abuna new

otel reklama

ruhabat

ruhabat

TERTIBI

I bap. Umumy düzgünler

1. Şu Türkmenistanyň çäginde ýerleşýän söwda obýektleriniň Döwlet söwda sanawynyň ýöredilmeginiň we Döwlet söwda sanawyndan maglumatlaryň berilmeginiň Tertibi (mundan beýläk — Tertip) «Söwda işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 21-nji maddasyna laýyklykda işlenilip taýýarlanyldy hem-de Türkmenistanyň çäginde ýerleşýän söwda obýektlerini Döwlet söwda sanawynda hasaba almagyň, olaryň sanawynyň ýöredilmeginiň we olary sanawdan çykarmagyň, şeýle-de Döwlet söwda sanawyndan maglumatlary bermegiň tertibini düzgünleşdirýär.
2. Döwlet söwda sanawy eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, Türkmenistanyň çäginde ýerleşýän söwda obýektler we jemgyýetçilik iýmiti hyzmatlary amala aşyrylýan obýektler (mundan beýläk — söwda obýektleri) hakynda maglumatlary özünde jemleýän ýeke-täk maglumat ulgamy bolup durýar.
3. Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi (mundan beýläk – Ministrlik) hasaba alynmaga degişli söwda obýektlerini Döwlet söwda sanawynda hasaba alýar, söwda obýektleriniň sanawyny ýöredýär we olary sanawdan çykarýar, şeýle hem Döwlet söwda sanawyndan maglumatlary berýär.
4. Döwlet söwda sanawyna şu Tertibe 1-nji goşunda laýyklykda ýöredilýär we ony ýöretmegiň esasy maksatlary şular bolup durýar:
1) ýurdumyzyň ilatynyň sarp ediş harytlaryna we söwda hyzmatlaryna bolan isleglerini doly kanagatlandyrmak;
2) döwrebap tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak arkaly söwda hyzmatlarynyň guralyşyny we ýerine ýetirilişini kämilleşdirmek;
3) Ministrlik tarapyndan söwda babatda ýeke-täk döwlet syýasatyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde söwda işiniň döwlet tarapyndan netijeli düzgünleşdirilmegini amala aşyrmak;
4) Türkmenistanyň söwda pudagyny ösdürmegiň, şeýle-de ýurdumyzyň sebitlerini ösdürmegiň maksatnamalary işlenip taýýarlananda ilatyň söwda hyzmatlary bilen üpjünçiligi babatda hakyky maglumatlardan ugur almak;
5) ilatyň söwda obýektleriniň meýdany bilen üpjün edilişine baha bermek we bu babatda kadalaryň berjaý edilmegini gazanmak;
6) Türkmenistanyň çäginde ýerleşýän söwda obýektleriniň döwlet tarapyndan ýeke-täk hasabyny we maglumatlar binýadyny, şeýle hem olar hakynda maglumatlaryň üýtgemeginiň hasabyny ýöretmek.
5. Türkmenistanyň ýuridik şahslaryna, ýuridik şahsy döretmezden telekeçilik işi bilen meşgullanýan fiziki şahslaryna, Türkmenistanyň dahyllysy bolmadyk ýuridik şahslaryna (olaryň şahamçalaryna, wekilhanalaryna we beýlekilere), daşary ýurtlaryň ýuridik we fiziki şahslaryna, şeýle hem daşary ýurtlaryň ýuridik we fiziki şahslarynyň gatnaşmagynda döredilen kärhanalara (mundan beýläk — söwda işiniň subýektleri) degişli söwda obýektleriniň Döwlet söwda sanawynda hasaby ýöredilmäge degişlidir.
6. Döwlet söwda sanawynda söwda obýekti hökmünde söwda merkezleri, dükanlar, pawilonlar, bazarlar, jemgyýetçilik iýmiti hyzmatlary edilýän nokatlar hasaba alynmaga degişli bolup, olar binagärlik-gurluşyk häsiýetlerine baglylykda — hemişelik durýan obýektler
bolmalydyr.
Baýramçylyklar, şanly seneler mynasybetli, köpçülikleýin çärelerde, şeýle hem möwsümleýin guralýan göçme söwda nokatlary, sergi-ýarmarkalar Döwlet söwda sanawynda hasaba alynmaga degişli däldir.
7. Döwlet söwda sanawy onda hasaba alynýan söwda obýektleriniň görnüşlerine laýyklykda, aýry-aýry bölümlerden ybarat bolup, bu bölümlerdäki maglumatlar bir bitewi maglumat goruny düzýär.

