abuna new

otel reklama

ruhabat

Täze ýyl baýramynyň bellenilmegi bilen mekdep okuwçylarynyň gyşky dynç alyş möwsümi hem başlandy. Hormatly Prezidentimiziň çagalaryň döwrebap okap, bilim almaklary, sagdyn bolup ýetişmekleri, netijeli dynç almaklary üçin edýän taýsyz tagallalary netijesinde, ýurdumyzyň ähli ýerlerinde häzirki zaman bilim ojaklary, sport sagaldyş merkezleri, dynç alyş merkezleri gurlup, ol ýerlerde bagtyýar çagalaryň kämil nesiller bolup ýetişmekleri üçin ähli şertler döredilen. Şu günlerki dowam edýän gyşky dynç alyş möwsüminde hem çagalar sagaldyş merkezlerinde wagtlaryny hoş geçirýärler. Häzirki wagtda Gökderedäki sagaldyş merkezleriniň 14-sinde 7 müňden gowrak çagalar dynç alýarlar.
Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň «Ýaşlyk» sagaldyş merkezinde hem häzirki wagtda paýtagtymyzdan we welaýatlarymyzdan gelen çagalaryň 210-dan gowragy dynç alýar. Gyşky dynç alyş möwsüminde çagalar üçin bu ýerde gyzykly çäreler guralýar. Olar ajaýyp künjekde gezelençde bolýarlar we muzeýlere, paýtagtymyzyň ajaýyp künjeklerine syýahat edýärler.
Mundan başga-da mekdep okuwçylary çagalar merkezindäki sport toplumlarynda bedenterbiýe çärelerine gatnaşýarlar. Merkezlerde hereket edýän gurnaklarda bolsa ukyp-başarnyklaryny görkezýärler, mekdepde öwrenen daşary ýurt dilleri boýunça bilimlerini berkidýärler we kompýuter sowatlylygyny artdyrýarlar.
Sagaldyş merkeziniň konsert meýdançalarynda we zallarynda körpe artistleriň, ýaşajyk ýerine ýetirijileriň hem-de ýurdumyzyň döredijilik we teatr toparlarynyň işgärleriniň gatnaşmagynda medeni-köpçülikleýin çäreler yzygiderli guralýar. Merkeze dync almaga gelen cagalar 10-njy ýanwara çenli bu ýerde bolup, döwrebap dynç alarlar hem-de täze okuw möwsümine taýýarlyk görerler. Gyşky dynç alşy şadyýan geçirýän çagalar özleri hakynda edilýän aladalar, okamak, öwrenmek üçin döredilýän mümkinçilikler, bagtyýar dynç alyş we şatlykly pursatlar üçin Gahryman Arkadagymyza çäksiz alkyşlaryny aýdýarlar.

Поделиться в соцсетях

Получать Рассылку