TÜRKMENISTANYŇ KANUNY

«Haryt-çig mal biržalary we birža söwdasy hakynda»


Türkmenistanyň Kanunyna goşmaçalar girizmek hakynda

Ykdysady ösüşleri nazarlap.

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ykdysady strategiýasynda ileri tutýan ugurlary, ilkinji nobatda, milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmakdan we toplumlaýyn düýpli döwrebaplaşdyrmakdan, bazar gatnaşyklarynyň we döwlet dolandyryşynyň sazlaşykly utgaşdyrylmagyndan ybaratdyr.

Ýaşulular maslahatynda Türkmenistany mundan beýläk-de ösdürmek boýunça möhüm çözgütler kabul edildi

“Nowruz ýaýlasynyň ak öýünde” hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklygynda döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynda şanly waka öwrülen Türkmenistanyň Ýaşulular maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň ikinji, jemleýji güni geçirildi. Onuň barşynda ýurdumyzy mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmegiň ileri tutulýan wezipeleri kesgitlenildi hem-de möhüm resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Mejlisiň çäklerinde milli Liderimiz täze taryhy eýýamda ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan oňyn durmuş-ykdysady we demokratik özgertmeleri durmuşa geçirmäge gönükdirilen möhüm resminamalaryň hem-de kanunçylyk namalarynyň birnäçesine gol çekdi.

Türkmen jemgyýetiniň gurluşynyň gadymdan gelýän institutlarynyň biriniň mejlisi hakyky umumymilli forumyna öwrülýär. Onda Garaşsyz hem Bitarap Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmek, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmek üçin uly ähmiýete eýe bolan möhüm meselelere garalýar we anyk çözgütler kabul edilýär.
Forumyň işiniň birinji gününde döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow özüniň maksatnamalaýyn çykyşynda ýurdumyzyň soňky ýyllarda içeri syýasatda we halkara derejesinde gazanan üstünliklerini belledi. “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2018-2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy” barada aýratyn durlup geçildi. Bu maksatnamanyň durmuşa geçirilmegi özygtyýarly Watanymyzyň okgunly ösmegine ýardam etmelidir.
Milli Liderimiziň durmuş ugurly syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryny nazara almak bilen işlenip taýýarlanylan bu strategiki resminamanyň esasy maksady bazar ykdysadyýetine tapgyrlaýyn geçmekden ybaratdyr. Ol bu işi sazlaşykly amala aşyrmaga mümkinçilik berýär.
Döwlet Baştutanymyz öňümizdäki giň möçberli işiň ileri tutulýan ugurlary barada aýdyp, bellenen döwürde işjeň maýa goýum syýasatynyň durmuşa geçiriljekdigini, hereket edýän taslamalary, şeýle hem täze, şol sanda halkara we sebit ähmiýetli taslamalary maliýeleşdirmek işiniň dowam etdiriljekdigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow içerki serişdeleriň esasy çeşme boljakdygyna aýratyn ünsi çekdi. Bu ýagdaý ýurdumyzda ykdysady ýagdaýyň ýeterlik derejede durnuklydygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Döwlet Baştutanymyzyň çykyşynda şeýle hem hödürlenen Maksatnama laýyklykda, ýakyn ýyllaryň dowamynda ýurdumyzyň jemi içerki önüminiň ýyllyk ösüş depginini ýokary derejede - 6,2–8,2 göterim derejede saklamagyň meýilleşdirilýändigi nygtalýar. Şunuň bilen birlikde, Maksatnamada göz öňünde tutulan wezipeleriň amala aşyrylmagy netijesinde ýurdumyzda täze iş orunlarynyň müňlerçesi dörediler.
2018-2024-nji ýyllarda ýörite ykdysady zolaklary döretmek hem-de döwlet eýeçiligindäki desgalary hususylaşdyrmak ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda kesgitlenildi. Munuň özi hem Türkmenistanyň gülläp ösmegini we halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmäge ýardam etmelidir.
