abuna new

otel reklama

ruhabat

ruhabat

Ýakynda Türmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň Mejlisler zalynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň pudaklaýyn birleşikleriniň we Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň işgärleri bilen Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe durmuş — zähmet gatnaşyklarynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň ýerine ýetirýän işleri barada maslahat geçirildi. Maslahata ady agzalan guramalaryň hünärmenleriniň birnäçesi gatnaşdylar.
Maslahatda ilki bilen Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň guramaçylyk we medeni-köpçülik işleri bölüminiň müdiri Jennet Ballyýewa çykyş edip, maslahaty geçirmegiň esasy maksady dogrusynda gatnaşanlara mälim etdi. Ol öz çykyşynda parahat zeminiň üstünde, eşretli döwürde her bir adamyň aladasynyň edilýän zamanasynda, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň alyp barýan işleriniň möhüm ähmiýete eýedigini nygtady. Soňra maslahatda häzirki döwürde Kärdeşler arkalaşyklarynyň işiniň alnyp barylyşy barada Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň durmuş-zähmet hukuklaryny goramak boýunça bölümiň hukuk gözegçisi Myrat Atabaýew, şeýle hem Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň Milli merkeziniň Kärdeşler arkalaşyklarynyň agzalarynyň durmuş-zähmet hukuklaryny goramak boýunça bölümiň hukuk gözegçisi Hydyr Gurbanow, Aşgabat Gurluşyk orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy Meýlis Ataýew we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Kärdeşler arkalaşyklarynyň agzalarynyň durmuş-zähmet hukuklaryny goramak boýunça bölüminiň hukuk gözegçisi,Ýuridiki ylymlarynyň doktory, professor, Türkmenistanyň at gazanan ýuristi Myrat Haitow dagy çykyş etdiler.
Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşanlar mähriban Arkadagymyzyň: «Mähriban halkymyzyň iň ýokary halkara ölçeglerine laýyk gelýän şertlerde, bagtyýar we abadan durmuşda ýaşamagynyň hatyrasyna beýik işleri amala aşyralyň!» diýen parasatly ýörelgesinden ugur alyp, mundan beýläk-de yhlasly zähmet çekjekdiklerini, her bir ulgamda wagyz-nesihat duşuşyklaryny geçirip, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan beýik syýasatyny wagyz-nesihat etjekdiklerini ynam bilen aýtdylar.

Поделиться в соцсетях

Получать Рассылку