abuna new

otel reklama

ruhabat

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda ilatyň isleg bildirýän ýokary hilli harytlarynyň bolçulygy üpjün edildi. Bazarlarymyzdaky, söwda merkezlerindäki, dükanlardaky haryt bolçulygy halkymyzyň bagtyýar durmuşyna şaýatlyk edýär. Ýurdumyzyň iň çetki etraplarynda ýaşaýan ildeşlerimiz hem ýerli söwda nokatlaryndan isleg bildirýän dürli harytlaryny elýeter bahalardan satyn alyp bilýärler. Biziň bu günki söhbetimiz bolsa, çetki etraplardaky haryt bolçulygy barada däl-de, özüniň meşhur şypahanasy bilen tanalýan Baýramaly şäheriniň bol harytly dükanlary barada. Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň << Baýramaly >> döwlet lomaý-bölek söwda kärhanasynyň hünärmenleri hem Baýramaly şäheriniň söwda merkezlerinde we dükanlarynda ilata ýokary hilli söwda hyzmatlaryny ýerine ýetirmek üçin yhlaslaryny gaýgyrmaýarlar. << Baýramaly >> döwlet lomaý-bölek söwda kärhanasynyň Baýramaly şäheri boýunça jemi 31 sany söwda merkezleri we dükanlary bolup, ol ýerlerde azyk hem-de senagat harytlarynyň dürli görnüşleri ilata hödür edilýär. Harytlaryň ýurdumyzyň önüm öndürijileri tarapyndan öndürilmegi bolsa bahalaryň elýeterliligini üpjün edýär. Hödürlenýän harytlaryň ýokary hilliligi alyjylaryň göwnünden turýar. Peçden ýaňy çykarylan gyzgynjak çörek we çörek önümleri, dürli et önümleri, ýarym taýýar azyk önümleri, konditer önümleri, şerbet içgileriniň dürli görnüşleri bu ýere gelýän alyjylaryň esasy islegli önümleridir. Senagat harytlary boýunça hem bu ýerde hödürlenýän giň görnüşli önümler alyjylaryň göwnünden turýar. Baýramaly şäheriniň söwda merkezleriniň we dükanlarynyň hyzmatlaryndan diňe bir ýerli ilat däl-de, eýsem Baýramaly şypahanasynda saglyklaryny berkidýän ildeşlerimiz, daşary ýurtly myhmanlar hem hoşal bolýarlar.

Поделиться в соцсетях

Получать Рассылку