abuna new

otel reklama

ruhabat

Hormatly Prezidentimiz: «Kitap ösüşlere ýetirýän, kämillige itergi berýän güýçdür. Ol adamy täze belentliklere galkyndyrýar, ruhubelent edýär. Kitap adamzat nesilleriniň uçar ganatydyr» diýip belleýär. Bilimleriň çeşmesi bolan kitap her adamyň durmuşynda uly ähmiýete eýedir. Ýakynda hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň baş usulyýet merkezi bolan Döwlet kitaphanasynyň işini ösdürmek hem-de ony giňeltmek bilen baglanyşykly meseleler bilen tanyşdy. Hormatly Prezidentimiz ata-babalarymyzyň «Kitap okan magnydan dok» diýen sözüni mysal getirip, halkymyzyň bu baradaky pikir-garaýyşlarynyň düýplüdigini aýratyn nygtady. Mähriban Prezidentimiz köpugurly medeni aň-bilim merkezleri bolan häzirki zaman kitaphanalarynda döredijilik duşuşyklaryny, ylmy maslahatlary geçirmek üçin şertleriň bolmalydygyny nygtap belledi.
Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda biziň ýurdumyzda kitaphana ulgamyny ösdürmek, kitap neşir etmegi kämilleşdirmek döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Kitaphanalaryň durmuşda eýeleýän orny göz öňünde tutulyp, bu ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyryldy. Kitaphanalary hünärli işgärler bilen üpjün etmek boýunça zerur işler geçirilip, ýurdumyzda bitewi elektron kitaphana ulgamy döredildi. Ýakynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde bolsa mähriban Prezidentimiz ýurdumyzda hepdäniň günleriniň birini «Kitaphana güni» diýip yglan etmegi teklip etdi. Gahryman Arkadagymyzyň bu teklibi ähli ildeşlerimiz bilen bir hatarda bilim işgärlerini hem-de talyp ýaşlary diýseň begendirdi. Kitaplaryň her biri giň okyjylar köpçüligi, aýratyn-da, bilim işgärleri bolan biziň üçin gymmatly serpaýdyr, sebäbi şol kitaplaryň many-mazmunyndan ata Watanymyza söýgi, onuň şöhratly taryhyna, ýerasty we ýerüsti baýlyklaryna, maddy we ruhy gymmatlyklaryna buýsanç, ýurdumyzyň, halkymyzyň geljegi barada edilýän alada eriş-argaç bolup geçýär. Bu kitaplar ösüp gelýän ýaş nesli watansöýüjilik, agzybirlik, ynsanperwerlik, zähmetsöýerlik we beýleki ýokary ahlak häsiýetlerinde terbiýelemekde gymmatly gollanma bolup hyzmat edýärler. Şonuň üçin hem biz, mähriban Arkadagymyza bilimi, ylmy ösdürmekde alyp barýan tutumly işlerine çuňňur ýürekden hoşallygymyzy bildirýäris. Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, işleriniň rowaç bolmagyny arzuw edýäris.

Поделиться в соцсетях

Получать Рассылку