Email: Info@mintradefer.gov.tm
 

«Aşgabat 2017»-niň ulag hyz­mat­la­ry

Sa­byr­syz­lyk bi­len ga­ra­şyl­ýan «Aşgabat 2017»-niň baş­lan­ma­gy­na az wagt gal­dy. Mu­ňa ga­ra­maz­dan, sport oýun­la­ry­na ze­rur bo­lan äh­li taý­ýar­lyk iş­le­ri do­ly ýo­la go­ýul­dy. Bu hal­ka­ra çä­re­si dün­ýä ýü­zü­ne türk­men hal­ky­nyň mil­li öz­bo­luş­ly­ly­gy­nyň, edim-gy­lym­la­ry­nyň we ah­lak päk­li­gi­niň asyl dur­ku­ny ha­ky­ky keş­bin­de açyp gör­ke­zer. Bu ugur­da iň äh­mi­ýet­li hyz­mat­la­ry­nyň bi­ri-de ulag hyz­ma­ty­dyr.
Oýun­la­ryň geç­ýän döw­ri myh­man­la­ryň we paý­tag­ty­my­zyň ýa­şaý­jy­la­ry­nyň sport mer­kez­le­ri­ne, ýa­ryş meý­dan­ça­la­ry­na ra­hat ba­ryp bil­mek­le­ri üçin äh­li ze­rur şert­ler göz öňün­de tu­tul­dy. Şo­ňa gö­rä-de her bir gat­na­şy­jy­nyň olim­pi­ýa mer­kez­le­ri­ne haý­sy ugur bi­len ge­lip, haý­sy ugur bi­len git­jek­li­gi, ulag hyz­mat­la­ryn­dan peý­da­lan­mak müm­kin­çi­li­gi me­ýil­na­ma­lar­da do­ly kes­git­len­di. 
 Oýun­la­ra gat­na­şy­jy­la­ryň ulag­la­ry­ny ge­çir­mek, mün­mek-düş­mek zo­la­gy, du­ral­ga, ulag-bar­lag no­ka­dy hem-de des­ga­dan çy­kyş ýo­ly we kö­çe ul­ga­my­nyň tö­we­re­gi­ne gö­zeg­çi­lik et­mek ýa­ly hyz­mat­lar üns mer­ke­zin­de sak­la­nar. Hyz­mat­lar­da dü­şü­niş­mek ýo­ly ar­ka­ly müş­de­ri­le­riň ta­lap­la­ry­ny ka­na­gat­lan­dyr­mak mak­sat edil­ýär. Oýun­la­ra gat­na­şy­jy­lar ulag hyz­mat­la­ry ba­ra­da mag­lu­mat­lar bi­len ta­nyş edi­ler. Hyz­mat­la­ryň çä­gin­de tä­lim­çi­ler, met­bu­gat iş­gär­le­ri, to­ma­şa­çy­lar we res­mi we­kil­ler üçin aw­to­bus hyz­mat­la­ry ýo­la goý­lar. Oýun döw­rün­de VAPP-lar we VAPP (ulag gi­riş rug­sat­na­ma­sy) bar­lag­la­ry ama­la aşy­ry­lar. VAPP tag­ta­la­ry äh­li ulag bar­lag meý­dan­ça­la­ryn­da, ulag­la­ryň rug­sat­na­ma bar­lag no­kat­la­ryn­da bo­lar. Howp­suz­lyk gul­lu­gy­nyň iş­gä­ri VAPP-y we rug­sat­na­ma­sy­ny bar­lar, eger nä­saz­lyk ýü­ze çyk­sa, gir­me­gi ga­da­gan eder. Ulag hyz­mat­la­ry­nyň dog­ry gur­nal­ma­gy bi­len müş­de­ri to­par­la­ry­nyň ulag­la­ry howp­suz ýag­daý­da we öz wag­tyn­da des­ga­la­ry­na ba­ryp bi­ler­ler. Şeý­le hem to­ma­şa­çy­lar we iş­çi­ler bir des­ga­dan beý­le­ki des­ga howp­suz, ra­hat aý­la­nyp bi­ler­ler. Des­ga­la­ryň tö­we­re­gin­dä­ki ýer­li ýa­şaý­jy­la­ryň ada­ty iş he­re­ket­le­ri do­wam eder we beý­le­ki iş­ler ýer­lik­siz sak­lan­maz. Äh­li oýun­la­ra gat­na­şy­jy­lar (tür­gen­ler, ýo­ka­ry de­re­je­li myh­man­lar, met­bu­gat iş­gär­le­ri we res­mi we­kil­ler) üçin ýur­da gi­riş/çy­kyş men­zil­le­rin­de ola­ryň gu­ra­ma­çy­lyk­ly ge­lip-git­me­gi üçin me­ýil­na­ma taý­ýar­la­mak we gö­zeg­çi­lik et­mek ta­la­ba­la­ýyk gur­nal­dy. 

