abuna new

otel reklama

ruhabat

ruhabat

Her ýylyň awgust aýynda talyplyk telwasy bilen ýürekleri ganat baglaýan ýaşlar ýokary okuw jaýlarynyň, orta hünär okuw mekdepleriniň we hünärment mekdepleriniň bosagasynda. Kimsi eýýäm ýürek tolgundyryjy synaglardan geçen bolsa, kimsi synaglaryň aljyraňňylygyny başdan geçirip ýör. Söwda ugrundan höwesek ýaşlar bolsa, Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Söwda-kooperatiw mekdebine resminamalaryny tabşyrýarlar.
Entek resminamalaryň kabul edilşiginiň tamamlanmagyna 5 gün galan-da bolsa, ýetginjekler okuw resminamalaryny taýýarlap, tabşyrmaga gyssanýarlar. Elbetde, soňra bolsa, synaglaryň kalbyňy gobsundyryjy günleri başlanar...
Ýurdumyzda ýaşlaryň ýokary bilimli, giň dünýägaraýyşly, islendik meselede dürs pikirlenip, dogry netije çykaryp bilýän, düşünjeli hünärmenler bolup ýetişmekleri ugrunda bimöçber tagallalar edilýär. Dürli ugurlardan hünär taýýarlygyny berýän okuwlaryň sany hem gitdigiçe artýar. Diňe munuň bilen çäklenmän, eýsem, daşary ýurtlaryň hem birnäçesinde ýokary bilim almak üçin ähli şertler döredilendir. Bu bolsa, ýaşlaryň eziz Diýarymyzyň ösüşlerine mynasyp goşandyny goşup bilmek mümkinçiligini has-da artdyrýar. «Bir okana, bir dokana» diýen ata-babalarymyz bu babatda bir kesbi bolanyň hor bolmajagyny aýdyp geçipdirler.
Mekdebiň söwda işlerine degişli 4 sany ugry bolup, olar Buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit, Ykdysadyýet we meýilnamalaşdyryş (pudaklar boýunça), Harytçylyk we sarp ediş harytlarynyň hilini seljermek, Jemgyýetçilik iýmitiniň önümleriniň tehnologiýasy hünärlerinden ybaratdyr. Giriş synaglary ähli hünärler boýunça matematika, Türkmenistanyň taryhy, jemgyýeti öwreniş derslerinden geçirilýär.
Beýleki okuw jaýlarynda bolşy ýaly, Söwda-kooperatiw mekdebine Türkmenistanyň umumy orta bilimli, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär. Okuwyň möhleti 2 ýyl we tölegli.
Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek 2019-njy ýylyň awgust aýynyň 13 — 14-i, 16-sy we 17-si günlerinde Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Söwda-kooperatiw mekdebinde (Aşgabat ş.) geçirilýär.
Heýjanly kalplary tolgunma duýgusyndan dolup-daşýan ýaşlara giriş synaglarynda uly üstünlikler ýaran bolsun!
Söwda-kooperatiw okuw mekdebine okuwa girmek isleýän ýaşlara resminamalaryň kabul edilýän günleriniň barha azalýanlygyny ýatladýarys! Howlugyň!

Поделиться в соцсетях

Получать Рассылку

DMC Firewall is developed by Dean Marshall Consultancy Ltd