abuna new

otel reklama

ruhabat

ruhabat

25-nji iýunda Balkan welaýat alyjylar jemgyýetleriniň birleşiginiň Magtymguly etrap alyjylar jemgyýetleriniň birleşiginde Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Demokratik partiýasynyň ilkinji guramasynyň guramagynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Oňa etrabyň söwda we jemgyýetçilik iýmiti hyzmat ediş nokatlarynda zähmet çekýän hünärmenleriň uly topary gatnaşdy.
Wagyz-nesihat çäresi Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli bu etrapda geçirilýän medeniýet hepdeligine gabatlanyp geçirildi. Duşuşykda Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Demokratik partiýasynyň ilkinji guramasynyň başlygy Gurbänmämmet Rejepow, Balkan welaýat alyjylar jemgyýetleriniň birleşiginiň başlygynyň orunbasary Ş.Mämmethanow we baş buhgalteri B.Diniýew, şeýle hem Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň «Biznes reklama» gazetiniň Baş redaktory S.Geldiýew dagy çykyş etdiler.
Çykyşlarda ýurdumyzda söwda işini kämilleşdirmek, hyzmatlary ýokary derejede ýerine ýetirmek, olary dünýä tejribesine laýyklykda alyp barmak ugrunda uly aladalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň söwda ulgamynyň işgärlerine bildirýän talaplaryny ödäp, yhlasly, önjeýli zähmet çekmek barada nygtaldy. Şeýle-de islendik ugurda halkymyzyň ruhy-ahlak sypatlaryna laýyk, halal zähmet çekmek, düzgün-tertip kadalaryny doly berjaý etmek barada ündeldi. Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň: «Döwlet adam üçindir!» diýen parasatly şygaryndan ugur alyp, parahat, asuda Diýarda halal işläp, çeken zähmetiň hözirini görüp ýaşamakdan uly bagtyň ýokdugy hakda mysallar getirilip, täsirli gürrüňler edildi.
Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýurdumyzy ösüşlerden ösüşlere alyp barýan mähriban Arkadagymyza çäksiz alkyş sözlerini aýtdylar.

Поделиться в соцсетях

Получать Рассылку