II bap. Söwda işiniň subýektinden resminamalary kabul etmegiň, olara garamagyň hem-de söwda obýektini Döwlet söwda sanawynda hasaba almak ýa-da hasaba almakdan ýüz döndermek hakynda çözgüdi kabul etmegiň tertibi

8. Söwda obýektlerini Döwlet söwda sanawynda hasaba almak üçin, söwda işiniň subýektleri tarapyndan Ministrligiň Döwlet söwda gözegçiligi gullugyna ýa-da onuň ýerli bölümlerine (mundan beýläk - Döwlet söwda gözegçiligi gullugy (onuň ýerli bölümleri) şu aşakdaky resminamalar berilýär:
1) Söwda obýekti hakynda maglumatlary Döwlet söwda sanawyna girizmek (hereket ediş möhletini uzaltmak) barada arza (şu Tertibe 2-nji goşundy);
2) ýuridik şahs üçin — esaslandyryjy resminamalaryň bellenilen tertipde tassyklanylan nusgalary, Türkmenistanyň ýuridik şahslarynyň ýeke-täk döwlet sanawyndan göçürmesi, onuň ynanylan wekiline berlende wekiline berlen ynanç haty;
3) fiziki şahs üçin — hususy telekeçi hökmünde döwlet tarapyndan bellige alnandygy hakynda resminamanyň bellenilen tertipde tassyklanylan nusgasy we onuň pasportynyň ýa-da şahsyýetini tassyklaýan beýleki resminamasynyň nusgasy;
4) statistiki edaralarynyň berýän maglumat haty;
5) Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň, ýangyn howpsuzlygy gullugy edaralarynyň degişli netijenamalarynyň (kepilnamalarynyň) nusgalary;
6) söwda obýektiniň kärende şertnamasy (bir ýyldan az bolmadyk möhlete baglaşylan) ýa-da söwda obýektine eýeçilik hukugy hakynda resminama, ýer böleginiň kärendesiniň ýa-da ýaşalmaýan jaýlaryň söwda obýekti üçin ulanylmagy barada şertnamalar.
Şu bölekde görkezilen resminamalardaky maglumatlaryň takyklygyna söwda işiniň subýektleri Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilik çekýärler.
9. Resminamalar döwlet dilinde beýan edilmelidir. Daşary ýurt maýa goýumlary bolan söwda işiniň subýektleri resminamalary daşary ýurt dilinde tabşyryp bilerler, şunda olaryň ýanyna Türkmenistanyň çägindäki terjime edaralary tarapyndan bellenilen tertipde tassyklanan döwlet dilindäki terjimesi goşulýar.
10. Döwlet söwda gözegçiligi gullugy (onuň ýerli bölümleri) söwda obýektini Döwlet söwda sanawynda hasaba almak üçin şu Tertibiň sekizinji böleginde görkezilen resminamalary kabul edýär we bu barada Döwlet söwda gözegçiligi gullugynda (onuň ýerli bölümlerinde) ýöredilýän degişli hasaba alyş kitabynda ýazgy edýär.
11. Döwlet söwda gözegçiligi gullugy (onuň ýerli bölümleri) şu Tertibiň sekizinji böleginde görkezilen resminamalaryň gelip gowşan gününden başlap, 10 (on) iş gününiň dowamynda şol resminamalara seljerme işlerini geçirip, onuň netijesi barada netijenama düzüp degişli hat bilen Ministrlige iberýär.
