abuna new

otel reklama

ruhabat

ruhabat

Eýýäm tomusky dynç alyş möwsümi tamamlanyp barýar. «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynda uly ruhybelentlikde başlanjak täze 2019-2020-nji okuw ýylynyň başlanmagyna bolsa, sanlyja günler galdy. Okuw gününiň ýürekleri gobsundyrjak jaň sesine atygsaýan kalplaryň bolsa duýgulary okamaga hyruçlanýar. Mekdep bosagasyndan ilkinji ýola gadam basjak körpejeler diýjekmi, talyp bolmak bagty miýesser eden ýaşlar diýjekmi, uly tolgunma bilen okuw taýýarlygyny görýärler.
Hut şu günlerde ýurdumyzyň ähli sebitinde guralan mekdep bazarlarynyň söwdalary bolsa barha gyzyşýar. Mekdep bazarlaryna gelýän müşderiler bu ýerde özlerine gerek bolan dürli görnüşli harytlary satyn alýarlar. Olaryň hatarynda okuw dersleriniň aýry-aýry ugurlary üçin niýetlenen depderleriň, kagyzlaryň, reňkli galamlaryň, ruçkalaryň, hasaplaýyş enjamlarynyň, kitapdyr depder daşlyklarynyň, galamdanlaryň, pozguçlaryň, surat çekmäge niýetlenen enjamlaryň, ýelimleriň, gündelikleriň giň görnüşi ýaýbaňlandyryldy.
Talyp ýaşlar üçin niýetlenen okuw maksatly esbaplaryň hem giň görnüşi mekdep bazarlarynda orun alýar. Şeýle hem körpeje gyzlar üçin niýetlenen tikilgi ak öňlükli ýaşyl köýnekler, ýantorbalar, akja köwüşlerdir saçbagylar hem iň bir geçginli harytlaryň hatarynda. Şol sanda oglanjyklar üçin niýetlenen gara balakdyr penjekler, akja köýnekler, boýunbaglar hem müşderileriň ösen isleglerini kanagatlandyrýar.
Täze 2019-2020-nji okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli okuwçylary we talyp ýaşlary mekdep harytlary we esbaplary bilen has doly üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň, Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň, «Türkmenkitap» lomaý-bölek birleşiginiň we hususy telekeleçileriň hemaýat etmeginde, paýtagtymyzyň çägindäki her bir bazaryň ýanynda guralan mekdep bazarlary 1-nji awgustdan başlap, hereket edip başlady. Olardan «Gülüstan» döwlet söwda merkeziniň meýdançasyndaky, «Teke» bazarynyň meýdançasyndaky, 3-nji bazaryň meýdançasyndaky, «Jennet» bazarynyň meýdançasyndaky, «Azatlyk» bazarynyň we «Emenek» hususy kärhanasynyň meýdançasyndaky, «Garaşsyzlygyň 15 ýyllygy» söwda merkeziniň meýdançasyndaky, «Köşi» alyjylar jemgyýetiniň №2, 3, 4, 5, 13, 23, 24 belgili dükanlarynyň öňündäki meýdançalarda, «Ahal» söwda taýýarlaýyş önümçilik kärhanasynyň «Gypjak» söwda merkeziniň meýdançasynda we «Medeni-durmuş, hojalyk we galantereýa harytlary» döwlet lomaý-bölek söwda firmasynyň 5-nji dükanynyň öňündäki meýdançasynda mekdep bazarlary giňden guraldy. Aşgabat şäheriniň çäginde mekdep bazarlarynyň 34-si guralyp, olar irden sagat 8:00-dan agşam sagat 20:00-a çenli müşderilere hyzmat edýär.
Göze gelüwli mahabatlary bilen ýerleşdirilen okuw maksatly esbaplaryň uly toplumy hemmeleriň ünsüni çekýär. Bu ýerde biz diňe bir okuwa höwesli kiçi ýaşly mekdep okuwçylaryň däl, eýsem, ýokary okuw mekdepleriniň giriş synaglaryndan üstünlikli geçen dalaşgärleriň, ýagny eýýäm talyplyk duýgulary bilen ýaşaýan ýaşlaryň hem birnäçesini gördük. Uly gyzyklanma bilen gerek esbaplaryny alýan talypdyr mekdep okuwçylaryny göreniňde täze okuw ýylyna nähili uly depginde taýýarlyk görülýändigine şaýat bolýarsyň. Mekdep bazarlary ýurdumyzyň welaýatlarynyň bazarlarynyň we söwda merkezleriniň ýanynda hem giňden guraldy. Ýurdumyzyň her bir raýaty halkyň eşretli, bolelin, bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda edýän taýsyz tagallalary üçin Gahryman Arkadagymyza çäksiz alkyş sözlerini aýdýarlar.

Поделиться в соцсетях

Получать Рассылку

DMC Firewall is developed by Dean Marshall Consultancy Ltd