abuna new

otel reklama

ruhabat

ruhabat

4-nji iýulda paýtagtymyzyň «Arçabil» myhmanhanasynda senagat nusgalaryny goramagyň meseleleri boýunça iki günlük okuw maslahaty işini tamamlady. Ol Bütindünýä intellektual eýeçiligi guramasy tarapyndan Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň intellektual eýeçiligi baradaky döwlet gullugy bilen bilelikde guraldy.
Foruma Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň, ýurdumyzyň telekeçilik ulgamynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de beýlekiler çagyryldy. Forumyň işine Bütindünýä intellektual eýeçiligi guramasyndan halkara bilermen hökmünde maglumat meseleleri boýunça uly geňeşçi Mihail Faleýew gatnaşdy.
Bütindünýä intellektual eýeçiligi guramasy Birleşen Milletler Guramasynyň edarasy bolup, ylymda, ykdysadyýetde innowasiýalary we döredijiligi höweslendirmegiň serişdesi hökmünde intellektual eýeçiligi peýdalanmagyň meseleleri (patentler, awtorlyk hukugy, harytlyk nyşanlar, nusgalar we ş.m.) bilen meşgullanýar.
Türkmenistan Bütindünýä intellektual eýeçiligi guramasyna 1995-nji ýylda girip, degişli konwensiýa goşuldy, Senagat nusgalaryny halkara hasaba almagyň Gaaga ulgamyna bolsa 2016-njy ýylda girdi.
Forumyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek babatda pikirlerini aýtdylar, bu meselede Bütindünýä intellektual eýeçiligi guramasy hem-de beýleki halkara düzümler bilen netijeli tejribe alşylmagyny ösdürmäge ymtylmalaryny beýan etdiler.

Поделиться в соцсетях

Получать Рассылку