Ýaşulularyň maslahatynyň mejlisiniň barşynda oňa gatnaşanlaryň ara alyp maslahatlaşmagyna teklipleriň birnäçesi, hususan-da, Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynyň işini kämilleşdirmek we düzümini üýtgetmek, Türkmenistanyň Halk Maslahatyny döretmek, ýurdumyzyň Konstitusiýasyna we beýleki kanunçylyk namalarynyň birnäçesine üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek baradaky teklipler hödürlenildi.
...Irden milli Liderimiz “Nowruz ýaýlasynyň ak öýi” binasyna geldi. Milli lybasly gyzlar döwlet Baştutanymyza ajaýyp gül desselerini gowşurdylar. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary garşyladylar.
Umumymilli forumyň ikinji gününiň işiniň öňýanynda milli Liderimiz Mejlisiň Başlygy A.Nurberdiýewanyň, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowyň, Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň prezidiumyna saýlanan hormatly ýaşulularyň hem-de ähli welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň wekilleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Maslahatyň barşynda ýurdumyz we halkymyz üçin möhüm bolan jemgyýetçilik-syýasy wakanyň çäklerinde hödürlenen teklipler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ahal welaýatynyň ajaýyp künjekleriniň birinde ýerleşen “Nowruz ýaýlasynyň ak öýi” binasynda geçirilýän umumymilli forumyň çäklerinde halkymyzyň we ýurdumyzyň abadançylygynyň bähbidine möhüm çözgütler kabul edilýär. Munuň özi milli demokratik ýörelgeleriň ösdürilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Öňe sürülýän teklipler ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösmegini üpjün etmek bilen baglanyşykly teklipler Ýaşulularyň maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň ähmiýetini has-da artdyrýar. Bularyň ählisi ýurdumyzda milli demokratiýanyň – halk häkimiýetiniň dabaralanýandygynyň hem-de türkmenistanlylaryň ýurdumyzda amala aşyrylýan oňyn özgertmeleri durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýandygynyň nobatdaky subutnamasydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.
Forumyň işiniň netijeleri boýunça kabul ediljek çözgütler, milli maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegi ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösmegine, halkymyzyň abadançylygynyň yzygiderli ýokarlanmagyna ýardam etmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi we geljek üçin göz öňünde tutulan wezipeleri çözmäge örän jogapkärli çemeleşmegiň wajypdygyny belledi. Milli Liderimiz şeýle hem türkmen jemgyýetiniň durmuşynyň ähli ulgamlarynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň kanunçylyk taýdan berkidilmelidigini, ilkinji nobatda bolsa, Türkmenistanyň Konstitusiýasynda öz beýanyny tapmalydygyny nygtady.
Milli Liderimiz iş maslahatyny jemläp, “Nowruz ýaýlasynyň ak öýi” binasynyň maslahatlar zalyna ugrady.
...Ruhubelentlik ýagdaýy emele gelen ajaýyp zala ýurdumyzyň ähli sebitlerinden wekiller ýygnandylar.
Ýaşulularyň maslahatynyň nobatdaky mejlisine gatnaşyjylar döwlet Baştutanymyzy ör turup, dowamly elçarpyşmalar bilen garşylaýarlar. Milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda milli ykdysadyýetimiz ýokary depginler bilen ösýär, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi has-da ýokarlanýar. Çuňňur oýlanyşykly oňyn strategiýa häzirki döwrüň derwaýys meselelerini çözmäge işjeň gatnaşýan hemişelik Bitarap Watanymyzyň halkara giňişliginde abraýynyň has-da belende galmagyny şertlendirdi.
