abuna new

otel reklama

ruhabat

ruhabat

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň çäginde döredilen Söwda we maýa goýum hyzmatdaşlygyna ýardam bermek boýunça Ýokary derejedäki toparyň ýedinji duşuşygy Aşgabat, Türkmenistan, 2019-njy ýylyň 3-4-nji iýuly. Şu ýylyň 4-nji iýulynda Aşgabatda, Söwda toplumynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň çäginde döredilen Söwda we maýa goýum hyzmatdaşlygyna ýardam bermek boýunça Ýokary derejedäki toparyň ýedinji duşuşygy boldy. Bu duşuşykda türkmen tarapyna Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministriniň orunbasary K.Aýdogdyýew, rus tarapyna bolsa, Russiýa Federasiýasynyň ykdysady ösüş ministriniň orunbasary M.Babiç ýolbaşçylyk etdiler. Duşuşykda söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmegiň, geljegi bar bolan bilelikdäki taslamalaryň, özara söwda gatnaşyklaryny kämilleşdirmekligiň, senagat ulgamynyň, energetikanyň, oba hojalygyň we balyk hojalygyň hem-de ylmy-tehniki gatnaşyklaryň meselelerine garaldy. Duşuşygyň dowamynda taraplar 2020-2022-nji ýyllar üçin Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň we Türkmenistanyň Hökmetiniň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygynyň Maksatnamasynyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşdylar.
Türkmen-rus gatnaşyklary öz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýar. Häzirki wagtda bolsa bu gatnaşyklar hil taýdan täze derejelere çykýar. Türkmen-rus gatnaşyklary elmydama hem birek-birege hormat goýmak, deňhukuklylyk, özara bähbitlilik ýörelgelerinden ugur alýar. Biziň ýurtlarymyz ähli ugurlar boýunça, daşary syýasat giňişliginde hem, sebitde hem-de dünýäde howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmek meselelerinde hem birek-biregi goldap çykyş edýär we halkara guramalaryň çäklerinde hyzmatdaşlygy artdyrýar diýip, duşuşyga gatnaşyjylar aýratyn nygtap geçdiler. Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň çäklerinde gazanylýan ylalaşyklar, alnyp barylýan hyzmatdaşlyklar, öňe sürülýän teklipler iki ýurduň gülläp ösmeginde aýratyn uly ähmiýete eýedir. Hut şu hyzmatdaşlyklaryň netijesinde hem iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklar yzygiderli ýokary derejelere eýe bolýar. Mysal üçin, biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky daşary söwda dolanyşygynyň 2019-njy ýylyň bäş aýynda 50% artandygyny, bu ösüşiň Türkmenistandan Russiýa Federasiýasyna eksportyň hasabyna 2,4 esse, Russiýadan Türkmenistana importyň hasabyna bolsa 12% artandygyny kanagatlanma bilen bellenilip geçildi. Şeýle-de duşuşygyň dowamynda iki ýurduň söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň geljekki mümkinçilikleri barada pikir alyşyldy.
Duşuşykda söwda-ykdysady gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösmegine ýardam berýän şertleriň we faktorlaryň ösdürilmegi, şol sanda Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky birek-birege iberilýän harytlardan salgyt ýygnamak meselelerini kämilleşdirmek boýunça hem anyk wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň aktual meseleleri boýunça wideokonferensiýalary geçirmegiň wajyplygyna üns çekildi. Taraplar 2019-njy ýyldaky özara söwda gatnaşyklarynyň jemi boýunça statistiki maglumatlary deňeşdirmek üçin bilermenleriň duşuşygyny 2020-nji ýylyň ikinji çärýeginde geçirmäge isleg bildirdiler. Şeýle-de 2020-2022-nji ýyllar üçin Russiýa Federasiýasynyň Hökümeti bilen Türkmenistanyň Hökümetiniň arasynda ykdysady hyzmatdaşlyk Maksatnamasynyň taslamasy boýunça geljekki alnyp barylmaly işler aýdyňlaşdyryldy.
Duşuşyga gatnaşyjylar 2018-nji ýylyň 12-nji awgustynda Hazaryň hukuk derejesini kesgitleýän Konwensiýa gol çekilmegi bilen Hazar deňzi boýunça hyzmatdaşlygyň täze mümkinçilikleriniň açylýanlygyna aýratyn ähmiýet berdiler. Şu ýylyň 12-nji awgustynda «Awaza» Milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Birinji Hazar ykdysady forumynda hem Hazarýaka döwletleri bilen energetika, ulag-logistika, ekologiýa we başga ugurlar boýunça hem hyzmatdaşlygy ýola goýmaga teklipler öňe sürler diýlip, duşuşykda bellenildi.
Duşuşygyň ahyrynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň çäginde döredilen Söwda we maýa goýum hyzmatdaşlygyna ýardam bermek boýunça Ýokary derejedäki toparyň ýedinji duşuşygynyň beýanyna gol çekildi. Ýokary derejedäki toparyň sekizinji duşuşygy 2020-nji ýylyň birinji ýarymynda Moskwa şäherinde geçiriler.

Поделиться в соцсетях

Получать Рассылку