abuna new

otel reklama

ruhabat

14-nji noýabrda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Demokratik partiýanyň I maslahaty geçirildi. Onda Halk Maslahatynyň birinji mejlisiniň çözgütleri babatda ileri tutulýan wezipelere garaldy, şeýle hem Türkmen döwletiniň täze taryhynyň häzirki tapgyrynyň talaplaryny nazara almak bilen guramanyň mundan beýläkki işiniň umumy strategiýasy kesgitlenildi.
Maslahata gatnaşyjylaryň hatarynda TDP-niň Syýasy geňeşiniň agzalary, welaýat, şäher, etrap komitetleriniň ýolbaşçylary, şeýle hem derňew komitetiniň wekilleri bar.
Çykyş edenler ýurdumyzda demokratik ýörelgeleriň ösdürilmegine, raýat jemgyýetiniň institutlarynyň we döwletimiziň hukuk binýadynyň berkidilmegine berýän ägirt uly ünsi üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdylar.
Wekiller hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda «Döwlet adam üçindir!» diýen şygarda öz esasy ýörelgesiniň aýdyň beýanyny tapan durmuş-ykdysady özgertmeler syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde soňky ýyllarda ýurdumyzyň rowaçlygyň we gülläp ösüşiň ýolundan ynamly öňe barýandygyny bellediler.
Demokratik partiýanyň maslahatynyň barşynda onuň işjeňleri sylaglanyldy, şeýle hem TDP-niň täze agzalaryna partiýa şahadatnamalary gowşuryldy.

Поделиться в соцсетях

Получать Рассылку