abuna new

otel reklama

ruhabat

ruhabat

Aşgabat döwlet elektrik stansiýasy 2006-njy ýylda ulanyşa girizildi. Ol Aşgabadyň günorta böleginde ýerleşýär. Bu ýerde jemi kuwwatlylygy 254,2 MWt bolan iki sany gaz turbina desgasy gurnalandyr. 2007-nji ýylda bolsa, Daşoguz döwlet elektrik stansiýasy ulanyşa girizildi. Bu ýerde hem edil Aşgabat döwlet elektrik stansiýasyndaky ýaly jemi kuwwaty 254,2 MWt bolan iki sany gaz turbina desgasy gurnalan. Häzirki wagtda döwletimizde iň kuwwatly gaz turbinaly elektrik stansiýasy hasaplanýan Ahal döwlet elektrik stansiýasydyr. Bu stansiýa 2010-njy ýylda işe girizildi. Onda 254,2 MWt-a deň bolan iki sany gaz turbina desgasy gurnaldy. Ahal DES-niň gaz turbinalary diňe tebigy gazda işlemän, dizel ýangyjynda hem işleýärler. 2013-nji we 2014-nji ýyllarda dürli kuwwatlykly jemi 5 sany gaz turbinalarynyň işe girizilmegi bilen stansiýanyň umumy kuwwatlylygy 648,1 MWt-a deň boldy. Bu energetika desgasynyň gaz turbinalarynyň işleýşi ýaly, Awaza döwlet elektrik stansiýasynyň turbinalary hem tebigy gazda hem dizel ýangyjynda işläp bilýärler. Bu döwrebap desga 2010-njy ýylyň 12-nji aprelinde işe girizilip, onda jemi kuwwatlylygy 254,2 MWt-a deň bolan iki sany gaz turbinasy gurnaldy. Bu elektrik stansiýadan başga hem Balkan welaýatynda batly depgin bilen ösýän nebitgaz we himiýa toplumlaryny elektrik togy bilen ygtybarly üpjün etmek üçin 2010-njy ýylda Balkanabat döwlet elektrik stansiýasynda jemi kuwwaty 254,2 MWt bolan iki sany gaz turbina desgasy işe girizildi. Bu desgalaryň işe girizilmegi bilen Balkanabat döwlet elektrik stansiýasynyň bellenen kuwwatlylygy 380,6 MWt-a deň boldy. Mary döwlet elektrik stansiýasy türkmen energetikasynyň kerwenbaşysy bolup, onuň birinji energoblogy 1973-nji ýylda ulanyşa girizildi. 1987-nji ýylda onuň 8-nji energoblogynyň ulanyşa girizilmegi bilen stansiýanyň bellenilen kuwwaty 1685 MWt-a deň boldy.
Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanylan «Türkmenistanyň elektrik energetikasy pudagyny ösdürmegiň 2013-2020-nji ýyllar üçin konsepsiýasyna» laýyklykda Mary döwlet elektik stansiýasynyň çäklerinde jemi kuwwaty 146.7MWT bolan 3 sany gaz turbinalary, Ahal döwlet elektrik stansiýasynyň çäklerinde jemi kuwwaty 393.9 MWt bolan 5 sany gaz turbinalary, kuwwaty 149.2 MWt bolan täze Lebap döwlet elektrik stansiýasy, kuwwaty 254 MWt bolan täze Watan döwlet elektrik stansiýasy, kuwwaty 504,4 MWt bolan Derweze döwlet elektrik stansiýasy gurlup, energoulgamyň kuwwaty 1448.2 MWt artdyryldy.
Berkarar döwletimiziň Bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň sarp edijilerini elektrik energiýasy bilen ygtybarly we bökdençsiz üpjün etmek, Türkmen elektrik energiýasynyň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmak, elektrik energetikasy pudagyna döwrebap täze tehnologiýalary ornaşdyrmak maksady bilen, Mary Döwlet elektrik stansiýasynyň çäklerinde kuwwatlylygy 1574 Mwt bolan utgaşykly dolanyşykda işleýän elektrik stansiýasynyň we oňa barýan daşarky tebigy gaz we suw üpjünçilik ulgamlarynyň hem-de desgalarynyň taslamalaryny düzmek we ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmak barada Amerikanyň «General elektrik» kompaniýasy we Türkiýäniň «Çalyk Enerji» kompaniýasy bilen şertnama baglaşyldy. Gurluşyk işlerini 2015-nji ýylyň iýul aýynda başlap we desganyň 2018-nji ýylyň sentýabr aýynda hormatly Prezidentimiziň hut özüniň gatnaşmagynda açylyp ulanylmaga berilmegi türkmen halkymyzy has-da guwandyrdy.
Bu stansiýa özünde her biriniň kuwwatlylygy 263,5 MWt bolan 4 sany Amerikanyň «General Elektrik» kompaniýasynyň 9 FA kysymly gaz turbinalaryny we D 200 kysymly her biriniň kuwwatlylygy 260 MWt bolan 2 sany bug turbinalaryny, H 53 kysymly 4 sany bug gazanlaryny we kömekçi enjamlaryny özünde jemleýär. Şeýle hem öndüriljek elektrik energiýasy 500 kV we 220 kV güýjenmeli elektrik beketleri arkaly Türkmenistanyň bitewi elektrik ulgamyna berler.

Поделиться в соцсетях

Получать Рассылку