abuna new

otel reklama

ruhabat

ruhabat

Daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan önümçiligiň giň gerimde ýola goýulmagynyň hem-de dürli maksatnamalaryň durmuşa geçirilmeginiň netijesinde, milli ykdysadyýetimiz durnukly ösüş depginine eýe bolýar. Milli ykdysadyýetimiziň käbir pudaklarynda önüm öndürmek we hyzmatlary etmek boýunça gowy netijeler gazanyldy. Bu bolsa, jemi içerki önümiň ösüşini 6,2 göterime ýetirmäge mümkinçilik berdi. Döwlet býujetiniň girdejileri köpeldi. Şeýlelikde, ortaça aýlyk zähmet haklaryny ýokarlandyrmaga şert döredi. Milli manadymyzyň hümmeti hem bellenen derejede durnukly saklanylýar.
Ýurdumyzyň ösüşiniň ýokary depginde saklanylmagy milli Liderimiziň alyp barýan öňdengörüjilikli ykdysady syýasatynyň hem-de durmuşa geçirýän giň gerimli özgertmeler maksatnamalarynyň çäklerinde amala aşyrylýar. Importuň möçberiniň yzygiderli azalmagy ýurdumyzda daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan önümçilikleriň giň gerimde ýaýbaňlandyrylmagynyň hasabyna amala aşyrylýar.
Milli ykdysadyýetimiziň ösüş depginine ýurdumyzyň hususy pudagynyň wekilleriniň hem goşandy uludyr. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary milli ykdysadyýetimiziň ösüş depginini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, türkmen halylaryny, haly önümlerini, milli äheňdäki sowgatlyk we dokma önümlerini dünýä bazaryna çykarmak üçin netijeli işleri alyp barýarlar.
Ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda zähmet çekýän işewürlerimiz önümçilik ulgamyny ösdürmekde, esasan hem, ýerli çig maly we öňdebaryjy tehnologiýalary peýdalanmak bilen, döwrebap kärhanalary, şol sanda maldarçylyk we guşçulyk toplumlaryny, ýyladyşhanalary gurup, önümçilik binýadyny güýçlendirmegiň hötdesinden geldiler. Olar azyk we halkyň sarp edýän harytlarynyň, mebel, haly önümleriniň, ýuwujy serişdeleriň, plastmas, polietilen önümleriniň, gurluşyk materiallarynyň, öý hojalyk tehnikalarynyň, şeýle hem täze pudak bolan elektron we elektrotehniki harytlaryň hem-de beýleki daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilikleri ýola goýup, içerki bazarlary öz harytlarymyz bilen üpjün etdiler.
Türkmen telekeçileriniň öndürýän ýokary hilli, bäsleşige ukyply önümlerine daşary ýurt bazarlarynda hem uly isleg bildirilýär. Bu bolsa ýurdumyzyň eksport mümkinçiliklerini artdyrmaga ýardam berýär. Şeýle batly gadamlar milli ykdysadyýetimiziň ösüşlerini has-da belent sepgitlere ýetirýär. Ýurdumyzyň ösüşleriniň hem-de özgerişlikleriniň başynda duran hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Поделиться в соцсетях

Получать Рассылку

DMC Firewall is developed by Dean Marshall Consultancy Ltd