abuna new

otel reklama

ruhabat

ruhabat

Geçen hepdede ýurdumyzyň Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe bagyşlanyp, medeniýet hepdeligi geçirildi. Oňa ýurdumyzyň döredijilik we sungat işgärleriniň birnäçesi gatnaşdy. Medeniýet hepdeliginiň dowamynda etrabyň çäginde hereket edýän söwda we jemgyýetçilik iýmiti hyzmat ediş nokatlarynda bu ýere gelen medeniýet we sungat ussatlaryna hyzmatlar ýokary derejede ýerine ýetirildi. Şolaryň hatarynda Magtymguly etrap alyjylar jemgyýetleriniň birleşiginiň «Sumbar» restoranynyň aşpezleridir ofisiantlary-da myhmanlary lezzetli tagamlary bilen hezzetlediler. Gazetimiziň habarçylary hem medeniýet hepdeliginiň dowamynda ol ýerde bolup, eli süýji aşpezler bilen olaryň işleri dogrusynda söhbetdeş boldular.
— Bu ýyl akyldar şahyrymyzyň nazary düşen ýerlerinde, ýagny Magtymguly etrabynda medeniýet hepdeliginiň geçirilmeginiň uly many-mazmuny bar. Ýurdumyzy ösdürmek ugrunda uly aladalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen geçirilýän bu medeni-köpçülikleýin dabaralar Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe bagyşlanyp, şahyryň dogduk obasynda geçirildi. Medeniýet hepdeligine gatnaşmak üçin ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärleriniň ençemesi bu ýere geldiler. Hepdeligiň dowamynda restoranymyzda myhmançylykda boldular. Bilşimiz ýaly, türkmeniň islendik toý-dabarasynda gazanlar atarylyp, dürli tagamlar bişirilip, myhmanlara uly hormatlar edilýär. Bizem restoranymyza gelen myhmanlara her günde üç wagtyna, ýagny ertirlik, günortanlyk we agşamlyk naharlary bilen hyzmat etdik. Tagamlaryň ýany bilen işdäaçarlar, sowuk çaldyr aýran, şerbetler, miwe içgileri we çaýlar hem äberildi. Olaryň islegine laýyklykda dürli tagamlary bişirdik. Myhmanlar bizden örän hoşaldyklaryny aýdyp, uly sagbolsunlaryny aýtdylar.
Beýik ýeňişleriň, üstünlikleriň aňlatmasy bolan «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynda, medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de dana şahyrymyzyň doglan gününiň 295 ýyllygynyň şanyna geçirilýän medeniýet hepdeligi örän ruhubelentlikde geçdi. Muny restoranymyza gelýän medeniýet we sungat işgärleriniň wagtyhoşlugyndan, köňül joşundan aýdyň bilýärsiň. Elbetde, ýüregi şu topraga söýgüden, umumadamzat üçin terbiýeçilik ähmiýetli goşgularyň ylhamyndan dolup-daşan akyldaryň dogduk obasynda bolup, joşmazlyk, kalba ganat baglamazlyk mümkin däldir.
Ýurdumyzy bedew bady bilen ösüşleriň täze belentliklerine sary ynam bilen öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyza alkyşlarymyz çäksizdir. Goý, hormatly Prezidentimiziň jany sag, başy dik, ömri uzak bolsun. Il-ýurt bähbitli durmuşa geçirýän tutumly işleri rowaçlyklara beslensin!
Arkadagly ilimizde tutulýan toýlar toýlara ulaşsyn!

Поделиться в соцсетях

Получать Рассылку