abuna new

otel reklama

ruhabat

ruhabat

Saglyk — adam üçin iň uly baýlyk. Halkyň saglygy bolsa ýurduň baýlygy. Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen berkarar döwletimizde hem ildeşlerimiziň sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermekleri üçin ähli şertler döredilýär. «Bagtyýarlyk» sport toplumy hem muňa aýdyň mysaldyr. Ýylsaýyn paýtagtymyzyň iň bir gelim-gidimli künjegine öwrülýän bu sport toplumyndaky mümkinçilikler, saglygyny berkitmek isleýänlere peýdasy degjek gurnaklar barada gazetimiziň okyjylaryna ýetirmegi makul bildik.
Ýoga sagaldyş gimnastikasy
Sport toplumynyň iň bir köp adamly gurnaklarynyň biri hem Ýoga sagaldyş gimnastikasy gurnagydyr. 2015-nji ýylda Hindistanyň premýer-ministri Narendra Modiniň gatnaşmagynda açylan gurnak häzirki wagtda üstünlikli hereket edýär. Ýoganyň saglyga peýdasy bimöçber bolup, ol bedenden artykmaç ýaglary gysyp çykarýar we öz agramyňy kadaly saklamaga ýardam edýär. Ýoga bilen tertipli ýagdaýda meşgullanmak adam bedenine çeýeligi, owadan görnüşi sowgat edýär. Onuň ünsi jemläp bilmegimize we huşumyzyň ýitelmegine ýardamy uludyr. Sagdynlygy özüniň hemrasyna öwürmek isleýän ildeşlerimizi «Bagtyýarlyk» sport toplumynyň Ýoga sagaldyş gimnastikasy gurnagyna çagyrýarys.
Ulular we çagalar üçin suw howuzlary
Adam saglygyna peýdasy uly bolan hereketleriň biri hem suwda ýüzmekdir. Sport toplumynda bolan çagalar üçin howuz, iki sany akwapark we uzynlygy 25 metr bolan, 5 düşekli howuz suwda ýüzmek isleýän ildeşlerimiziň ygtyýarynda. Suwda ýüzmegiň has hem çagalar üçin peýdasy uly bolup, ol owadan daş keşbe eýe bolmakda, dürli dem alyş ýollarynyň keselleriniň öňüni almakda örän netijeli usuldyr. Ýöne kiçi ýaşly çagalara ýüzmegi öwredeniňde olara belli bir kada-kanunlaryň kömegi bilen tertipli hereket etmegi öwretmek wajypdyr. Munuň üçin bolsa sport toplumynda tejribeli hünärmenler zähmet çekýärler. Çagalaryny suwda ýüzmek bilen meşgullandyrmak isleýän ýa-da özleriniň ýüzmäge höwesi bolan ildeşlerimiz üçin sport toplumynyň gapylary giňden açyk.
Döwrebap enjamlaşdyrylan trenažor zallary
«Bagtyýarlyk» sport toplumynda öz saglygyny ýörite türgenleşikleriň kömegi bilen berkitmek isleýänler üçin hem şertler döredilen. Sport toplumynda iki sany trenažor zaly bolup, olarda dünýäniň iň öňdebaryjy kompaniýalarynyň trenažor enjamlary ornaşdyrylandyr. Uly tejribä eýe bolan hünärmenler bolsa bu ýere gelýän ildeşlerimiziň türgenleşigi dogry ýagdaýda amala aşyrmaklary üçin gerekli görkezmeleri we maslahatlary yzygiderli berip durýarlar. Sport toplumyna gelýänler bu ýerde ýöremek, ylgamak, dürli agyrlykdaky agramlary götermek we başga-da birnäçe maşklar arkaly türgenleşikleri geçmek bilen, öz saglyklaryny berkidip bilýärler. Şeýle bolansoň, bu ýerdäki trenažor zallary hemişe köp adamly we mydama halkymyzyň hyzmatynda.

Поделиться в соцсетях

Получать Рассылку