abuna new

otel reklama

ruhabat

ruhabat

Dynç alyş hakynda gürrüň gozgalsa, ilki bilen göz öňüňde «Awaza» janlanýar. Deňiz kenarynyň jana şypaly howasy, dynç almak üçin döredilen mümkinçilikler «Awazanyň» muşdaklaryny has-da artdyrýar. Şu günler tomusky dynç alşyň nobatdaky ýene bir möwsümi öz gyzgalaňy bilen dowam edýär. Häzirki döwürde dynç alyşda üns berilýän aýratynlyklaryň biri hem ynsanlaryň özlerine doly amatlyklary üpjün edip biljek dynç alyş merkezlerine gyzyklanmasynyň artmagydyr. Çünki, hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen indi, zähmet rugsadyna çykan ildeşlerimiz boş wagtyny şypaly deňiz kenarlarynda geçirmegiň aladasyny edip ugraýar. Deňiz kenarynda dynç almak, diňe bir wagtyňy oňat geçirmegiň däl, eýsem, saglygy berkitmek babatda hem birnäçe peýdaly netijeleri almagyň oňyn usulydyr. Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda dünýäniň üns merkezine öwrülen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy hem iň bir gelim-gidimli ýerleriň birine öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, geçen 2018-nji ýylda «Awazada» açylyp ulanylmaga berlen akwapark bolsa, bu ýere çagalary bilen dynç almaga gelýänler üçin has-da gyzyklydyr.
Kenarda uçýan guşlaryň deňiz tolkunlaryna badaşan sesi, deňziň üstünden öwüsýän hoştap howa, deňziň mawy reňkli öwüşgini we göwnüňi açyjy gözellikler ruhuňy göteriji lezzete utgaşyp gidýär. Ähli amatlyklar bilen üpjün edilen döwrebap myhmanhanalaryň, şeýle hem restoranlaryň ýokary hilli hyzmaty bolsa, gelýän syýahatçylaryň dynç alyşlaryna has-da lezzet goşýar. Hazar deňziniň Türkmenistana degişli kenarýakasy örän täsin jana şypaly ýumşak howasy we baý tebigy mümkinçilikleri bilen tapawutlanýan, ekologik taýdan arassa zolakdyr.
Bu ýerde diňe bir ýurdumyzyň raýatlaryny däl, eýsem, dünýäniň çar ýanyndan gelýän syýahatçylary kabul edip, ýokary derejeli hyzmatlary ýerine ýetirmek üçin uly işler ýola goýlandyr.
Dynç alşyny jana şypaly deňiz kenarynda geçirmek isleýän ildeşlerimize «Awazada» dynç almagy maslahat berýäris!

Поделиться в соцсетях

Получать Рассылку