abuna new

otel reklama

ruhabat

ruhabat

1-nji sentýabr — güýzüň ilkinji bu güni ýurdumyzda Bilimler we talyp ýaşlar güni uly joşgun bilen bellenilip geçilýär. Ine, bu ýyl hem, ýagny 2019 – 2020-nji okuw ýyly hem 6 ýaşly 1-nji synpyň okuwçylary mekdep dünýäsine gadam basan bolsa, talyp bolmak arzuwy wysal bolan ýaşlar begenç duýgusy bilen, ýokary okuw mekdepleriniň bosagasyna gadam basdylar.

Düýn ir säher bilen mekdeplere sary ýetmäge howlugyp barýan ýaşlary synlap, bilime teşne ýaşlaryň begenjine begendik.Hawa, mälim bolşy ýaly, düýn ýurdumyzyň ähli sebitinde Bilimler we talyp ýaşlar güni uly ruhublenetlikde toýlandy. Ähli bilim edaralarynda ilkinji okuw sapaklary şu ýylyň «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýen şygaryna bagyşlandy.
Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde türkmen ýaşlarynyň dünýä ülňülerine laýyk gelýän derejede bilim almaklary üçin ähli şertler döredilýär. Paýtagtymyz Aşgabatda we ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda täze, döwrebap ýokary, orta we orta hünär okuw mekdepleri, çagalar baglary gurlup, ulanmaga berilýär. Okuwçylary okatmakda dünýäniň iň kämil enjamlarynyň kömegi bilen täze usulyýetler ulanylýar. Şolaryň arasynda multimedia tagtasyny, okatmagyň interaktiw usullaryny bellemek bolar.
Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen häzirki wagtda ýurdumyzyň ýaş nesli hakyndaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Innowasion bilim strategiýasynyň çäklerinde okuwyň hilini we mugallymlaryň hünärini ýokarlandyrmak boýunça maksada gönükdirilen işler alnyp barylýar. Bilim pudagynyň maddy-üpjünçilik binýady hem yzygiderli berkidilýär.
1-nji synplara kabul edilen çagalara okuw kitaplary we esbaplary bilen birlikde, şahsy kompýuterler sowgat berildi. Ýurdumyzyň bilim ojaklarynyň okuw otaglarynyň ählisi zerur enjamlar we görkezme esbaplary bilen üpjün edilen.
Täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen, ähli ýaşlary tüýs ýürekden gutlaýarys! Täze okuw ýylyňyz düşümli bolsun!

Поделиться в соцсетях

Получать Рассылку

DMC Firewall is developed by Dean Marshall Consultancy Ltd