abuna new

otel reklama

ruhabat

Baky Bitaraplygymyzyň şanly 23 ýyllyk baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Söwda we telekeçilik ugrunyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň bilelikde yglan eden “2018-nji ýylyň iň oňat kärhanasy” atly bäsleşiginiň Balkan welaýat tapgyry geçirildi. Bäsleşige welaýatdaky Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň düzümine degişli bolan oba, etrap alyjylar jemgyýetleri, önümçilik we beýleki söwda kärhanalary gatnaşdylar. Türkmenistan—Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi ýylynda hormatly Prezidentimiziň raýatlaryň bolelin durmuşda ýaşamaklary üçin edýän tagallalaryny hem-de söwda işgärleriniň öňünde goýan wezipelerini doly we üstünlikli durmuşa geçirmek, ilata edilýän söwda hyzmatlarynyň medeniýetini we hilini gowulandyrmak, harytlara we önümlere bolan isleglerini doly kanagatlandyrmak bäsleşigiň baş maksady boldy. Oňa gatnaşan edara-kärhanalara birnäçe görkezijiler esasynda baha berildi. Şunda edaranyň esasy haryt dolanyşygy, önümçiligiň mukdary we maliýe görkezijileri, wagyz-nesihat, sagdyn durmuş işleriniň alnyp barlyşy, zähmeti goramak we tehniki gözegçilik işleriniň ýerine ýetirilşi, dükanlarda haryt bolçulygy, gündelik halkyň sarp edýän harytlary bilen üpjünçiligi, ilata edilýän söwda hyzmatlarynyň derejesi we başgada birnäçe talaplar göz öňünde tutuldy. Bäsleşigiň netijesinde Serdar etrap alyjylar jemgyýeti birinji, Esenguly etrap alyjylar jemgyýeti ikinji, Gyzylgaýa etrap alyjylar jemgyýeti bolsa üçünji orunlara mynasyp boldular. Ýeňijiler bäsleşigiň jemleýji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Olara Hormat hatlary we sowgatlar gowşuryldy.

Поделиться в соцсетях

Получать Рассылку