TÜRKMENISTANYŇ KANUNY

«Haryt-çig mal biržalary we birža söwdasy hakynda»


Türkmenistanyň Kanunyna goşmaçalar girizmek hakynda

Ykdysady ösüşleri nazarlap.

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ykdysady strategiýasynda ileri tutýan ugurlary, ilkinji nobatda, milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmakdan we toplumlaýyn düýpli döwrebaplaşdyrmakdan, bazar gatnaşyklarynyň we döwlet dolandyryşynyň sazlaşykly utgaşdyrylmagyndan ybaratdyr.

“Aşgabat 2017” oýunlarynyň işewür hyzmatdaşlarynyň gerimi giňelýär

Golaýlap gelýän ägirt uly taryhy wakanyň “Aşgabat 2017”-niň resmi hyzmatdaşlarynyň sany barha artýar. Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň habar bermegine görä, ýurdumyzyň “Türkmen ak ýol” kompaniýasy “Aşgabat 2017” oýunlarynyň ýene-de bir resmi hemaýatkäri boldy.
Bu kompaniýa ýükleri daşamak hem-de dürli senagat pudaklary boýunça toplumlaýyn logistika ýaly hyzmatlaryň köp görnüşlerini hödürleýän tejribeli işewür hyzmatdaş hökmünde meşhurdyr.
“Aşgabat 2017” oýunlarynyň resmi hemaýatkäri hökmünde kompaniýa Ýerine ýetiriji komitet hem-de onuň hyzmatdaşlary bilen logistiki hyzmatlary meýilleşdirmekde we ilerletmekde ysnyşykly hyzmatdaşlyk eder.
Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna dahyllydygy bilen ruhlanan “Türkmen ak ýol” kompaniýasynyň hünärmenleri “Aşgabat 2017” oýunlarynda logistiki hyzmatlaryň ýokary hilini üpjün etmek üçin özleriniň kuwwatyndan we tejribesinden netijeli peýdalanmaga çalyşýarlar. Olaryň pikirine görä, bu oýunlar “Iň uly halkara sport baýramçylygy bolar”.

Bildirişler


Reklamalar


“Hoş zaman” kompaniýasy “Aşgabat 2017” oýunlarynyň resmi hyzmatdaşy