abuna new

otel reklama

ruhabat

ruhabat

Ýurdumyzyň orta okuw mekdeplerine 2019-2020-nji okuw ýylynda 1-nji synpa barýan körpejeler öwrediji kompýuterler bilen üpjün edildi. Öwrediji kompýuterleri Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Kompýuter tilsimaty merkeziniň «Agzybirlik tilsimaty» bilelikdäki kärhanasynda taýýarlandy.
Türkmenistanda kompýuter tehnikasyny öndürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady gatnaşyklar ministrliginiň Kompýuter tilsimaty merkezi hem-de Hytaýyň «Hengsheng Lianhua Investment Management Co. Ltd.», «Tongfang Hongkong Limited» öňdebaryjy kompaniýalary bilen bilelikde «Agzybirlik tilsimaty» bilelikdäki kärhanasy döredildi.
«Agzybirlik tilsimaty» bilelikdäki kärhanasynda ýokary derejeli hünärmenler zähmet çekýärler. Häzirki wagtda kärhanada «Tongfang Hongkong Limited» kompaniýasynyň düýbüni tutujy bolup çykyş edýän Hytaýyň iň öňdebaryjy «Tsinghua University» tarapyndan sertifikatlaşdyrylan kompýuter tehnikalaryny öndürýärler.
Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň çykaran Kararyna laýyklykda, çagalar üçin öwrediji 80000 sany kompýuter öndürildi we Türkmenistanyň Bilim ministrligine öz wagtynda gowşuryldy. Kompýuterler türkmen, rus we iňlis dillerinde bolup, olar 198 sany dürli öwrediji funksiýalary ýerine ýetirýär.
Şu günki gün bilelikdäki kärhanada personal kompýuterleriň, monobloklaryň, planşetleriň we noutbuklaryň önümçiligini ýola goýmak işleri alnyp barylýar. Öndürilmeli kompýuter tehnikalary ähli halkara standartlaryna gabat getiriler. Bilelikdäki kärhana öz söwda belgileri bilen personal kompýuterleri 2019-njy ýylyň noýabr-dekabr aýlarynda goýberip başlamagy meýilleşdirýär.
Tehnologiýa, tehnika önümçiliginiň ýylsaýyn uly ösüşlere beslenýändigi durmuşa geçirilýän işlerden hem anyk görünýär. Bularyň bary «Agzybirlik tilsimaty» bilelikdäki kärhananyň öz işini ýurdumyzyň elektron senagatyny üstünlikli ösdürmek boýunça Döwlet maksatnamasynda göz öňünde tutulan maksatlary amala aşyrmaga gönükdirendigini äşgär edýär.

Поделиться в соцсетях

Получать Рассылку

Our website is protected by DMC Firewall!