abuna new

otel reklama

ruhabat

Diýarymyzda durmuşa ornaşdyrylýan düýpli özgertmeleriň ählisi halkyň bähbidine hyzmat edýär, şonuň üçin hem döwletiň bähbidi gönüden-göni halkyň bähbidi bilen baglanyşyklydyr. Ýurdumyzda hereket edýän ähli täjirçilik banklary öz müşderilerine bank kartlary boýunça ýokary hilli hyzmatlary ýerine ýetirýärler.
Bu günki gün nagt däl hasaplaşyklary ýerine ýetirmekde «Altyn asyr» bank kartlarynyň maşgala bank kartlary hem giň gerime eýe bolýar.
«Maşgala» bank kartynyň esasy aýratynlygy hasapdaky puluny ähli maşgala bolup ulanmak mümkinçiliginiň bolmagydyr. Bu täze bank karty ýurdumyzyň her bir maşgala agzalaryna niýetlenendir. «Maşgala» bank karty maşgalanyň islendik agzasyna — mekdep okuwçylaryna, talyplara, öý hojalykçy zenanlara, ýaşululara we beýleki maşgala agzalarynyň gündelik ulanmagyna mümkinçilik berýär. «Maşgala» bank kartyny edinmek üçin banka ýüz tutulanda arzada şulary kesgitlemeklik zerur bolup durýar, ýagny: «Maşgala» bank kartynyň haýsy maşgala agzalary üçin açyljakdygy we «Maşgala» bank karty bilen hepdelik ýa-da günlik sarp ediljek pul mukdarynyň çägi bellenilmelidir. Degişli çäklerde haýsy hem bolsa bir maşgala agzasyna niýetlenip açylan «Maşgala» bank kartyny ulanyjy bu bank kartynyň kömegi bilen hyzmatlaryň dürli görnüşlerini ýa-da satyn alnan harytlar üçin nagt däl görnüşinde hasaplaşyklary geçirmek, internet hyzmatlarynyň mümkin bolan islendik ýerinden kompýuter enjamlarynyň ýa-da öýjükli telefonlaryň üsti bilen özüniň kart hasaby boýunça «internet-bank» hyzmatlaryndan peýdalanyp, tiz we amatly nagt däl hasaplaşyklary ýerine ýetirmek, SMS arkaly bank kartynyň hasabyndaky hereketler barada maglumat almak, bankomatlardan we terminallardan nagt pul almak, müşderiniň islegine görä «internet-banking» hyzmaty arkaly «Maşgala» bank kartynyň hepdelik sarp ediljek pul mukdarynyň möçberini kesgitläp bilmek, bank kartynyň üsti bilen nagt däl görnüşinde aragatnaşyk hyzmatlary üçin hasaplaşyklary amala aşyrmak ýaly hyzmatlaryň giň mümkinçiliklerinden peýdalanyp bilýärler.
Bulardan başga-da, «Maşgala» bank karty maşgalanyň býujetini dolandyrmaklyga, onuň tygşytly peýdalanylmagyna we pul serişdeleriniň ýerlikli harçlanylmagyna uly ýardam berýär.
Ýurdumyzyň bank ulgamy tarapyndan bank kartlary boýunça ýerine ýetirilýän hyzmatlar has-da kämilleşdirilip, nagt däl pul dolanşygy artdyrylýar. Bu bolsa pul serişdeleriniň aýlanyşygyny çaltlandyrmaga uly itergi berýär. Netijede bolsa, ýurdumyzyň bank ulgamynyň alyp barýan pul-karz syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine, ähli pudaklarda önümçiligiň, söwdanyň we hyzmatlaryň pul-karz hem-de özara hasaplaşyk amallarynyň döwrebap bank tehnologiýalary esasynda guramaklyga mümkinçilik berýär.

 

Поделиться в соцсетях

Получать Рассылку