abuna new

otel reklama

ruhabat

Paýtagtymyzyň «Teke» bazary, «Gülüstan» döwlet söwda merkezi, Altyn asyr «Gündogar» bazary, «Berketli» bazary, «Büzmeýin» bazary we «Berkarar» söwda-dynç alyş merkezi iň köp barylýan söwda nokatlary bolup durýar. Ahal welaýatynda «Gökdepe» bazary, «Ak bugdaý» bazary, «Bäherden» bazary ýaly bazarlar halk köpçüliginiň iň gelim-gidimli ýerleriniň biridir.
Ösen döwrüň talaplaryna görä, dürli ugurly harytlara ýöriteleşen bazarlar söwdalary talabalaýyk gurnamaga şert döredýär. Şeýle bazarlarda her kim şol bir harydyň islendik görnüşini saýlap-seçip almaga mümkinçilige eýedir. Gündelik durmuşda iň köp barylýan söwda nokatlary bolsa azyk harytlarynyň bazarlarydyr. Paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda ençeme azyk harytlarynyň bazarlary we dükanlary ilat üçin öz döwrebap hyzmatlaryny ýerine ýetirýär. Azyk harytlarynyň bazarlarynda çörek we çörek önümleriniň, süýt önümleriniň, et, ýag, süýji-köke, miwe içgileriniň, mürepbeleriň, un, şeker we beýleki dürli azyk önümleriniň giň görnüşleri halka hödürlenýär. Bulardan başga-da azyk harytlarynyň bazarlarynda taýyn tagamlaryň we işdäaçarlaryň dürli görnüşleriniň satuwy ýola goýlan.
Ýanwar aýynyň dowam edýän şu günlerinde gök önümleriň, towuk etiniň hem-de towuk ýumurtgasynyň, balyk we balyk önümleriniň dürli görnüşleri-de azyk harytlarynyň bazarlarynda doly üpjün edilýär. Tropiki we ekzotiki ir-iýmişleriň bolelinligi hem ýurdumyzyň ilatynyň bu önümlere bolan isleglerini kanagatlandyrýar. Sary, gara kişmişler, erik, injir, alma ýaly miweleriň kişdeleri hem-de gawun kaklary-da gyş aýlarynda uly isleg bildirilýän azyk iýmitleri bolup durýar.
Paýtagtymyzyň «Teke» bazary, «Gülüstan» döwlet söwda merkezi, Altyn asyr «Gündogar» bazary, «Berketli» bazary, «Büzmeýin» bazary we «Berkarar» söwda-dynç alyş merkezi iň köp barylýan söwda nokatlary bolup durýar. Ahal welaýatynda «Gökdepe» bazary, «Ak bugdaý» bazary, «Bäherden» bazary ýaly bazarlar halk köpçüliginiň iň gelim-gidimli ýerleriniň biridir. Ir ertirden giç agşama çenli hereket edýän şeýle bazarlaryň hatarynda Balkan welaýatynyň 1-nji we 2-nji söwda bazarlaryny, «Daýhan» bazaryny we lomaý söwda bazarlaryny mysal görkezmek bolar. Lebap, Mary we Daşoguz welaýatlarymyzdaky köpugurly bazarlar hem-de Daýhan bazarlary-da şeýle köp adamly söwda nokatlary hökmünde tanalýar.
Indi ýurdumyzyň ähli hyzmat ediş merkezlerinde müşderiler isleseler «Altyn asyr» kartlarynyň üsti bilen, ýa bolmasa nagt görnüşinde hasaplaşyk geçip bilýärler. Söwda nokatlaryndaky hasaplaşyk terminallary söwda işlerini tiz we amatly amala aşyrmaga ýardam edýär. Şeýle uly mümkinçilikler bolsa, halkyň abadan, bolelin, rysgal-döwletli ýaşaýşynyň ýagty geljegini şöhlelendirýär.

Поделиться в соцсетях

Получать Рассылку