24 SAGAT HEREKETDE

Häzirki günlerde paýtagtymyzda gije-gündiz hereket edýän dükanlar öz işini gyzgalaňly alyp barýar. «Aşgabat 2017» oýunlary mynasybetli, has-da işjeňleşen bu söwda dükanlary paýtagtymyzyň dürli künjeginde ýerleşýär. Esasan hem, sanlyja günden başlanjak oýunlar mynasybetli ähmiýetli hyzmatlaryň hatarynda duran bu söwda merkezleri döwrebaplygy, önümleriniň köpdürliligi we ýerleşýän ýerleri boýunça paýtagtymyzyň söwda merkezleriniň arasynda iň meşhur  dükanlardyr.

«Aş­ga­bat 2017»-ä ba­gyş­la­nan da­ba­ra­lar

17-nji aw­gust­da paý­tag­ty­myz­da “Aş­ga­bat 2017” oýun­la­ry­na 30 gü­nüň gal­ma­gy my­na­sy­bet­li gu­ra­lan da­ba­ra­ly çä­re­ler giň ge­ri­me eýe bol­dy. Şol gün hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz paý­tag­ty­my­zyň Olim­pi­ýa şä­her­çesine ba­ryp, bu ýer­de gu­ra­lan “Azia­da-2017-niň ta­gam­la­ry” at­ly ser­gi bi­len ta­nyş­dy. Türk­men ga­wu­ny­nyň gü­ni my­na­sy­bet­li naý­ba­şy bak­ja önüm­le­ri­ne ba­gyş­la­ny­lan baý­ram­çy­lyk da­ba­ra­lar hem ge­çi­ril­di. 

«Altyn damja» bulduranda

Hormatly Prezidentimiziň döwletiň ykdysady kuwwatynyň berk bolmagynda önüm öndüriji pudaga aýratyn ornuň degişlidigi hakdaky parasatly pikirlerinden ugur alyp, ýurdumyzda önümçilik giň gerime eýe boldy. Islendik önümiň hili, islegliligi nazarda tutulyp, halka hödürlenilýär. 

«Gala» dagyň goýnundaky medeni-dynç alyş merkezi

29-njy iýun­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz dur­muş mak­sat­ly ýe­ne bir tä­ze des­ga­nyň – paý­tag­ty­my­zyň Ar­ça­bil et­ra­byn­da bi­na edi­len «Ga­la» me­de­ni-dynç alyş mer­ke­zi­niň açy­lyş da­ba­ra­sy­na gat­naş­dy. Kö­pet­da­gyň ete­gin­de aja­ýyp jül­ge­de peý­da bo­lan «Ga­la» me­de­ni-dynç alyş mer­ke­zi ýer­li te­bi­gat aý­ra­tyn­lyk­la­ry bi­len saz­la­şyp, Aş­ga­bat­da ke­ma­la gel­ýän hä­zir­ki za­man bi­na­la­ryň üs­tü­ni ýe­ti­rdi we hal­ky­my­zyň myh­man­sö­ýer­li­gi­ni açyp gör­kez­ýän dynç alyş des­ga­la­ry­nyň bi­ri­ne öw­rül­di. Bu aja­ýyp me­de­ni-dynç alyş mer­ke­zi­ni ýur­du­my­zyň Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň ag­za­la­ry gurdy. 
Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň de­giş­li Ka­ra­ry­na la­ýyk­lyk­da bi­na edi­len bu top­lum 3,21 gek­tar ýe­ri öz içi­ne al­ýar. Bu ýer­de py­ýa­da­lar üçin köp­ri, aw­to­mo­bil köp­rü­si, aw­tou­lag se­riş­de­le­ri üçin du­ral­ga göz öňün­de tu­tu­lyp­dyr. 
Me­de­ni-dynç alyş mer­ke­zin­de myh­man­la­ra ýo­ka­ry hil­li hyz­mat we is­len­dik gör­nüş­li ta­gam­la­ryň giň top­lu­my hö­dür­le­n­ýär. Ola­ryň ara­syn­da tej­ri­be­li aş­pez­le­riň taý­ýar­la­ýan türk­men mil­li ta­gam­la­ry aý­ra­tyn orun eýe­le­ýär. Res­to­ran­lar­da dynç al­ma­ga gel­ýän­ler üçin äh­li şert­ler göz öňün­de tu­tu­lan­dyr. Aş­ha­na­lar hä­zir­ki za­man en­jam­la­ry, önüm­le­riň dür­li gör­nüş­le­ri­ni sak­la­ma­ga ni­ýet­le­nen so­wa­dy­jy we doň­du­ry­jy en­jam­lar bi­len üp­jün edi­len­dir. Şeý­le hem am­mar­lar we beý­le­ki teh­ni­ki bi­na­lar göz öňün­de tu­tu­lyp­dyr.
Res­to­ran­la­ryň için­de mil­li be­zeg­çi­lik äheň­le­ri bi­len hä­zir­ki za­man me­ýil­le­ri saz­la­şyk­ly ut­gaş­dy­ry­lyp­, onuň bi­na­gär­lik keş­bin­de öz kök­le­ri­ni müň­ýyl­lyk­la­ryň jüm­mü­şin­den alyp gaýd­ýan mil­li bi­na­gär­li­giň ga­dy­my ýö­rel­ge­le­ri öz be­ýa­ny­ny tap­ýar.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz mer­ke­ziň aba­dan­laş­dy­ry­ly­şy bi­len ta­nyş­ma­gy­nyň do­wa­myn­da «Gök­de­re» res­to­ra­ny­na, soň­ra bi­na­nyň ikin­ji ga­tyn­da ýer­leş­ýän toý da­ba­ra­la­ry üçin ni­ýet­le­nen «De­pe» toý me­ka­ny­na, «Jül­ge» res­to­ra­ny­na ba­ryp gör­di. Toplumyň çäginde aja­ýyp ýü­züş suw how­dan­la­ry, ba­ryň go­la­ýyn­da ýer­le­şen, açyk ho­wa­da dynç al­mak üçin ni­ýet­le­nen žak­ku­zi bu ýe­re gel­ýän­le­riň yg­ty­ýa­ryn­da bo­lar. Top­lu­myň çä­gin­de kör­pe­ler üçin ak­wa­par­k, hem-de kör­pe­je­le­r üçin how­dan­jyk, çeş­me­jik we eme­li şag­la­wuk ýer­li kün­je­giň aý­dyň be­ze­gi­ne öw­rül­di. Me­de­ni-dynç alyş mer­ke­zin­de maş­ga­la bo­lup dynç al­mak üçin-de äh­li müm­kin­çi­lik­ler göz öňün­de tu­tu­lyp­dyr. 
Bu ýe­re gel­ýän­ler di­ňe bir oňat dynç al­mak hem-de wag­ty­ny gy­zyk­ly ge­çir­mek bi­len çäk­len­män, ýer­li te­bi­gat gö­zel­lik­le­ri­ni syn­lap, tä­miz dag ho­wa­syn­dan dem alar­lar. Bag­ty­ýar döw­rü­miz­de «Ga­la» me­de­ni-dynç alyş mer­ke­zi paý­tag­ty­my­zyň ýa­şaý­jy­la­ry­na we myh­man­la­ry­na garaşýar.

Bildirişler


Reklamalar


“Türkmenistan Sport” halkara žurnalynyň täze sany Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna bagyşlandy


“Hoş zaman” kompaniýasy “Aşgabat 2017” oýunlarynyň resmi hyzmatdaşy