abuna new

otel reklama

ruhabat

ruhabat

Ýakyn wagtda Hazar gününiň çäklerinde, Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlary bilen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda I Hazar ykdysady forumy geçiriler. Häzirki günlerde bu forumy ýokary derejede geçirmäge taýýarlyk işleri alnyp barylýar.
Bu forum dünýäniň üns merkezinde bolup, şu ýylyň başyndan bäri daşary ýurtlarda onuň tanyşdyrylyş dabaralary giň gerimde geçirildi. Şol konferensiýalarda bu forumyň dünýä derejesindäki ähmiýeti, ýurtlaryň ykdysady hyzmatdaşlygyny has-da ösdürmekdäki we Hazar deňziniň ykdysadyýetiniň halkara derejesindäki ornuny pugtalandyrmakdaky täze maksatlary dogrusynda giňişleýin çykyşlar edildi.
2018-nji ýylyň 12-nji awgustynda Gazagystan Respublikasynyň Aktau şäherinde geçirilen Bäşinji Hazar sammitiniň çäklerinde Hazarýaka döwletleriň bäş sany Prezidentleriniň gatnaşmagynda Hazar deňziniň hukuk derejesi hakyndaky Konwensiýa gol çekilmegi taryhy waka boldy.
Häzirki wagtda bu Konwensiýa boýunça nebit dökülmelerine garşy göreşmek boýunça (Aktau teswirnamasy), Ýerasty çeşmelerden gelýän hapalanmalardan goramak boýunça (Moskwa teswirnamasy), biologiki köpdürliligiň goralyp saklanmagy boýunça (Aşgabat teswirnamasy) we transserhet mazmunynda daşky gurşawa ýetirilýän täsire baha bermek ýaly dört sany Teswirnamalar kabul edildi.
Forumyň çäklerinde söwda-ykdysady, ulag ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmak, iri taslamalar üçin şertleri döretmek, Hazar sebitiniň ykdysadyýetiniň halkara derejesindäki orny we Hazarýaka döwletleriň ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda iri maýa goýum taýdan özüne çekijiligi hakyndaky pikir alyşmalaryň geçirilmegi meýilleşdirilýär.

Поделиться в соцсетях

Получать Рассылку