TÜRKMENISTANYŇ KANUNY

«Haryt-çig mal biržalary we birža söwdasy hakynda»


Türkmenistanyň Kanunyna goşmaçalar girizmek hakynda

Ykdysady ösüşleri nazarlap.

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ykdysady strategiýasynda ileri tutýan ugurlary, ilkinji nobatda, milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmakdan we toplumlaýyn düýpli döwrebaplaşdyrmakdan, bazar gatnaşyklarynyň we döwlet dolandyryşynyň sazlaşykly utgaşdyrylmagyndan ybaratdyr.

«Aşgabat 2017»-niň tagam hyz­mat­la­ry

Bir aý­dan gow­rak wagt­dan Aş­ga­bat­da ge­çi­ril­jek Ýa­pyk bi­na­lar­da we sö­weş sun­ga­ty bo­ýun­ça V Azi­ýa oýun­la­ryn­da ta­gam hyz­mat­la­ry­ny göw­ne­jaý gur­na­mak­ly­ga-da örän uly äh­mi­ýet be­ril­ýär. Myh­man­lar oýun döw­rün­de türk­men mil­li ta­gam­la­ryn­dan baş­lap, dün­ýä aş­ha­na­sy­nyň aý­ry­baş­ga lez­zet­le­rin­den dat­ma­ga müm­kin­çi­lik alar­lar. 
Be­den­ter­bi­ýe we sport bi­len meş­gul­lan­ýan adam­la­ryň ga­zan­ýan üs­tün­lik­le­ri, bel­li bir de­re­je­de, ola­ryň ka­da­ly iý­mit­le­ni­şi­ne bag­ly­dyr. Hal­ka­ra de­re­je­sin­de ge­çi­ril­ýän her bir sport ýa­ryş­la­ryn­da tür­gen­le­riň, myh­man­la­ryň gö­wün is­leg­le­ri­ne gö­rä na­har­lan­ma­gy üçin äh­li ze­rur şert­ler dö­re­dil­ýär. Mu­nuň şeý­le­di­gi­ne, hä­zir­ki wag­ta çen­li dün­ýä ýü­zün­de ge­çi­ri­len Olim­pi­ýa oýun­la­ry hem şa­ýat­lyk ed­ýär.
Bu ba­bat­da my­sal­la­ra ýüz­le­ne­liň:
 2014-nji ýyl­da Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­syn­da il­kin­ji ge­zek Gyş­ky Olim­pi­ýa oýun­la­ry ge­çi­ril­di. Bu Olim­pi­ýa oýun­la­ry­na 88 ýurt­dan tür­gen­ler gat­na­şyp, ola­ra ta­gam­la­ryň 600-e go­laý, to­ma­şa­çy­la­ra 300-e go­laý gör­nü­şi hö­dür­len­di. 
 2013-nji ýyl­da Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Ka­zan şä­he­rin­de ge­çi­ri­len uni­wer­sia­da 11500 tür­gen gat­na­şyp, ola­ryň bir gü­nüň do­wa­myn­da 5 ki­log­ram möç­be­rin­de (5000 ki­lo­ka­lo­ri­ýa­dan yba­rat) dür­li ta­gam­lar bi­len iý­mit­le­nen­di­gi mä­lim­dir. Uni­wer­sia­da­da bäş ugur bo­ýun­ça ta­gam taý­ýar­la­nyp, olar Ýew­ro­pa (55%), Azi­ýa ta­gam­la­ry (16%), mil­li ta­gam­lar (5%), ha­lal (12%) we we­ge­te­ri­an ta­gam­la­ry (11%) bol­dy. 

2013-nji ýy­lyň sent­ýab­ryn­da Ko­re­ýa­nyň Inç­hon şä­he­rin­de ge­çen Azi­ýa oýun­la­ryn­da 4 ugur bo­ýun­ça — Gün­ba­tar, Azi­ýa, ha­lal we Ko­reý ta­gam­la­ry taý­ýar­lan­dy. Olar 5 gün­den bir ge­zek üýt­ge­di­lip, 24 sa­ga­dyň do­wa­myn­da he­re­ket et­di. Na­har­ha­na­da bir wag­tyň özün­de 3500 adam na­har­la­nyp bi­lip­dir.  

