24 SAGAT HEREKETDE

Häzirki günlerde paýtagtymyzda gije-gündiz hereket edýän dükanlar öz işini gyzgalaňly alyp barýar. «Aşgabat 2017» oýunlary mynasybetli, has-da işjeňleşen bu söwda dükanlary paýtagtymyzyň dürli künjeginde ýerleşýär. Esasan hem, sanlyja günden başlanjak oýunlar mynasybetli ähmiýetli hyzmatlaryň hatarynda duran bu söwda merkezleri döwrebaplygy, önümleriniň köpdürliligi we ýerleşýän ýerleri boýunça paýtagtymyzyň söwda merkezleriniň arasynda iň meşhur  dükanlardyr.

«Aş­ga­bat 2017»-ä ba­gyş­la­nan da­ba­ra­lar

17-nji aw­gust­da paý­tag­ty­myz­da “Aş­ga­bat 2017” oýun­la­ry­na 30 gü­nüň gal­ma­gy my­na­sy­bet­li gu­ra­lan da­ba­ra­ly çä­re­ler giň ge­ri­me eýe bol­dy. Şol gün hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz paý­tag­ty­my­zyň Olim­pi­ýa şä­her­çesine ba­ryp, bu ýer­de gu­ra­lan “Azia­da-2017-niň ta­gam­la­ry” at­ly ser­gi bi­len ta­nyş­dy. Türk­men ga­wu­ny­nyň gü­ni my­na­sy­bet­li naý­ba­şy bak­ja önüm­le­ri­ne ba­gyş­la­ny­lan baý­ram­çy­lyk da­ba­ra­lar hem ge­çi­ril­di. 

«Altyn damja» bulduranda

Hormatly Prezidentimiziň döwletiň ykdysady kuwwatynyň berk bolmagynda önüm öndüriji pudaga aýratyn ornuň degişlidigi hakdaky parasatly pikirlerinden ugur alyp, ýurdumyzda önümçilik giň gerime eýe boldy. Islendik önümiň hili, islegliligi nazarda tutulyp, halka hödürlenilýär. 

Türkmenistanyň paýtagtynyň täze ajaýyp ýerleri Ginnesiň rekordlar kitabynda

Ginnesiň rekordlar kitaby üçin maglumatlary ýygnamak bilen meşgullanýan “Guinness World Records” kompaniýasynyň wekilleri Aşgabadyň täze gözel ýerleriniň käbir desgalaryny ölçegleri boýunça örän iri hökmünde bellige aldylar. Munuň şeýledigini tassyklaýan güwänamalara laýyklykda, Aşgabadyň täze döwrebap Olimpiýa stadionynyň münberini bezeýän ahalteke bedewiniň çeper keşbi atyň dünýäde iň uly nyşany hökmünde, Aşgabadyň Olimpiýa şäherjiginiň Sportuň suw görnüşleri merkezi bolsa halkara ölçegleriň ýokary talaplaryna laýyk gelýän, ekologiýa taýdan arassa serişdelerden taýýarlanan, häzirki zaman tehnologiýalarynyň esasynda bina edilen, dünýäde iň uly suwda ýüzülýän üsti ýapyk howuz hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň üns merkezinde durýan, Aşgabat Aziadasyna görülýän düýpli taýýarlyk binagärlik işlerinde hem öz aýdyň beýanyny tapýar: paýtagtymyzda özboluşly sport toplumy — diňe Merkezi Aziýa sebitinde däl eýsem, onuň çäklerinden alyslarda hem deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherçesi bina edildi.

Munuň özi naýbaşy taslamanyň diňe giň gerimli ölçegine däl-de, eýsem, desgalaryň 30-dan gowragyny öz içine alýan şäherçäniň üpjünçilik derejesine, onuň ýokary tehnologiýaly düzümine, amatlylygyna hem-de gaýtalanmajak estetiki keşbine hem degişlidir. Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň uly dabaralaryna we ýaryşlaryna gatnaşyjylaryň ählisiniň depesinden biziň milli taryhymyzyň nyşany, mirasymyzyň hem-de täze döwrüň döredijilik güýjüniň alamaty bolan ahalteke atynyň äpet uly keşbiniň garap durmagy kanunalaýykdyr. Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen atyň şekiliniň beýikligi 40,05 metre (131 fut 4,9 dýuým), uzynlygy 37, 69 metre (123 fut 7, 9 dýuým) hem-de ini 40, 24 metre (132 fut 0,6 dýuým) barabardyr. At bilen birlikde Aziýa oýunlarynyň alawunyň çanagy hem belentlikde ýerleşýär. Ol milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen türkmenleriň däp bolan ýüzärliginiň dessesi görnüşinde bezeldi. Üstünligiň hem-de goramagyň tumarynyň wezipesini alaja hem ýerine ýetirýär. Ol alawyň çanagyny hem-de bedewiň boýnuny bezeýär. Ol hem oýunlaryň açylyş dabarasynda alawy ýakmak pikiri ýaly, döwlet Baştutanymyzyň teklibi bilen bu keşbi bezemäge girizildi.
Şeýle hem, Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesiniň Sportuň suw görnüşleri merkezi mynasyp bolup, ol halkara ölçegleriniň ýokary talaplaryna laýyk gelýän, ekologiýa taýdan arassa serişdelerden taýýarlanan, häzirki zaman tehnologiýalaryň esasynda bina edilen, dünýäde iň uly suwda ýüzülýän üsti ýapyk howuz hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.
Suwda ýüzmek we suwa bökmek ýaryşlarynyň geçirilýän bu toplumynda bir wagtyň özünde bäş müň tomaşaçy ýaryşlara tomaşa edip biler. Toplumyň içinde ýaryşlary geçirmek we türgenleri taýýarlamak üçin niýetlenen dürli ölçegdäki howuzlaryň 4-si ýerleşdirildi. 2017-nji ýylyň 26-njy aprelinde rekordlar kitabynyň wekilleriniň geçiren ölçeglerine laýyklykda, howuzlaryň umumy meýdany 4 müň 976, 65 inedördül metre (53 568 inedördül fut) deň boldy.
Tomaşaçylar üçin münberlerde janköýerler üçin hem degişli şertler göz öňünde tutuldy. Täze suw toplumynyň düzümine sport terapiýasynyň meýdançasy, sport-sagaldyş zaly, oňaýly egin-eşik çalşyrylýan otaglar hem-de türgenler üçin dynç alyş otagy, ilkinji lukmançylyk kömegini berýän bölüm girýär. Bulardan başga-da, taslamada restoran, kafe birnäçe garbanyşhana göz öňünde tutuldy.

Bildirişler


Reklamalar


“Türkmenistan Sport” halkara žurnalynyň täze sany Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna bagyşlandy


“Hoş zaman” kompaniýasy “Aşgabat 2017” oýunlarynyň resmi hyzmatdaşy