Döwlet Baştutanymyz zalyň sahnasyna çykýar we forumyň wekillerini we myhmanlary mähirli mübärekleýär. Ýygnananlaryň arasynda Hökümet agzalary, Mejlisiň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, syýasy partiýalaryň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň, şäherleriň we etraplaryň häkimleri, milli parlamentiň deputatlary, kärhanalaryň we edaralaryň köpsanly işgärleri, hormatly ýaşulular, kümüş saçly eneler hem-de ýaşlar bar. Foruma şeýle hem ýurdumyzyň daşary ýurtlarda işleýän ilçileri, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, daşary ýurtlaryň işewür toparlarynyň, ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bar.
Döwlet Baştutanymyz foruma gatnaşyjylara ýüzlenip, düýn, 9-njy oktýabrda döwlet durmuşyna degişli möhüm meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylandygyny, çykyşlaryň diňlenilendigni aýtdy. Maslahatyň gün tertibine girizilen meseleleri wekiliýetler ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary bolsa, kanunlaryň taslamalaryny ara alyp maslahatlaşyp, degişli kanunlary kabul etdiler.
Konstitusiýamyzyň kadalaryna, ýörelgelerine hem-de düzgünlerine berk eýerip, biz demokratik, hukuk hem-de dünýewi döwletimizi ‒ Türkmenistany ägirt uly ösüşler ýoly bilen öňe alyp barýarys diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady we şonuň bilen baglylykda, halkymyzyň aň-düşünjesine, medeni-ruhy durmuşymyza laýyk gelýän milli demokratiýamyzyň däplerini dikeltmek hem-de ösdürmek arkaly ýurdumyzyň jemgyýetçilik we döwlet-syýasy gurluşynyň hem kämilleşdirilýändigini belledi. Bu bolsa, Esasy Kanunymyzyň berkarar döwleti gurmak hakyndaky taglymlarynyň anyk durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň nyşanydyr.
Şu Maslahatyň dowamynda jemgyýetimizde geçirilýän demokratik özgertmeler bilen berk baglanyşykly ýene-de bir möhüm meselä seredip geçdik. Düýn, günüň ikinji ýarymynda «Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakyndaky» Konstitusion kanunyň hem-de «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna goşmaça girizmek hakyndaky» Konstitusion kanunyň taslamalary ara alnyp maslahatlaşyldy. Men bu kanunlaryň kabul edilmegi döwletimiziň we jemgyýetimiziň şu günki hem-de geljekki ösüşi ugrundaky asylly maksatlarymyza doly laýyk gelýär diýip hasap edýärin diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.
Soňra döwlet Baştutanymyz Mejlisiň Başlygy A.Nurberdiýewa söz berdi. Ol şu meseleler boýunça geçirilen işleriň netijeleri barada habar berdi. Bellenilişi ýaly, Mejlisiň bäşinji çagyrylyşynyň nobatdaky, ýigrimi üçünji maslahatynyň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlaryna, Konstitusiýanyň rejelenen görnüşine hem-de ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak baradaky toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenip taýýarlanylan Kanunlaryň hem-de kadalaşdyryjy-hukuk namalarynyň birnäçesi kabul edildi.
Deputatlar “«Türkmenistanyň Konstitusiýasyna goşmaça girizmek hakynda», «Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda», “Türkmenistanyň Garaşsyzlygy we döwlet gurluşynyň esaslary hakynda”, “Türkmenistanyň Konstitusion kanunyna üýtgetmek girizmek hakynda” Türkmenistanyň Konstitusion kanunlaryny biragyzdan goldadylar we kabul etdiler.
Şeýle hem kabul edilen resminamalaryň hatarynda “Erkin ykdysady zolaklar hakynda”, “Türkmenistanyň Zähmet kodeksine üýtgetme girizmek hakynda”, “Ýer hakynda” Türkmenistanyň bitewi Kanunyna üýtgetme we goşmaçalar girizmek hakynda”, “Salgytlar hakynda” Türkmenistanyň bitewi Kanunyna goşmaçalar girizmek hakynda”, “Migrasiýa hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetme girizmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunlary bar.
