abuna new

otel reklama

ruhabat

Durmuşda azyk önümleriniň içinde gündelik sarp edilýäni çörekdir. Çörek ähli nygmatlaryň naýbaşysy hasaplanylýar. Ýurdumyzda oba hojalyk önümlerini öndürijiler tarapyndan ýylyň ýylyna bol bugdaý hasyly ýetişdirilip, ilatymyzyň çörek we çörek önümlerine bolan islegleri doly derejede kanagatlandyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe daýhanlarymyz tarapyndan öndürilýän bugdaýyň ilatymyz üçin ýeterlik derejesinden artygyny daşary döwletlere eksport etmeklige hem mümkinçilik döredildi. Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň welaýat alyjylar jemgyýetleriniň birleşikleriniň çörek kärhanalarynda hem hut öz ýurdumyzda öndürilýän bugdaýdan çörek bişirilip, gyzgyny bilen ilata ýetirilýär. Şeýle çörek kärhanalary ýurdumyzyň ähli etraplarynda bar. Balkan welaýatynyň Serdar etrap alyjylar jemgyýetine degişli bolan çörek kärhanasy hem öz öndürýän ýokary hilli çörekleri bilen ilat arasynda meşhurlyga eýedir. Bu kärhana iň häzirki zaman çörek bişiriji enjamlar bilen enjamlaşdyrylyp, ol ýerde her günde 1,100 tonna çörek bişirilýär. Dükanlardan her gün täze bişirilen çörekleri satyn alýan ildeşlerimiz, çörek kärhanasynyň işçilerine öz hoşallyklaryny bildirýärler. Öz halkynyň bolelin durmuşyny üpjün edýän hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, işleriniň rowaç bolmagyny arzuw edýärler.

Поделиться в соцсетях

Получать Рассылку