Zerur bolan ýagdaýlarda, resminamalarda görkezilen maglumatlaryň ygtybarlylygyny anyklamak maksady bilen, şol söwda obýektine baryp görmek arkaly seljeriş işleri geçirilýär.
12. Söwda obýekti barada şu Tertibiň on birinji bölegine laýyklykda, Döwlet söwda gözegçiligi gullugynyň (onuň ýerli bölümleriniň) iberen netijenamasy boýunça Ministrlik tarapyndan degişli hat bilen netijenamanyň gelip gowşan gününden başlap, 3 (üç) iş gününiň dowamynda söwda obýektini Döwlet söwda sanawynda hasaba almak ýa-da hasaba almakdan ýüz döndermek hakynda çözgüt kabul edilýär.
13. Ministrlik tarapyndan söwda obýektini Döwlet söwda sanawynda hasaba almak hakynda çözgüt kabul edilen ýagdaýynda, şol söwda obýekti Döwlet söwda sanawyna girizilýär hem-de söwda işiniň subýektine 2 (iki) iş gününiň dowamynda Söwda obýektiniň Döwlet söwda sanawyna girizilendigi barada şahadatnama (mundan beýläk — Şahadatnama, şu Tertibe 3-nji goşundy) resmileşdirilýär we Döwlet söwda gözegçiligi gullugynyň (onuň ýerli bölümleriniň) üsti bilen söwda işiniň subýektine gowşurylýar. Döwlet söwda gözegçiligi gullugy (onuň ýerli bölümleri) tarapyndan ýöredilýän «Şahadatnamalary hasaba alyş kitabynda» şahadatnamalaryň gowşurylandygy barada söwda işiniň subýektine gol çekdirmek bilen bellik edilýär.
Şahadatnama Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri tarapyndan gol çekilýär we ministrligiň möhri bilen tassyklanylýar. Berlen her bir Şahadatnamada söwda obýektiniň Döwlet söwda sanawynda hasaba alnan belgisi görkezilýär. Söwda obýektiň Döwlet söwda sanawynda hasaba alnan belgisi, şol söwda obýektiniň Döwlet söwda sanawyna girizilen tertip belgisinden emele gelýär.
14. Ministrlik tarapyndan şu aşakdaky ýagdaýlarda söwda obýektini Döwlet söwda sanawynda hasaba almakdan ýüz döndermek hakynda çözgüt kabul edilýär:
1) söwda obýektini hasaba almak üçin şu Tertibiň sekizinji bölegine laýyklykda berlen resminamalarda görkezilen maglumatlaryň hakykata laýyk gelmeýändigi ýüze çykarylanda;
2) söwda obýekti we/ýa-da söwda obýektiniň ýerleşýän ýeri we/ýa-da onda söwda işiniň guralyşy Türkmenistanyň kanunçylygynyň talaplaryna laýyk gelmedik ýagdaýynda;
3) Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenilen beýleki halatlarda.
Söwda obýektini Döwlet söwda sanawynda hasaba almakdan ýüz döndermek hakynda çözgüt çykarylan gününden başlap, 2 (iki) iş gününiň dowamynda Söwda obýekti hakyndaky maglumatlary Döwlet söwda sanawyna girizmekden ýüz dönderlendigi hakynda habar (şu Tertibe 4-nji goşundy) Döwlet söwda gözegçiligi gullugynyň (onuň ýerli bölümleriniň) üsti bilen söwda işiniň subýektine berilýär.
15. Döwlet söwda sanawynda saklanylýan maglumatlar Ministrlik tarapyndan gyzyklanýan taraplara olaryň ýüztutmasy esasynda muzdsuz berilýär.

