abuna new

otel reklama

ruhabat

Ulanyjylaryň Bahalandyrmasy: 3 / 5

Ýyldyz AktiwÝyldyz AktiwÝyldyz AktiwÝyldyz Aktiw DälÝyldyz Aktiw Däl
 

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligiTürkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi döwlet dolandyryş edarasy bolup.

Ministrlik öz esasy wezipelerine laýyklykda, Türkmenistanyň içerki bazarynda haryt bolçulygyny üpjün etmek, ilata edilýän söwda we jemgyýetçilik iýmiti hyzmatlarynyň guralyşyny kamilleşdirmek, halk hojalygyny maddy-tehniki serişdeler bilen üpjün etmek, halkara ylalaşyklara laýyklykda, daşary ýurt bazarlarynda Türkmenistanyň döwlet bähbitleriniň berjaý edilmegini üpjün etmek boýunça iş alyp barýar.
Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi öz düzüminde söwda, önümçilik, üpjünçilik, hyzmat ediş kärhanalarynyň 200-den gowragyny jemleýär. Bu kärhanalar esasan şu işleri ýerine ýetirýärler:
Öz düzümindäki bazarlarda, söwda merkezlerinde, dükanlarda halkyň sarp edýän harytlarynyň bölek söwdasyny guramak;

Ýurdumyzyň halk hojalygyny, şeýle hem giň gerimde alnyp barylýan gurluşyklary zerur bolan serişdeler, gurluşyk materiallary, enjamlar we tehnika bilen üpjün etmek;

  • Öz garamagyndaky jemgyýetçilik iýmiti kärhanalarynda ilata hyzmat etmek;
  • Halkyň sarp edýän harytlaryny öndürmek we ýerlemek;Içerki bazaryn isleglerini doly üpjün etmek üçin Türkmenistanda öndürilmeýän harytlary daşary ýurtlardan satyn alyp getirmek;
  • Türkmenistanda öndürilen, daşarky bazarlara niýetlenen harytlary daşary ýurtlara ýerlemek;
  • Söwda, önümçilik, şeýle hem medeni-durmuş maksatly binalary we desgalary gurmak;
  • Eýeçiliginiň we guramaçylyk-hukuk gurluşynyň görnüşine garamazdan, kärhanalar hem-de hususy telekeçiler tarapyndan Türkmenistanyň çäklerinde söwda düzgünleriniň we kadalarynyň berjaý edilişine gözegçilik etmek.

Поделиться в соцсетях

Получать Рассылку