27-nji oktýabr senesinde Yragyň Basra şäherindäki «Sport Siti Stadium» stadionynda AFK kubogynyň final duşuşygy bolup geçdi. Onda yklymyň ikinji derejeli ýaryşynyň baş baýragy üçin Yragyň «Air Force Club» topary bilen Türkmenistanyň çempiony «Altyn Asyr» futbol kluby güýç synanyşdy. Duşuşyk turuwbaşdan ýer eýeleriniň hüjümi bilen başlandy. Şeýle-de bolsa Ýazguly Hojageldiýewiň şägirtleri yrakly futbolçylaryň deslapky basyşyna gaýtawul bermegi başardylar.Emma birinji ýarymyň ortalaryna gelip meýdanda oýnuň gidişi deňleşen bir wagtda, goragmyzda goýberilen säwlik sebäpli garşydaşlarymyz hasaby açdylar. Duşuşygyň ilkinji 45 minutlygy şu hasap bilen tamamlandy. Ikinji ýarymyň başyndan üstünligi öz eline alyp hüjüm eden ildeşlerimiz howply pursatlaryň birnäçesini döretdiler. Ýöne olardan peýdalanmak ýigitlerimize nesip etmedi. Oýnuň ikinji böleginiň deslapky 10 minudyny goranyp geçiren ýer eýeleri soňra birneme dem dürsäp hüjüme geçdiler. Netije-de burçdan oýna girizilen topdan soň Ibrahim Baýeş hasaby artdyrmagy başardy. Aradan 8 minut geçip ildeşlerimiz hasaby gysgaltmak üçin örän gowy mümkinçilik aldylar. Emma eminiň bellän 11 metrlik jerime urgusyny amala aşyran Selim Nurmyradowyň urgysy derwezä dürs barmady. Şondan soň hem yzly-yzyna hüjüm geçiren «Altyn Asyr» hasaby deňlemäge ýeterlik pursatlara eýe boldy. Has hem hüjümçimiz Altymyrat Annadurdyýew tarapyndan geçirlen urgylar ýer eýeleriniň derwezebanyna ynjalyk bermedi. Emma eminiň soňky jürlewügine çenli göreşen aragatnaşykçylara şol gün şowlulyk gülüp bakmady. Şeýlelikde Yragyň «Air Force Club» topary bassyr üçünji gezek AFK kubogyna mynasyp boldy. Finala çenli ýeňlişsiz ýoluny dowam eden Ýazguly Hojageldiýewiň şägirtleri bolsa bu ýyllykça kümüş medal bilen kanagatlanmaly boldular. Ýöne biz futbolçylarymyzyň indiki ýyl bu kubogy türkmen diýaryna hökman getirjekdiklerine uly ynam bildirýäris. Şeýle-de bir ýylyň dowamynda sowgat eden şatlykly pursatlary we buýsançly ýeňişleri üçin «Altyn Asyryň» ähli oýunçydyr tälimçilerine öz sagbolsunmyzy aýdýarys.
Geçen hepdäniň dynç alyş günleri Ýewropanyň ýaşyl meýdanlarynda içerki çempionatlaryň nobatdaky tapgyr duşuşyklary geçirildi. Top klublaryň garaşylmadyk ýitgileri bilen ýatda galan hepde ahyryndaky oýunlar barada gysgaça durup geçeliň.
Tapgyrdaky birinji ýitgini çekmek korollyk gwardiýasynyň paýyna düşdi. Aslynda el-klassiko çenli puryja berlen Lopetegä çykyş gapysyny açyp beren topar «Barselona» däl-de, «Lewante» bolaýjak öýdýän. Sebäbi 20-nji oktýabr senesinde «Sant Iýago Bernabeuda» myhman bolan «Lewante» bary-ýogy 13 minutyň içinde Kurtuany öz derwezesinden 2 top alyp çykmaga mejbur etdi. Gollaryň awtorlary Hose Morales we Roher Marti. Madridliler bolsa 90 minutyň içinde diňe ýekeje gezek garşydaşlaryna meýdanyň merkezinden oýny başladyp bildiler. Ýeke-täk jogap topy Marselonyň hasabyna ýazyldy. Bu netijeden soň, Hulýen Lopetegi toparyň 116 ýyllyk taryhyndaky iň erbet netije görkezen tälimçisine öwrüldi. Häzirki wagtda 14 utuk bilen la liganyň 5-nji ýerinde duran «Real» indiki tapgyrda «Barselonanyň» myhmany bolar.
On July 10 to 16, 2018 in the city of Aktau (Republic of Kazakhstan) the Asian Championship in jiu-jitsu among men's and women's teams has been held. Competitions were held in the sports complex «Mangystau Arena».
More than 400 athletes from 20 countries took part in the championship. This championship was represented by the rules of the International Jiu-Jitsu Federation (JJIF) in the sections of fighting, «non-vase», duo and contact systems.
