyjylara güler ýüz bilen hyzmat edäýmek galýar. Söwdasy biten, güler ýüz bilen garşylanan adamlaram keýpiçaglyk bilen öýlerine dolanýarlar.
– Dogry. Şu wagt syn edýäris welin, dükanyň iň geçginli harytlary azyk önümleri bolarly?!
– Hawa. Dükana gelýän alyjylar, adatça, gündelik türkmen saçagyna gerek bolan nan, et, ýag, süýt, şeker, duz, ýumurtga, bakja we gök önümlerine uly isleg bildirýärler. Olaryň, näme, hemmesi özümizde önüp duran zatlar. Hormatly Prezidentimiziň azyk bolçulygy barada edýän tagallalarynyň netijesinde, bizde-de bu babatda bökdençlikler bolanok. Dükanymyzda mele-myssyk nanlary gyzgyny bilen, süýt we et önümlerini täzeligi bilen, bakjadyr gök önümlerini terligi bilen elýeterli bahalardan halkymyza ýetirýäris. Olardan başga-da ýurdumyzda öndürilen süýjüdir-kökeleriň, miwe gaplamalarynyň, dürli görnüşli suwlaryň hem hyrydarlary kän.
– Şeýle parahat durmuşda, gözel obada ýaşamak, halka hyzmat etmek, zähmet çekmegem ýakymlydyr.
– Näsini aýdýaň, jigim. Ýurdumyz abadan, asmanymyz asuda. Saçaklar bereketden, dükanlarymyz harytdan doly. Tüýs zähmetiň rehnetini görüp ýaşamaly döwür. Ynha, onsoň, isle, ol oba bolsun, isle, şäher, nirede bolsa, ýaşamagam lezzetli, zähmet çekmegem ýakymly. Şeýle bolçulygyň, bagtyýarlygyň başynda duran Gahryman Arkadagymyza alkyşymyzyň çägi ýok. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň başy dik, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleri rowaç bolsun.
– Beren gürrüňleriňiz üçin sag boluň, Aýjemal gelneje! Işiňizde üstünlikler ýar bolsun! Sag-aman işläň!
Dükana gelen alyjylara üns berdik. Aýjemal gelneje-de bizi müşderiler, ýagny öz obadaşlary bilen tanyşdyrdy. Alyjylar bilen pikir alyşmagam ýakymly. Biz salam-helikden soň olaryň ýaşulusyna birnäçe sowal bilen ýüzlendik.
– Akmyrat aga, biz paýtagtly myhman. Habarçy.
– Tüweleme, ýigitler. Habar alsaňyz habaram bereris. 24 ýyl bäri bilýänlerimizi ýaş nesle öwredip ýörüs.
– Akmyrat aga, bol harytly dükanyňyz-a bar ekeni!
– Inijigim, dükandaky harytlaryň bolçulygyndanam, bahalaryň elýeterliligindenem tutuş oba ilaty hoşal. Ynha, içine girseň, janyňa näme gerek bolsa häzirdir. Gyzgynjak tamdyr nany diýjekmi, ter gök önümleri diýjekmi, gök çaýy süýjüläp içeýin diýseň, owadan kagyzly süýjüler diýjekmi, garaz, islän zadyň bar. Dükanyň bosagasyndan gireniňden güler ýüz bilen garşylaýan satyjylaryň hoşamaýlygam bir zada degýär.
– Diýmek, dükanyň diňe harytlary däl, müşderileri hem bol diýip arkaýyn aýdyp boljak-da?!
– Özüm-ä şu ýeriň adamsyz wagtyna gabat geldim diýsem, ýalançy borun. Sebäbi dükan obamyzyň iň bir gelim-gidimli ýeri. Her kimem näme gerek bolsa şu ýere eňäýýär. Bu ýerden gerek harydyny tapman gaýdyp giden adama-da gabat gelemok. Özümden mysal alsamam, şu gapydan gelinmeýän gün ýok diýen ýaly. Şu wagtam işden çykyp, agtyjaklaryma süýjüdir-köke alaýyn diýip sowulşyma, nesibe çekendir-dä, size gabat geldim.
– Akmyrat aga, toýly günlerde didarlaşaly.
– Sag bol, inim. Sizem şeýle uzak ýol söküp, oba dükanlarynyň hyzmatyndan habar almaga geleniňiz üçin sag boluň! Size-de, bize-de – ähli halkyna şeýle ajaýyp zamanany peşgeş eden, şeýle ajaýyp mümkinçilikleri döredip beren hormatly Prezidentimiz sag bolsun. Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, belent başy hemişe dik bolsun!

Mätgurban MÄTGURBANOW

Поделиться в соцсетях

Получать Рассылку