abuna new

otel reklama

ruhabat

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen döredilýän dürli binalar, desgalar, dynç alyş merkezleri halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagyna, ýokary hilli, döwrebap dynç almaklaryna gönükdirilendir. Ýurdumyzyň ähli künjeginde kiçi ýaşlylar bilen bir hatarda uly ýaşlylaryň hem wagtyny hoş geçirmegi üçin döwrebap hyzmatlaryny hödürleýän dynç alyş merkezleriň birnäçesi hereket edýär. Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň garamagyndaky «Parahat» medeni-dynç alyş merkezi-de ýokary hilli hyzmatlary bilen halkyň göwnünden turýan dynç alyş merkezleriň esasylarynyň biridir. Medeni-dynç alyş merkezinde internet kafe, tomusky kafe, 600 orunlyk restoran, 40 orunlyk kinozal hereket edýär.
Medeni-dynç alyş merkeziniň birinji gatynda ýerleşýän 600 orunlyk «Parahat» restorany durmuş toýlary, dürli toý-dabaralary bellemek isleýän müşderilerde amatly şertleri, döwrebap bezegleri, rahatlygy, täze ornaşdyrylan ýokary hilli enjamlary bilen üýtgeşik täsir galdyrýar. Bu ýerde zähmet çekýän hünärmenler müşderileriň islegini kanagatlandyrmak maksady bilen, restoranyň bezegine, tagamlarynyň datlylygyna aýratyn üns berýärler. Restoranda toý-dabaralaryň has gyzykly bellenilmegi üçin häzirki döwre gabat gelýän ýokary derejeli hyzmatlar hem ýola goýlan. Işine ezber aşpezler tarapyndan milli we daşary ýurtlaryň meşhur tagamlary, işdäaçarlaryň ýüzlerçe görnüşleri taýýarlanýar. Aşpezler tarapyndan taýýarlanýan tagamlary myhmanlara hödürleýän restoranyň tejribeli ofisiantlary hem medeniýetli hyzmatlary bilen müşderileriň ünsüni çekýärler. Goý, şeýle eşretleriň başynda duran hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli alyp barýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin!

Поделиться в соцсетях

Получать Рассылку