The national team of Turkmenistan in the championship was represented by 24 sportsmen. The prize-winners of international tournaments, gold and silver medalists of the V Asian Indoor and Martial Arts Games were among them. The sports delegation also included the trainers of the team - Alan Niyamengliev, Shokhrat Annamuhammedov, Dovletmyrat Kasymov and the judges - Rustem Imamkuliyev and Leila Kuliyeva.
The following athletes became the winners of the Asian-2018 championship, taking first place in their weight categories in contact jiu-jitsu: MergenTejenov (94kg), Serdar Khodzhamukhammedov (92kg), Rustam Rozmetov (77kg), Batyr Durdiev (56kg).
In the women's part of the championship, the first places were won by: in contact jiu-jitsu Sabina Agadzhanova (over 70 kg), Veronika Rus (55 kg), Avezmetova Sayara (49 kg), in the discipline of «non-vase» Aysoltan Garchovova (over 70 kg), Filipova Angelina (55 kg), which made a significant contribution to the achievements of the national team of Turkmenistan.
According to the results of the Asian championship-2018 on jiu-jitsu, Turkmenistan in the overall standings took 3rd place among 20 countries that took part in the competitions. Turkmenistan athletes won 9 gold, 5 silver, 4 bronze medals.
www.mfa.gov.tm
09.07.2018. Dzýudo boýunça Hytaýyň Taýbeýinde tamamlanan Aziýanyň açyk halkara ýaryşynda türkmen türgenleri iki medala mynasyp boldular. Bäsleşiklere 23 ýurtdan iki ýüze golaý türgen gatnaşdy, olar ähli sebit konfederasiýalaryna wekilçilik edýärler.
90 kilograma çenli agram derejede Aşgabat şäheriniň Sport we ýaşlar syýasaty baş müdirliginiň toplumlaýyn sport mekdebiniň tälimçisi Tejen Tejenow altyn medaly eýeledi. Bu üstünlige barýan ýolda biziň türgenimiz bäsleşikleriň üç tapgyryny geçdi. Çärýek finalda türkmenistanly türgen bir minutdan hem az wagtda Koreýa Respublikasyndan dzýudoçyny ýeňmegi başardy.
Finala çykmak üçin bäsleşikde awstraliýaly dzýudoçy bilen tutluşyk birneme uzaga çekdi, emma ýarym final bäsleşigi üstünlikli tamamlandy. Garaşylyşy ýaly, Rokas Nenartawiçus (Litwa) bilen geçirilen tutluşyk has çekeleşikli boldy. Şunda hem T.Tejenow möhletinden öň üstün çykdy.
Goranmak ministrliginiň Merkezi goşun sport klubyna wekilçilik edýän Batyr Hojamuhammedow 100 kilograma çenli agram derejede iki ýeňiş gazanyp, finala çykdy. Emma finalda Koreýa Respublikasyndan türgen Kim Leýhundan asgyn gelip, kümüş medaly eýeledi. Iri halkara ýaryşlarynda bu sylag Batyryň şu ýyl gazanan ilkinji üstünligi däldir. Ol mart aýynda Marokkada geçirilen “Agadir Grand Prix” ýaryşynda üçünji orny eýeledi.
Şeýlelikde, Türkmenistanyň topary bir altyn we bir kümüş medal bilen umumy hasapda bäşinji orny eýeledi.
Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)
Taýson Fýuri — WBA guramasynyň super agyr agramda çykyş edýän boksçusy 9-njy iýunda Mançesterde 39 ýaşly alban boksçusy Seref Seferi bilen ringe çykar. Fýuri ýakynda boljak duşuşygyndan ozal 2015-nji ýylyň noýabr aýynda Wladimir Kliçko bilen ýumruklaşyp, dünýä çempiony diýen ady aldy. Uly ýeňşiň yzysüre öňki gazanan guşaklaryny ýitiren boksçy ruhy çökgünlige düşüp, türgenleşiklerden çetleşipdi. Taýson Fýuri — WBA guramasynyň super agyr agramda çykyş edýän boksçusy 9-njy iýunda Mançesterde 39 ýaşly alban boksçusy Seref Seferi bilen ringe çykar. Fýuri ýakynda boljak duşuşygyndan ozal 2015-nji ýylyň noýabr aýynda Wladimir Kliçko bilen ýumruklaşyp, dünýä çempiony diýen ady aldy. Uly ýeňşiň yzysüre öňki gazanan guşaklaryny ýitiren boksçy ruhy çökgünlige düşüp, türgenleşiklerden çetleşipdi. Geçen ýylyň ahyrynda ol promouter Frenk Uorren bilen şertnama baglaşyp, uly sporta täzeden dolanmaga taýýarlanyp başlady. Mançester şäherinde 1988-nji ýylyň 12-nji awgustynda doglan ussat boksçynyň IBF (2015); WBA (Super), WBA- IBO (2015-2016) boks ringlerinde gazanan üstünlikleri az däl.