Bu möhüm hukuk resminamalary, milli kanunçylygyň hereket edýän ulgamynyň üstüni ýetirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen döwletini durmuş-ykdysady we demokratik özgertmeler ýoly boýunça mundan beýläk-de ilerletmek babatda öňde goýan ileri tutulýan wezipelerini çözmäge ýardam eder.
Maslahata gatnaşyjylar şu kanunçylyk namalarynyň kabul edilmegini biragyzdan goldaýarlar.
Soňra döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakyndaky» hem-de «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna goşmaça girizmek hakyndaky» Konstitusion kanunlara gol çekýär.
Milli Liderimiz «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2018–2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» baradaky meselä geçip, ýurdumyzda ylmy esasda işlenip taýýarlanýan we üstünlikli durmuşa geçirilýän ykdysady özgertmeleriň netijesinde, Garaşsyz Watanymyzyň soňky birnäçe ýylda durmuş-ykdysady ösüşde hil taýdan ýokary netijeler gazanandygyny belledi. Özüniň baý serişdelerine daýanmak we ykdysady ösüşiň öňdebaryjy dünýä tejribesini peýdalanmak bilen, Garaşsyz Watanymyz dünýäniň iň durnukly ösýän, kuwwatly senagaty, oba hojalygy, häzirki zaman ulag üpjünçilik we öňdebaryjy durmuş ulgamlary bolan döwletleriniň birine öwrülýär.
Ýurdumyzda peýdalanylýan ykdysady nusga makroykdysady durnuklylygy, maýa goýumlaryny goýmagyň ýokary depginleriniň saklanyp galmagyny, bazar institutlarynyň we bäsleşigiň yzygiderli ösmegini üpjün edýär. Bu bolsa, özgertmeleri dowam etmäge we döwlet dolandyryşynyň gurluşyny kämilleşdirmäge mümkinçilik berýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwlet we pudaklaýyn maksatnamalaryň, konsepsiýalaryň hem-de meýilnamalaryň jemi 70-e golaýy kabul edildi we durmuşa geçirilýär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Biz şu taryhy Maslahatymyzda ýurdumyzy ösdürmegiň ýene-de bir maksatnamasyny – ministrlikleriň, pudak edaralarynyň, welaýatlaryň, Aşgabat şäheriniň häkimlikleriniň hem-de beýleki döwlet häkimiýet edaralarynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň çaklama-seljeriş maglumatlaryny peýdalanmagyň esasynda işlenip taýýarlanan «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2018–2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny» hem ara alyp maslahatlaşdyk diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. 
Bu Maksatnamada kesgitlenen wezipeleriň durmuşa geçirilmegi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň mundan beýläk-de depginli ösüşini saklap galmaga, maýa goýum işjeňligini yzygiderli üpjün etmäge, täze iş orunlaryny döretmäge, durmuş taýdan goraglylygy berkitmäge we ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmaga mümkinçilik berer diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
Ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda döwlet Baştutanymyz «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2018–2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny tassyklamak hakyndaky» Karara gol çekdi.
Mejlisiň dowamynda milli Liderimiz indi birnäçe ýylyň dowamynda ýurdumyzyň ykdysadyýetini bazar gatnaşyklaryna tapgyrlaýyn esasda geçirmek, döwlet eýeçiliginiň kärhanalaryny hususylaşdyrmak boýunça uly işleriň alnyp barylýandygyny belledi. Önümçiligiň täze ugurlaryny açmak, erkin ykdysady zolaklary, gymmatly kagyzlaryň bazaryny döretmek babatda hem ähli zerur çäreler görülýär. Şeýle hem, daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmäge uly üns berilýär.