III bap. Söwda işiniň subýektine Döwlet söwda sanawynda hasaba alnan söwda obýekti barada berlen şahadatnamanyň hereket ediş möhletini uzaltmak, şeýle hem şahadatnamany gaýtadan bermek

16. Söwda işiniň subýektine Döwlet söwda sanawynda hasaba alnan söwda obýekti barada berlen Şahadatnamanyň hereket ediş möhleti 3 (üç) ýyl hasaplanylýar.
17. Berlen Şahadatnamanyň möhleti söwda obýektiniň hasaba alnan gününden beýläk hasaplanylýar.
Şahadatnamanyň hereket ediş möhleti, onuň tamamlanan gününden beýläk 3 (üç) ýyl möhlete uzaldylýar.
18. Şahadatnamanyň hereket ediş möhletiniň tamamlanan ýagdaýynda, söwda işiniň subýektleri üçin şahadatnamanyň hereket ediş möhletini uzaltmak hökmany amal bolup durýar.
19. Söwda işiniň subýekti şahadatnamanyň hereket ediş möhletiniň tamamlanmagyna bir aý galanda, Döwlet söwda gözegçiligi gullugyna (onuň ýerli bölümlerine) Şahadatnamanyň hereket ediş möhletini uzaltmak barada arza bilen şu Tertibiň sekizinji böleginde görkezilen resminamalary berýär. Şahadatnamanyň möhletini uzaltmak söwda obýektini Döwlet söwda sanawynda hasaba almagyň tertibine laýyklykda amala aşyrylýar.
20. Söwda işiniň subýektiniň Şahadatnamasy ýitirilende, ogurlananda, ulanyp bolmajak derejede zaýalananda ýa-da berlen şahadatnamanyň ýok bolan beýleki ýagdaýlarynda şahadatnamany gaýtadan almak üçin söwda obýektiniň ýerleşýän ýerindäki Döwlet söwda gözegçiligi gullugyna (onuň ýerli bölümlerine) Söwda obýektiniň Döwlet söwda sanawyna girizilendigi barada Şahadatnamany gaýtadan bermek hakynda arza (şu Tertibe 5-nji goşundy) bilen ýüz tutýar. Döwlet söwda gözegçiligi gullugy (onuň ýerli bölümleri) gaýtadan şahadatnama almak üçin ýüz tutan söwda işiniň subýektiniň arzasyny gelip gowşan gününden başlap, 3 (üç) iş gününiň dowamynda seljerip, onuň netijesi barada degişli hat bilen Ministrlige iberýär. Gaýtadan şahadatnama bermek barada Döwlet söwda gözegçiligi gullugy (onuň ýerli bölümleri) tarapyndan iberlen degişli hat bilen netijenamanyň gelip gowşan gününden başlap, 2 (iki) iş gününiň dowamynda Ministrlik gaýtadan şahadatnama bermek hakynda çözgüt kabul edýär. Şahadatnama Döwlet söwda gözegçiligi gullugynyň (onuň ýerli bölümleriniň) üsti bilen söwda işiniň subýektine gowşurylýar.
21. Şahadatnama gaýtadan berlende öňki şahadatnamadaky degişli bellikler geçirilýär we oňa «gaýtadan» diýip bellik edilýär. Ýitirilen we ogurlanan şahadatnama gaýtadan şahadatnama berlen gününden hakyky däl diýlip hasap edilýär.

IV bap. Döwlet söwda sanawyndaky söwda obýektleri hakynda maglumatlara üýtgetmeleri, goşmaçalary ýa-da düzedişleri girizmek

