abuna new

otel reklama

ruhabat

ruhabat

Ýakynda Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň we Türkmenistanyň Söwda we telekeçilik ugrunyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň bilelikde guramagynda ministrligiň welaýatlarda hem-de Aşgabat şäherinde ýerleşýän edara-kärhanalarynyň arasynda «2019-njy ýylyň iň oňat kärhanasy» atly bäsleşigi geçirmek hakynda karar kabul edildi. Bäsleşigi geçirmegiň maksady, «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynda ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda, raýatlaryň bolelin durmuşda ýaşamaklary baradaky edýän aladalaryny hem-de söwda işgärleriniň öňünde goýýan wezipelerini doly we üstünlikli durmuşa geçirmekden, ilata edilýän söwda hyzmatynyň medeniýetini we hilini ýokarlandyrmakdan, harytlara we önümlere bolan islegleri kanagatlandyrmakdan ugur alýar.
«2019-njy ýylyň iň oňat kärhanasy» atly bäsleşik Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine degişli oba, etrap alyjylar jemgyýetleriniň, önümçilik we söwda kärhanalarynyň arasynda hem-de Aşgabat şäheri boýunça azyk, senagat harytlarynyň söwdasyny alyp barýan, jemgyýetçilik iýmiti we önümçilik kärhanlarynyň, bazarlaryň, lomaý we bölek söwda kärhanalarynyň arasynda geçirilýär. Meýilnama laýyklykda, bäsleşigiň birinji we ikinji tapgyrlary şu ýylyň awgust-oktýabr aýlary aralygynda welaýatlarda hem-de Aşgabat şäherinde geçiriler. Bäsleşigiň jemleýji tapgyry noýabr aýynyň üçünji ongünlüginde Aşgabat şäherinde geçiriler. Bäsleşige ýurdumyzyň ähli oba, etrap alyjylar jemgyýetleriniň, şeýle hem ministrlige degişli bolan önümçilik we beýleki kärhanalary gatnaşyp bilýärler.
Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, bäsleşige gatnaşýan edara-kärhanalarda ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatlaryny halkyň arasynda wagyz etmek boýunça ýerine ýetirilýän işler we sagdyn durmuş ýörelgesini alyp barmak boýunça amala aşyrylýan işler, edara-kärhanalaryň arassaçylyk ýagdaýlary hem-de haryt dolanyşygy, maliýe görkezijileriniň talabalaýyklygy we ösen döwre kybap öwüşgin berlişi göz öňünde tutulýar. Şeýle-de edara-kärhanalarda zähmeti goramak we tehniki gözegçilik işleriniň alnyp barlyşy, dükanlarda haryt bolçulygy, gündelik halkyň sarp edýän harytlary bilen üpjünçiligi, ilata edilýän söwda hyzmatynyň ýokarylygy hem seljeriş işlerini geçiriş topary tarapyndan barlanylýar. Bulardan başga-da edara-kärhanlarda abatlaýyş-bejeriş işleri geçirilen, enjamlary täzelenen dükanlaryň, ammarlaryň, jemgyýetçilik iýmiti we önümçilik kärhanalarynyň sany, dükanlaryň düşewüntliligi, haryt goňşuçylygy, iş düzgünleriniň berjaý edilişi, satyjynyň bilim derejesi, jemgyýetçikik iýmitiniň we önümçiligiň gurnalyşy, zähmete hak tölenilişi, edara-kärhanalardaky arz-şikaýatlar we bahalaryň jeminiň görkezijileri boýunça ýeňijiler yglan edilýär.
Bäsleşigiň jemleri boýunça ministrligiň welaýat boýunça edara-kärhanalarynyň arasyndaky ýeňijileri degişli bolan welaýat alyjylar jemgyýetleriniň birleşikleriniň we kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmeleriniň sylaglary bilen sylaglanar.
Bäsleşigiň ýurt boýunça ýeňijilerine bolsa Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Söwda we telekeçilik ugrunyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň gymmat bahaly ýadygärlik sowgatlary hem-de Hormat hatlary gowşurylar.

Поделиться в соцсетях

Получать Рассылку

DMC Firewall is developed by Dean Marshall Consultancy Ltd