abuna new

otel reklama

ruhabat

Hormatly Prezidentimiziň öz halkyna peşgeş beren Berkarar Döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň isleg bildirýän azyk önümleriniň bolçulygyny ýurdumyzyň ähli ýerlerinde görüp bilýäris. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzda önüm öndürijiler döwlet tarapyndan giňden gollanylyp, dürli önümleriň önümçiligini ýola goýmaga giň şertler döredilen. Munuň netijesinde bolsa häzirki wagtda ýurdumyzda daşary döwletlerden getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň giň görnüşleri öndürilip, bazarlarymyzyň bolçulygy özümizde öndürilýän ýokary hilli önümleriň hasabyna üpjün edilýär. Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Balkan welaýat alyjylar jemgyýetleriniň birleşiginiň Balkanabat şäherindäki Guş toplumynda hem bazarlarymyzyň geçginli azyk önümleriniň biri bolan guş etiniň, towuk ýumurtgasynyň önümçiligi giňden ýola goýlan. Guş toplumynda guş idetmeklik üçin ähli şertler döredilip, ol guşçulyga degişli iň häzirki zaman enjamlar bilen enjamlaşdyrylandyr. Toplumyň öz kömekçi hojalygy bolup, ol ýerde idedilýän guşlar üçin guş iýmleri taýýarlanylýar. Toplumda her günde ortaça 30 000-den gowrak towuk ýumurtgasy öndürilýär. Her aýda 58,5 tonna towuk eti öndürilýär. Önümler Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň söwda nokatlarynda ilata elýeterli bahalardan ýetirilip durulýar. Towuk idetmeklik türkmen halkynyň gadymdan gelýän kesp-kärleriniň biri. Maşgala döwlet getirýän, yrsgal-berekediň çeşmesi ýedi hazynanyň biri bolan towugy idedýän Guş toplumynyň hünärmenleri işlemek, önüm öndürmek şonuň netijesinde bolsa ýurdumyzda durnukly saklanýan azyk bolçulygy üçin hormatly Prezidentimize öz hoşallyklaryny aýdýarlar.

Поделиться в соцсетях

Получать Рассылку