Ýur­du­myz­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ta­gal­la­la­ry ne­ti­je­sin­de yzy­gi­der­li gur­lup ula­nyl­ma­ga be­ril­ýän sport des­ga­la­ry dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi­niň ün­sü­ni türk­men top­ra­gy­na gö­nük­dir­di. Hal­ka­ra sport baý­ram­çy­ly­gy my­na­sy­bet­li gur­lan Olim­pi­ýa şä­her­ji­gi­niň er­te­ki­ler­dä­ki ýa­ly kal­by­ňy ruh­lan­dy­ry­jy keş­bi her bir wa­tan­da­şy­my­zyň göw­nü­ne ga­nat bag­lat­dy. «Aşgabat 2017»-ä gat­naş­jak ýurt­lar­dan ga­dy­my türk­men top­ra­gy­na gel­jek myh­man­la­ryň gü­ler ýüz­li, duz-çö­rek­li gar­şy alyn­ma­gy üçin gö­rül­ýän ýo­ka­ry taý­ýar­lyk hal­ka­ra sport baý­ram­çy­ly­gy­nyň üs­tün­lik­li geç­jek­li­gi­niň ala­ma­ty­dyr. Aş­ga­bat­da ge­çi­ril­jek Ýa­pyk bi­na­lar­da we sö­weş sun­ga­ty bo­ýun­ça V Azi­ýa oýun­la­ry­nyň gu­ra­ma­çy­lyk iş­le­ri ta­la­ba­la­ýyk ýe­ri­ne ýe­ti­ril­di. Oýun döw­ri iň esa­sy üns be­ril­ýän ugur­la­ryň bi­ri bo­lan ta­gam hyz­mat­la­ry­ny ýo­la goý­mak işi has ir­räk baş­lan­dy. 
 2014-nji ýy­lyň 8–10-njy ap­re­lin­de Türk­me­nis­tan­da, «Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da «Aşgabat 2017-niň ta­gam­la­ry» at­ly hal­ka­ra okuw mas­la­ha­ty we ser­gi ge­çi­ril­di. On­da Türk­me­nis­tan bi­len bir­lik­de Ga­za­gys­tan, Öz­be­gis­tan, Tür­ki­ýe, Ger­ma­ni­ýa, Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy, Be­la­rus, Be­ýik Bri­ta­ni­ýa, Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri, Azer­baý­jan, Fi­lip­pin­ler, Hin­dis­tan, Pa­kis­tan, Hy­taý, Ita­li­ýa, Ko­re­ýa, Ýa­po­ni­ýa, Ma­laý­zi­ýa, Tai­land ýaly ýurt­la­ryň mil­li ta­gam­la­ry, ola­ry taý­ýar­la­ma­gyň, sa­ça­ga äber­me­giň usul­la­ry be­ýan edil­di. 
Hä­zir­ki dö­wür­de türk­men aş­ha­na­sy­nyň ägirt uly müm­kin­çi­lik­le­ri bar. Ol beý­le­ki mil­let­le­riň aş­ha­na me­de­ni­ýe­ti­niň, şol bir wag­tyň özün­de ta­gam taý­ýar­la­ma­gyň ösü­şi bi­len berk bag­la­ny­şyk­ly­dyr. 
 Gel­jek­de bu hal­ka­ra çä­re­si bi­ziň ýur­du­myz üçin sport ýa­ryş­la­ry­ny gu­ra­mak­da uly tej­ri­be bo­lar. Ýur­du­myz­da ge­çi­ril­jek bu sport baý­ram­çy­ly­gy me­de­ni­ýet­le­riň we dost-do­gan­ly­gyň to­ýu­na öw­rü­ler. Dün­ýä­niň dür­li ýurt­la­ryn­dan gel­jek myh­man­lar türk­men top­ra­gyn­da bir sup­ra­nyň ba­şy­na jem bo­lar­lar. Ola­ra be­re­ket­li top­ra­gy­myz­da ön­ýän dat­ly mi­we­ler­dir gök önüm­ler, mil­li ta­gam­la­ry­myz hö­dür­le­ner. 
Şeý­le­lik­de, dün­ýä halk­la­ry türk­me­niň bag­ty­ýar­ly­gy­na, je­bis­li­gi­ne, ag­zy­bir­li­gi­ne ýe­ne bir ýola göz ýe­ti­rer­ler.

Daýanç DURDYÝEW,
V Azi­ýa oýun­la­ry­na taý­ýar­lyk gör­mek ba­ra­da­ky ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji ko­mi­te­tiň iýmit bilen üpjün etmek we arassaçylyk bölüminiň baş hünärmeni.

 

Bildirişler


Reklamalar


“Hoş zaman” kompaniýasy “Aşgabat 2017” oýunlarynyň resmi hyzmatdaşy