Hususy telekeçilik bilen meşgullanýan taraplara yzygiderli goldaw berip gelýäris diýip, hormatly Prezidentimiz belledi we şonuň netijesinde, häzirki döwürde telekeçilerimiziň milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda diýen ýaly ýokary netijeleri gazanýandyklaryny kanagatlanma bilen aýtdy. Olar täze, öňdebaryjy oýlap tapyşlara we innowasion tehnologiýalara esaslanýan önümçilikleri ýola goýýarlar. Dünýä ölçeglerine laýyk gelýän, döwrebap medeni-durmuş maksatly desgalary gurup, ulanmaga berýärler. Ýurdumyzda daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan harytlary öndürmek, içerki bazarlarymyzy halkymyz üçin gündelik zerur bolan azyk harytlary bilen üpjün etmek boýunça guwandyryjy işleri durmuşa geçirýärler diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, geljekde hem jemi içerki önümiň görkezijilerini ýokarlandyrmaga, senagat önümlerini öndürmegiň möçberlerini, gurluşyk, daşary söwda dolanyşygyny durnukly artdyrmaga aýratyn üns berler, şeýle hem maýa goýumlarynyň möçberlerini depginli ösýän derejede saklamak, umuman, telekeçileriň tutýan ornuny artdyrmak, telekeçiligi höweslendirmek göz öňünde tutulýar. Şu maksatlardan ugur alnyp, kanunlaryň birnäçesiniň taslamalary taýýarlandy we Türkmenistanyň Mejlisiniň garamagyna hödürlendi.
Türkmenistanyň Mejlisinde ýurdumyzyň sebitlerini ösdürmäge, goşmaça iş ýerlerini döretmäge, daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmäge gönükdirilen kanunlar, şeýle hem erkin ykdysady zolaklaryň döredilmeginiň, hereket etmeginiň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýän «Erkin ykdysady zolaklar hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy hem ara alnyp maslahatlaşyldy we kabul edildi. Bu Kanun bilen erkin ykdysady zolagyň çäklerinde salgyt salmagyň, pul, gümrük taýdan düzgünleşdirmegiň ýeňillikli şertleri bellenilýär.
Döwlet Baştutanymyz kanunçylyk namalarynyň kabul edilmeginiň ähmiýeti barada aýdyp, munuň özüniň geljekde şeýle zolakda işlejekler üçin has-da amatly şertleriň döredilmegine uly itergi berjekdigini, işleriň netijeli ýola goýulmagy, daşary ýurtlara iberilýän harytlaryň möçberleriniň artdyrylmagy üçin oňyn şertleri döretjekdigini belledi. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, Mejlisiň deputatlary «Salgytlar hakyndaky» Türkmenistanyň bitewi Kanunyna goşmaçalar girizmek hakyndaky» we «Migrasiýa hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetme girizmek hakyndaky» Kanunlary düýn ara alyp maslahatlaşdylar we kabul etdiler.
Mejlisiň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýokarda agzalan resminamalara gol çekdi.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda Garaşsyzlygymyzyň ilkinji ýyllaryndan bäri gaz, suw, tok, nahar duzy halkymyza mugt berlip gelinýändigini, jemagat hyzmatlarynyň tölegleriniň bolsa, ujypsyz möçberlerde bellenilendigini aýtdy. Bu harajatlar üçin döwletimiz örän uly möçberde maliýe serişdelerini bölüp berýär.
Birnäçe ýylyň dowamynda hormatly ýaşululardan, halk köpçüliginden gelip gowuşýan teklipler nazara alnyp, Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bu ugurda degişli kararyň taslamasy taýýarlanyldy. Bu karar bilen ähli sarp edijiler üçin mugt goýberilýän möçberden artyk sarp edilýän tebigy gazyň, elektrik energiýasynyň, ýaşaýyş jaý-jemagat, awtoulag we aragatnaşyk hyzmatlarynyň bahalaryny tertipleşdirmek göz öňünde tutulýar.
