abuna new

otel reklama

ruhabat

ruhabat

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwlet maksatnamalarynyň, meýilnamalaryň jemi 70-e golaýy kabul edildi we häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda üstünlikli amala aşyrylýar.
Milli ykdysadyýetimizi örän çalt depginler bilen diwersifikasiýalaşdyrmak arkaly import harytlaryň ornuny tutýan ýerli harytlaryň önümçiligi giň gerim bilen ýola goýulýar. Şeýle hem Türkmenistanda öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmak boýunça Döwlet Maksatnamasy üstünlikli amala aşyrylýar. Bäsleşige ukyply, ylmyň we tehnikanyň iň täze gazananlaryny özünde jemleýän senagat kärhanalary, zawodlar we fabrikler gurulýar.
Bazar gatnaşyklary şertlerinde, hususy telekeçilik döwlet goldawynyň berilmegi esasynda milli ykdysadyýetimize giňden ornaşdyrylýar we durmuş ulgamy çalt depginler bilen ösdürilýär. Dünýä döwletleri bilen söwda, maýa goýum hyzmatdaşlyklarynyň ösmegi, ähli pudaklarda gazanylýan ykdysady üstünlikler, oba hojalygynda geçirilýän beýik özgertmeler ilatyň ýaşaýyş şertleriniň barha ýokarlanmagynda uly ähmiýete eýedir.
Ýurdumyzda täze ýola goýulýan sanly ykdysadyýetiň, internet dükanlarynyň, elektron söwdalarynyň we elektron hasaplaşyklar ulgamynyň işläp başlamagy söwda pudagynyň ösmegine we hil derejesiniň ýokarlanmagyna ýardam berýär. Maksatnamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagy boýunça geçirilýän çäreleriň netijesinde daşary söwdada oňyn aratapawudyň bolmagy gazanyldy. Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň azalmagy we önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberiniň artmagynyň hasabyna geçen ýyl eksport importdan 2 esseden hem ýokary boldy.
Söwda ulgamynda geçirilýän özgertmeler, sarp ediş bazarynda harytlaryň we hyzmatlaryň görnüşini köpeltmäge, hilini ýokarlandyrmaga ýardam berýär. Söwda dolanyşygyny ýokarlandyrmak, söwdanyň medeniýetini ösdürmek üçin Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň garamagyndaky ähli edara-kärhanalarda iş netijeliligini ýokarlandyrmak hem-de tertip düzgüni berkitmek boýunça yzygiderli işler geçirilýär. Bazarlaryň, söwda dükanlaryň azyk we azyk däl harytlar bilen üpjünçiligini yzygiderli saklamak boýunça anyk wezipeler kesgitlenip, olaryň amala aşyrylmagy gözegçilikde saklanylýar. Bu bolsa ösen ykdysadyýetli ýurdumyzda ilatyň bolelin durmuşyny üpjün edýär.
Birinji Hazar ykdysady forumynyň üstünlikli geçmegi geljekde söwda-ykdysady gatnaşyklarymyzy has-da ösdürer. Bu forumyň dowamynda Hazar innowasion tehnologiýalar halkara sergisiniň geçirilmegi bolsa, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny, önümçilik mümkinçiliklerimizi dünýä görkezdi.
Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Demokratik Partiýasynyň ilkinji guramasy hormatly Prezidentimiziň öňümizde goýan wezipelerini durmuşa geçirmek üçin tassyklanan meýilnama laýyklykda, söwda kärhanalarynda wagyz-nesihat duşuşyklaryny geçirýär.
Türkmen topragy Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi bolmak bilen dünýä siwilizasiýasynyň genji-hazynasyna ägirt uly goşant goşupdyr. Türkmen halkynda «Öň akan ýerinden akarmyş aryk» diýen ýagşy pähim bar. Hormatly Prezidentimiziň halk bilen maslahatly ýöredýän içerki we daşarky parasatly syýasaty netijesinde «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynda-da milli ykdysadyýetimiziň geljek ýyllarda-da çalt depginler bilen ösjekdigine, halkyň hal-ýagdaýynyň, durmuş derejesiniň ýokarlanjakdygyna ynamy berkidýär. Biziň gazanan iň uly üstünliklerimiz parahatçylyk, abadançylyk we bagtyýar durmuşdyr!
Watan mukaddesdir, Watanyň öňünde biziň hemmämiz borçludyrys.
Watanymyzyň halkara abraýyny ýokarlandyryp, işlemäge we döretmäge giň mümkinçilikleri döredýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli, asylly işleri rowaç bolsun!

Поделиться в соцсетях

Получать Рассылку

DMC Firewall is a Joomla Security extension!