abuna new

otel reklama

ruhabat

Döwür tizlik bilen özgerýär. Bu özgerişler adamlaryň hereketlerinde, isleglerinde we geýnişlerinde öz beýanyny tapýar. Biziň bu günki söhbedimiz hem gönüden-göni ynsanlaryň özgerýän islegleri bilen iş salyşýan, olaryň indiki islejek zatlaryny olar islemänkä bilmek gerek bolýan ugur – moda barada.
Geçen hepde «Altyn Asyr» harytşynaslyk merkezinde Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi ýetip gelýän Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli öz kärhanalarynda öndürilen, gyş paslyna niýetlenilip taýýarlanan eşikleriň moda-görkeziliş dabarasyny geçirdi. Täzeçil, türkmen milliligini we häzirki zaman moda dünýäsiniň özboluşlylygyny özünde jemleýän sowuk pasla niýetlenen eşikler dabara gatnaşyjylaryň ýokary bahalaryna mynasyp boldy. Görkezilişe hödürlenen eşikleri synlanyňda olary döreden dizaýnerleriň öz işlerine örän yhlasly çemeleşendikleri aýdyň duýulýar. Ýeri gelende belläp geçsek, «Altyn Asyr» harytşynaslyk merkezi häzirki wagtda paýtagtymyzyň iň bir gelim-gidimli ýerleriniň biri bolup, bu ýerdäki harytlar özüniň hyrydarlylygy bilen tapawutlanýar. Bu söwda merkeziniň harytlaryna diňe bir öz ildeşlerimiziň däl, eýsem, Türkmenistanda zähmet çekýän daşary ýurt ilçihanalarynyň işgärleridir ýurdumyza gelýän myhmanlar tarapyndan hem uly isleg ýokary. Moda-görkezilişi 11-nji dekabrda ýene-de geçiriler.

Поделиться в соцсетях

Получать Рассылку