TÜRKMENISTANYŇ KANUNY

«Haryt-çig mal biržalary we birža söwdasy hakynda»


Türkmenistanyň Kanunyna goşmaçalar girizmek hakynda

Ykdysady ösüşleri nazarlap.

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ykdysady strategiýasynda ileri tutýan ugurlary, ilkinji nobatda, milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmakdan we toplumlaýyn düýpli döwrebaplaşdyrmakdan, bazar gatnaşyklarynyň we döwlet dolandyryşynyň sazlaşykly utgaşdyrylmagyndan ybaratdyr.

“Aşgabat 2017” Watanymyzyň taryhyna şan berdi

Paýtagtymyzda “Aşgabat 2017” oýunlary üstünlikli jemlendi. Aşgabadyň Olimpiýa stadionynda 10 günläp olimpiýa alawy lowlap ýandy. “Aşgabat 2017” oýunlarynyň şaýady hökmünde Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň baýdagy pasyrdady.
Aşgabat Aziýa we Okeaniýa döwletleriniň türgenleriniň dostluk mekanyna öwrüldi. Olar şol 10 günüň dowamynda bäsleşdiler hem dostlaşdylar. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda «Aşgabat 2017» oýunlary ýokary guramaçylyk derejesinde geçdi. Myhmanlar türkmen myhmansöýerliginiň şaýady boldular. Ol myhmanlar Aşgabada öňem gelip, ýene-de gelmegiň arzuwynda bolan myhmanlar. Olar öň Aşgabada gelip görmedik, ýöne Aşgabadyň gözelligine aşyk bolup, gelip görmegi arzuw eden myhmanlar. Gözel paýtagtymyz Aşgabat bolsa adatdaky ýaly bu gezek hem myhmanlary öz mähribanlygy, gözelligi, söýgüsi, ajaýyp keşbi bilen garşylady. Gözel şäherimize seýil eden myhmanlarda Aşgabadyň agşamy ýatdan çykmajak ýatlamalary galdyrdy.

Ýeňiş ugrunda göreş
Hawa, «Aşgabat 2017» Watanymyzyň taryhyna şöhratly sahypa ýazdy. Ýaryşlar döwri dünýä döwletlerinden gelen türgenler sportuň 21 görnüşi boýunça bäsleşdiler. Olaryň bäsleşigi ýokary derejede gurlan Olimpiýa şäherçesiniň dürli görnüşli sport binalarynda geçirildi. Türgenler ähli güýjüni jemläp, sport bäsleşiklerinde yhlasly göreşdiler. Olar ýeňiş üçin, öz Watanynyň, ildeşleriniň özlerine bildiren ynamlaryny ödemek üçin ýaryşdylar. Ýeňijiniň hormatyna onuň ýurdunyň baýdagy galdyrylyp, döwlet senasy ýerine ýetirildi. Ýaryşlarda biziň türgenlerimiziň üstünlikli çykyş etmegi bolsa ildeşlerimiziň şatlygyny goşalandyrdy. Türgenlerimiz 89 altyn, 70 kümüş,  86 bürünç medallaryny gazanyp, umumy medal sanyny 245-e ýetirdiler. Şeýlelikde, Gahryman Arkadagymyzyň yhlasyndan, ildeşlerimiziň umydyndan goldaw tapan türgenlerimiziň «Aşgabat 2017» oýunlarynda medal gazanmak boýunça birinji orunda bolmagy Watanymyzyň sport taryhyna öçmejek şöhrat getirdi.

Hoşlaşyk pursatlary
Ine-de, «Aşgabat 2017» oýunlarynyň ýapylyş dabarasy. Bu dabara türgenler öz gazanan üstünliklerini sowgat getiren bolsalar, 45 000 tomaşaçy olary gutlamaga geldi. Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň baýdagy aşak düşürildi, olimpiýa alawynyň ody söndürildi, «Aşgabat 2017»-niň keşbi bolan Wepaly atly alabaý bilen hoşlaşyldy. Elbetde, hoşlaşyk wagty, ol dabaraly hoşlaşyk bolanlygyna garamazdan, adamlara ýeňiljek gussa aralaşdy. Myhmanlar özlerini garşy alan Wepaly bilen hoşlaşdylar. Ýöne olar hoşlaşsalar-da, sowgatlyk hökmünde ýasalan Wepalynyň keşbini ýanlary bilen öz ýurtlaryna alyp gitdiler. Olar Wepalynyň keşbine gözleri düşende «Aşgabat 2017» oýunlaryndaky ýakymly ýatlamalary aňlarynda aýlamak üçin şeýle etdiler.
«Aşgabat 2017» oýunlarynyň ýapylyş dabarasyny biziň estrada ýyldyzlarymyz bilen bilelikde daşary döwletlerden gelen belli estrada aýdymçylary hem şatlyk-şowhuna beslediler. Russiýa Federasiýasyndan, Özbegistandan, Liwandan, Beýik Britaniýadan, Türkiýeden gelen estrada ýyldyzlary özleriniň aýdymlaryny «Aşgabat 2017»-niň şanyna ýerine ýetirdiler. Olar tomaşaçylara türkmen dilinde ýüzlenmek bilen parahatçylyk söýüji, dostana türkmen halkyna, halkyň Arkadag Prezidentine öz söýgülerini, hormatlaryny beýan etdiler.
Hawa, Gahryman Arkadagymyzyň pähim-parasady bilen ýurdumyzda geçirilen «Aşgabat 2017» oýunlary ýurdumyzyň taryhyna ýatdan çykmajak şanly waka bolup girdi. Sport baýramçylygyna gatnaşan myhmanlar ol pursatlary hemişelik ýatlarynda saklasa, geljekki nesillerimiz halkymyzyň bu şöhratly taryhyna guwanyp ýaşarlar.

Bildirişler


Reklamalar


“Hoş zaman” kompaniýasy “Aşgabat 2017” oýunlarynyň resmi hyzmatdaşy