22. Zerurlyk ýüze çykan ýagdaýynda, Döwlet söwda sanawyndaky söwda obýektleri hakynda maglumatlara üýtgetmeler we goşmaçalar girizilýär. Şeýle maglumatlara fiziki şahsyň familiýasynyň, adynyň, atasynyň adynyň, ýaşaýan ýeriniň üýtgemegi, söwda işiniň subýekti bolup durýan ýuridik şahsyň adynyň, ýerleşýän ýeriniň üýtgemegi, ol üýtgedilip guralanda, guramaçylyk-hukuk görnüşi üýtgände, esaslandyryjylarynyň üýtgemegi, durkuny täzelemek işleriniň amala aşyrylmagy netijesinde söwda obýektiniň meýdanynyň ýa-da iş ugrunyň üýtgemegi, şeýle hem söwda obýektiniň niýetleniliş maksatlarynyň üýtgemegi we beýleki Sanawa girizilýän maglumatlar üýtgemegi bilen bagly ýagdaýlar degişli bolup durýar. Şunda, söwda işiniň subýektleriniň Döwlet söwda sanawyndaky söwda obýektleri hakynda maglumatlara üýtgetmeler we/ýa-da goşmaçalar girizmek barada arzasy (şu Tertibe 6-njy goşundy) esasynda degişli maglumatlar girizilýär, şeýle hem üýtgetmeleri we/ýa-da goşmaçalary girizmäge esas bolan resminamalar barada maglumatlar (rekwizitler) ýazylýar.
23. Söwda obýektleri hakynda maglumatlarda ýalňyşlyklar goýberlendigi ýüze çykarylan halatynda, söwda işiniň subýektleriniň Döwlet söwda sanawyndaky söwda obýekti hakyndaky maglumatlara düzedişleri girizmek barada arzasy (şu Tertibe 7-nji goşundy) esasynda, sanawyň maglumatlarynyň ýazgysyna düzedişler girizilýär, şeýle hem düzedişleri girizmäge esas bolan resminamalar barada maglumatlar ýazylýar.
24. Döwlet söwda sanawyndaky söwda obýektleri hakynda maglumatlara üýtgetmeler, goşmaçalar ýa-da düzedişler girizmek zerurlygy ýüze çykan ýagdaýynda, söwda işiniň subýektleri şeýle üýtgetmeleri, goşmaçalary ýa-da düzedişleri girizmekligiň ýüze çykan gününden başlap, 10 (on) iş gününiň dowamynda Döwlet söwda gözegçiligi gullugyna (onuň ýerli bölümlerine) degişlilikde Döwlet söwda sanawyndaky söwda obýektleri hakyndaky maglumatlara üýtgetmeleri, goşmaçalary ýa-da düzedişleri girizmek barada arzasyny hem-de olara degişli tassyklaýjy resminamalary berýär. Döwlet söwda gözegçiligi gullugy (onuň ýerli bölümleri) hem degişlilikde arzany hem-de onuň ýanyna goşulan tassyklaýjy resminamalary seljerip, 3 (üç) iş gününiň dowamynda onuň netijesi barada netijenamany degişli hat bilen Ministrlige iberýär.
25. Ministrlik tarapyndan Döwlet söwda sanawyna üýtgetmeleri, goşmaçalary ýa-da düzedişleri girizmek degişli resminamalaryň gelip gowşan gününden başlap, 10 (on) iş gününiň dowamynda amala aşyrylýar hem-de söwda işiniň subýektlerine Döwlet söwda gözegçiligi gullugynyň (onuň ýerli bölümleriniň) üsti bilen täze Şahadatnama berilýär. 

26. Söwda işiniň subýektleri tarapyndan hödürlenen resminamalar Türkmenistanyň kanunçylygynyň talaplaryna laýyk gelmedik ýagdaýynda, Ministrlik tarapyndan Döwlet söwda sanawyndaky söwda obýektleri hakynda maglumatlara üýtgetmeleri, goşmaçalary ýa-da düzedişleri girizmekden ýüz döndermek hakynda çözgüt kabul edilýär.
27. Ministrlik tarapyndan şu Tertibiň ýigrimi altynjy böleginde görkezilen çözgüt çykarylan ýagdaýynda, bu barada Ministrlik çözgüt çykarylan gününden başlap, 2 (iki) iş gününiň dowamynda degişlilikde Döwlet söwda sanawyndaky söwda obýekti hakynda maglumatlara üýtgetmeler ýa-da goşmaçalar girizmekden ýüz dönderlendigi hakynda habary (şu Tertibe 8-nji goşundy) ýa-da Döwlet söwda sanawyndaky söwda obýekti hakyndaky maglumatlara düzedişleri girizmekden ýüz dönderlendigi hakynda habary (şu Tertibe 9-njy goşundy) Döwlet söwda gözegçiligi gullugynyň (onuň ýerli bölümleriniň) üsti bilen söwda işiniň subýektine ýazmaça görnüşde habar berilýär.

