abuna new

otel reklama

ruhabat

ruhabat

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy 12-nji awgustda Awazada geçiriljek «Hazar innowasiýa tehnologiýalary» sergisinde görkezmekçi bolýan tehnologiýa synlamalarynyň üstünde işleýär. Sergi Birinji Hazar ykdysady forumynyň çäklerinde geçiriler. Onuň guramaçysy hökmünde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy çykyş edýär. Sergide Azerbaýjanyň, Russiýa Federasiýasynyň, Gazagystanyň, Eýranyň we Türkmenistanyň milli innowasiýa tehnologiýalar synlamalaryny görkezmek we halkara Demirgazyk — Günorta we Günbatar — Gündogar ulag geçelgeleri boýunça ýük daşamak hereketlerini ösdürmegiň meseleleri boýunça «tegelek stollary» geçirmek meýilleşdirilýär. Sergä şeýle-de Türkiýäniň, Fransiýanyň, Ýaponiýanyň, Germaniýanyň, Özbegistanyň, Niderlandlaryň, BAE-niň, Hytaýyň, Finlýandiýanyň we beýleki ýurtlaryň kompaniýalary gatnaşar.
Türkmenistan

Поделиться в соцсетях

Получать Рассылку