Olim­pi­ýa şä­her­ji­gi di­ňe bir sport des­ga­la­ryn­dan we döw­re­bap myh­man­ha­na­lar­dan yba­rat bol­man, ol ýer­de Mo­no­rels ýo­ly hem bar. Mo­no­rels tür­gen­le­riň, tä­lim­çi­le­riň we teh­ni­ki iş­gär­le­riň päs­gel­çi­lik­siz he­re­ket et­me­gi üçin ni­ýet­le­nen­dir. 

Mo­no­rels Olim­pi­ýa şä­her­ji­gi­niň hyz­mat ediş bi­na­syn­dan ugur alyp, tür­gen­ler üçin ni­ýet­le­nen myh­man­ha­na­nyň du­ral­ga­sy­na bar­ýar. Soň­ra jem­gy­ýet­çi­lik me­de­ni dynç alyş mer­ke­zin­de dur­ýar. Ol ýer­den ýo­lag­çy­lar öz ýa­şa­ýan ýer­le­ri­ne, myh­man­ha­na­sy­na, dynç al­mak üçin jem­gy­ýet­çi­lik mer­ke­zi­ne ba­ryp bil­ýär­ler. Üçün­ji du­ral­ga­da sport bi­na­sy­na we sam­bo, ku­raş, sport gö­re­şi, gu­şak­ly we mil­li gö­re­şiň ge­çi­ril­jek 5000 orun­lyk üs­ti ýa­pyk are­na ba­ryp bol­ýar. Mun­dan baş­ga-da ýo­lag­çy­lar tür­gen­ler üçin ni­ýet­le­nen uly tür­gen­le­şik bi­na­la­ry­na, spor­tuň to­par­la­ýyn gör­nüş­le­ri üçin açyk meý­dan­ça­lar­da tür­gen­le­şik ge­çip bil­erler. Mo­no­rels ug­ru­nyň 45000 orun­lyk Olim­pi­ýa sta­dio­ny­nyň, 5000 orun­lyk ýe­ňil at­le­ti­ka bi­na­sy­nyň we 5000 orun­lyk üs­ti ýa­pyk suw top­lu­my­ny ke­sip geç­mek­li­gi göz öňün­de tu­tu­lan­dyr. Şol ýo­luň ug­run­da 4000 orun­lyk ýa­pyk ten­nis kor­ty, do­ping bar­lag we sag­ly­gy di­kel­diş mer­kez­le­ri bar. Mo­no­rel­siň iň soň­ky du­ral­ga­sy tür­gen­ler üçin ni­ýet­le­nen 2 gat­ly na­har­ha­na­dyr. 
Umu­man, mo­no­rels ýo­ly di­ňe «Aşgabat 2017» oýun­la­ryn­da däl, on­dan soň hem Olim­pi­ýa şä­her­ji­gi­niň ulag ara­gat­na­şyk hyz­ma­tyn­da uly or­ny eýe­lär.

Ça­ry HO­JA­MY­RA­DOW,
V Azi­ýa oýun­la­ry­na taý­ýar­lyk gör­mek ba­ra­da­ky ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji ko­mi­te­tiň ulag we myhmanlary ýerleşdirmek bölüminiň başlygynyň orunbasary.

 

Kärhanalarymyz

Reklama

KOMPÝUTER tilsimaty merkezi

Tel: +993 12 93 40 50 Faks: +993 12 93 40 60 Sal­gy­sy: Aş­ga­bat ş. Mag­tym­gu­ly şa­ýo­ly, 111 «A» jaý. E-ma­il: tdsoft@on­li­ne.tm, Web­saýt: www.cct.com

«Türkmenetsüýtsöwda» döwlet lomaý-bölek söwda firmasy ýokary hilli et-ýapma we şöhlat önümlerini amatly bahalardan satýar.

Salgysy: Aşgabat şäheriniň Şamämmet Suhangulyýew (1930) köçesiniň 1-nji jaýy

Tel: 76-02-22; 76-04-73. Faks: 76-19-05.