V bap. Söwda obýektler hakynda maglumatlary Döwlet söwda sanawyndan çykarmak

28. Söwda obýektlerini Döwlet söwda sanawyndan çykarmak Ministrlik tarapyndan söwda obýektlerini Döwlet söwda sanawyndan çykarmak hakynda kabul edilen çözgüdine laýyklykda amala aşyrylýar.
29. Söwda obýektleri hakynda maglumatlary Döwlet söwda sanawyndan çykarmak üçin şu aşakdakylar esas bolup durýar:
1) söwda işiniň subýektiniň Döwlet söwda sanawyndaky söwda obýekti hakynda maglumatlary Döwlet söwda sanawyndan çykarmak baradaky arzasy (şu Tertibe 10-njy goşundy);
2) söwda işiniň bes edilmegi;
3) söwda obýektiniň başga ýere göçürilmegi, ýykylyp aýrylmagy;
4) kazyýetiň çykaran çözgüdi;
5) ýuridik şahs hökmünde bellige alnan söwda işiniň subýektiniň Türkmenistanyň ýuridik şahslarynyň ýeke-täk döwlet sanawyndan çykarylmagy;
6) Döwlet söwda sanawyna girizilen söwda obýektleri hakynda maglumatlaryň hakyky däldiginiň ýüze çykmagy;
7) Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan beýleki halatlarda.
30. Söwda işiniň subýekti Döwlet söwda sanawyndaky söwda obýekti hakynda maglumatlary Döwlet söwda sanawyndan çykarmak baradaky arzasyny hem-de olara degişli tassyklaýjy resminamalary Döwlet söwda gözegçiligi gullugyna (onuň ýerli bölümlerine) berýär. Döwlet söwda gözegçiligi gullugy (onuň ýerli bölümleri) arzany hem-de onuň ýanyna goşulan tassyklaýjy resminamalary seljerip, 3 (üç) iş gününiň dowamynda onuň netijesi barada netijenamany degişli hat bilen Ministrlige iberýär.
Söwda obýektleri hakynda maglumatlaryň Döwlet söwda sanawyndan çykarylmagy Ministrlik tarapyndan söwda obýekti hakynda maglumatlary Döwlet söwda sanawyndan çykarmak hakynda çözgüdiň kabul edilen gününden başlap, 5 (bäş) iş gününiň dowamynda amala aşyrylýar.
31. Söwda obýektleri hakynda maglumatlaryň şu Tertibiň ýigrimi dokuzynjy böleginde görkezilen esaslar boýunça Döwlet söwda sanawyndan çykarylandygy hakynda Ministrlik tarapyndan Döwlet söwda gözegçiligi gullugynyň (onuň ýerli bölümleriniň) üsti bilen söwda işiniň subýektine 2 (iki) iş gününiň dowamynda ýazmaça görnüşde habar berilýär.
32. Döwlet söwda sanawyna girizilen maglumatlaryň dolulylygyna we dogrulygyna Ministrlik jogap berýär.

VI bap. Jemleýji düzgünler

33. Her çärýekde bir gezek Ministrlik Döwlet söwda sanawynda saklanylýan maglumatlaryň esasynda Türkmenistanyň çäginde hasaba alnan söwda obýektleriniň görnüşleri we sany boýunça jemleýji hasabaty düzýär we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine berýär.
34. Ministrlik şu Tertip bilen bellenilen işleri amala aşyrmakda Türkmenistanyň degişli ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri bilen arkalaşykly iş alyp barýar.
35. Şu Tertipde düzgünleşdirilmedik gatnaşyklar Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen düzgünleşdirilýär.

                      SÖWDA KANUN TERTIBISÖWDA KANUN TERTIBI

Arza № 2Arza № 4Arza № 5Arza № 6Arza № 7Arza № 8Arza № 9Arza № 10

Поделиться в соцсетях

Получать Рассылку