24 SAGAT HEREKETDE

Häzirki günlerde paýtagtymyzda gije-gündiz hereket edýän dükanlar öz işini gyzgalaňly alyp barýar. «Aşgabat 2017» oýunlary mynasybetli, has-da işjeňleşen bu söwda dükanlary paýtagtymyzyň dürli künjeginde ýerleşýär. Esasan hem, sanlyja günden başlanjak oýunlar mynasybetli ähmiýetli hyzmatlaryň hatarynda duran bu söwda merkezleri döwrebaplygy, önümleriniň köpdürliligi we ýerleşýän ýerleri boýunça paýtagtymyzyň söwda merkezleriniň arasynda iň meşhur  dükanlardyr.

«Aş­ga­bat 2017»-ä ba­gyş­la­nan da­ba­ra­lar

17-nji aw­gust­da paý­tag­ty­myz­da “Aş­ga­bat 2017” oýun­la­ry­na 30 gü­nüň gal­ma­gy my­na­sy­bet­li gu­ra­lan da­ba­ra­ly çä­re­ler giň ge­ri­me eýe bol­dy. Şol gün hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz paý­tag­ty­my­zyň Olim­pi­ýa şä­her­çesine ba­ryp, bu ýer­de gu­ra­lan “Azia­da-2017-niň ta­gam­la­ry” at­ly ser­gi bi­len ta­nyş­dy. Türk­men ga­wu­ny­nyň gü­ni my­na­sy­bet­li naý­ba­şy bak­ja önüm­le­ri­ne ba­gyş­la­ny­lan baý­ram­çy­lyk da­ba­ra­lar hem ge­çi­ril­di. 

«Altyn damja» bulduranda

Hormatly Prezidentimiziň döwletiň ykdysady kuwwatynyň berk bolmagynda önüm öndüriji pudaga aýratyn ornuň degişlidigi hakdaky parasatly pikirlerinden ugur alyp, ýurdumyzda önümçilik giň gerime eýe boldy. Islendik önümiň hili, islegliligi nazarda tutulyp, halka hödürlenilýär. 

Dag içiniň “Ma­raly”

Gözel tebigatyň goý-nunda ýer­leş­ýän «Ma­ral» res­to­ra­ny in­di en­çe­me ýyl­lar­dan bä­ri il için­de öz meş­hur­ly­gy­ny sak­lap gel­ýär. Öz döw­rün­de ýer­leş­ýän ýe­ri bo­ýun­ça go­wy dynç alyş no­kat­la­ryň bi­ri ha­sap­la­nan bol­sa-da, hä­zir­ki ösen döw­rü­miz­de res­to­ran hem-ä ýer­leş­ýän ýe­ri­niň gö­zel­li­gi, to­mus pas­ly­nyň şy­pa­ly ho­wa­sy bi­len, hem-de özü­niň ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki hyz­mat­la­ry bi­len dynç al­mak üçin iň bir is­leg bil­di­ril­ýän ýer­le­riň bi­ri­ne öw­rül­di. 
Res­to­ra­nyň der­we­ze­sin­den gi­re­niň­den se­ni ýa­kym­ly duý­gu­lar gap­lap al­ýar. Gür bag­lyk, aý­dym-sa­zyň ýa­kym­ly owa­zy, sal­kyn ho­wa kal­by­ňy ra­hat­lan­dyr­ýar. Be­lent da­gyň ete­gin­dä­ki aras­sa ýo­da­jyk­lar gür bag­ly­gyň için­de dynç al­mak üçin ni­ýet­le­nen açyk bas­syr­ma­la­ra, akar su­wuň üs­tün­de gur­na­lan agaç se­ki­le­re alyp bar­ýar. Bu ýer­de dynç al­ma­ga ge­len­le­re dür­li ta­gam­lar, şol san­da mil­li ta­gam­la­ry­myz hem hö­dür­len­ýär. Teş­ne­li­gi­ňi gan­dyr­ýan dür­li iç­gi­ler we te­bi­gy ot­da tüň­çe­de gaý­na­dy­lan ça­ýa uly is­leg bil­di­ril­ýär. Gö­zel te­bi­ga­tyň goý­nun­da aras­sa ho­wa­da dür­li ta­gam­lar­dyr çaý ba­şyn­da söh­bet edip, dynç al­mak aý­ra­tyn lez­zet. Şeý­le lez­zet­li dynç al­mak is­le­ýän­le­re bu ýer­de is­leg­le­ri­ne gö­rä, şol wag­tyň özün­de, dür­li ta­gam­lar taý­ýar­lan­ýar, öz­le­ri­niň dur­mu­şyn­da­ky şan­ly se­ne­le­ri dost-ýar­la­ry bi­len ge­çir­mek is­le­ýän­ler üçin öňün­den buýr­ma­lar hem alyn­ýar. Bu ýe­re dynç al­ma­ga gel­ýän­le­riň kö­pü­si «Ma­ral» res­to­ra­ny­nyň te­bi­ga­tyň gö­zel­li­gi­ne ga­ry­şyp otu­ran­ly­gy üçin, to­mus pas­lyn­da dynç al­ma­ga amat­ly ýer­di­gi­ni aýd­ýar­lar. Res­to­ra­nyň muş­dak­la­ry dag ba­şyn­dan gaýd­ýan şag­la­wu­gy, akar suw­da aga­ýa­na ýü­zü­şip ýö­ren ýa­şyl­baş so­na­la­ry syn­lap do­ýup bil­me­ýär. Töwe­re­giň şeý­le gö­zel­lik­le­ri­ni syn­lap, te­bi­ga­tyň aja­ýyp sa­zy­ny diň­le­ýär­ler. Bu ýe­re dynç al­ma­ga gel­ýän­ler «Ma­ral» res­to­ra­ny­nyň en­çe­me ýyl­lar­dan bä­ri il için­de meş­hur­ly­gy­ny aý­ra­tyn bel­le­ýär­ler. Çün­ki ol dag jül­ge­sin­de ýer­leş­ýän res­to­ran­la­ryň il­kin­ji­le­ri­niň bi­ri­dir. Şo­nuň üçin hem dynç al­ma­ga gel­ýän­ler «Öz ça­ga­lyk, ýaş­lyk ýyl­la­ry­myz dynç al­ma­ga gel­ýän «Ma­ral» res­to­ra­ny­my­za Wa­ta­ny­my­zyň gül­läp ös­ýän hä­zir­ki döw­rün­de tä­ze, ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki öwüş­gin ça­ýy­lyp­dyr» di­ýip, buý­sanç bi­len aýd­ýar­lar. 
Biz hem il­deş­le­ri­mi­ze Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň dö­re­dip be­ren müm­kin­çi­lik­le­rin­den peý­da­la­nyp, to­mus dynç alyş­la­ry­ny sa­pa­ly ge­çir­mek­le­ri­ni ar­zuw ed­ýä­ris! 

Bildirişler


Reklamalar


“Türkmenistan Sport” halkara žurnalynyň täze sany Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna bagyşlandy


“Hoş zaman” kompaniýasy “Aşgabat 2017” oýunlarynyň resmi hyzmatdaşy