abuna new

otel reklama

ruhabat

ruhabat

Paýtagtymyzdaky A.S.Puşkin adyndaky rus döwlet drama teatrynda hormatly Prezidentimiziň «Enä tagzym – mukaddeslige tagzym» atly kitaby esasynda «Ene ýüregi» atly sahna eseri sahnalaşdyryldy. Bu sahna eseriniň awtory Mämmetgurban Mämmetgurbanow, eseri sahnalaşdyran teatryň Baş ýolbaşçysy, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Aşyrmuhammet Rahmanowdyr. Hormatly Prezidentimiziň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly ajaýyp kitabynda beýan edilýän mähriban eneleriň keşbi giň okyjylar köpçüliginiň ýüreginde mukaddesligiň baky hormaty bolup orun aldy. Puşkin adyndaky rus drama teatrynyň döredijilik toparynyň taýýarlan sahna eseri ýurdumyzda dabara bilen toýlanylan Türkmenistanyň Medeniýet we sungat işgärleriniň hünär baýramçylygyna we
Gahryman Arkadagymyzyň doglan gününe özboluşly sowgat boldy.

Поделиться в соцсетях

Получать Рассылку