Ýaşulular maslahatynyň agzalarynyň biragyzdan makullamagy bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Ähli sarp edijiler üçin tebigy gazyň, elektrik energiýasynyň, ýaşaýyş jaý-jemagat, awtoulag we aragatnaşyk hyzmatlarynyň bahalaryny tertipleşdirmek hakyndaky» Karara gol çekdi.
Soňra döwlet Baştutanymyz oba hojalyk önümçiligine telekeçiligi giňden ornaşdyrmagyň, daýhan hojalyklarynyň we kärendeçileriň birleşikleriniň sanyny artdyrmagyň, tapgyrlaýyn hususyýetçilige geçmek arkaly oba hojalyk ekinleriniň dürli görnüşlerini ösdürip ýetişdirmegiň meseleleri barada durup geçdi. 
Oba hojalyk ekinlerinden ýokary hasyl almak, ýurdumyzda azyk howpsuzlygyny has-da berkitmek, ilaty ýylyň dowamynda ter gök önümler bilen doly üpjün etmek häzirki döwrüň wajyp meseleleriniň biri bolup durýar.
Ýurdumyzda daýhan birleşikleriniň ekerançylyk ýerlerini netijeli peýdalanmak, oba hojalyk pudagyna hususy önüm öndürijileri giňden çekmek, döwlet tabşyrygyna girýän bugdaý we gowaça ekinlerini ösdürip ýetişdirmek üçin daýhanlara amatly şertleri döretmek, ylmy esasda ekin dolanyşygyny geçirmek, dünýäniň öňdebaryjy tejribelerini we täze usullaryny önümçilige giňden ornaşdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Mejlisi «Ýer hakyndaky» Türkmenistanyň bitewi Kanunyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek hakyndaky» Kanuny kabul etdi.
Bu Kanunda daýhan birleşikleriniň we beýleki oba hojalyk kärhanalarynyň suwarymly ýerlerinden oba hojalyk önümçiligini alyp barmak üçin ýörite ýer gaznasynyň döredilip bilinýändigi bellenýär. Şol ýer böleklerini ýurdumyzyň raýatlaryna we ýuridik şahslara 99 ýyla çenli möhlete peýdalanmaga bermek baradaky kadalar göz öňünde tutulýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.
Şeýle hem, Kanunda kärende ýerlerinden 5 ýylyň dowamynda döwlet tabşyrygyna girýän ekinlerden borçnamalaýyn tabşyryklaryny ýerine ýetiren kärendeçilere öz islegine görä ýer böleklerinde oba hojalyk önümçiligini ýöretmegiň dürli görnüşlerini (daýhan hojalygyny, oba hojalyk kärhanasyny, oba hojalyk paýdarlar jemgyýetini, kärendeçiler birleşmesini) döretmek bilen peýdalanmaga bermek baradaky kadalar bellenilýär.
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan taýýarlanylan «Ýer hakyndaky» Türkmenistanyň bitewi Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakyndaky» Kanuna gol çekip, bu resminama girizilen üýtgetmelerden we goşmaçalardan gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministrligine Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komiteti bilen bilelikde 1 aý möhletde degişli kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň taslamalaryny taýýarlamagy we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermegi tabşyrdy.
Milli Liderimiz düýn Maslahata gatnaşyjylaryň çykyşlarynda ýurdumyzda toý-baýramlaryň we şanly seneleriň bellenilişini kämilleşdirmek baradaky meseläniň gozgalandygyny aýdyp, şu mesele boýunça hem degişli resminamalaryň taýýarlanylandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenistanyň Zähmet kodeksine üýtgetme girizmek hakyndaky» Kanuna hem-de «Türkmenistanda dynç alyş günleri berilmezden bellenilýän baýramçylyk we hatyra günleri hakyndaky» Permana gol çekdi.
Soňra Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa söz berilmegini haýyş etdi.
Milli parlamentiň ýolbaşçysy ýurdumyzyň Mejlisiniň nobatdaky maslahatynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa – Türkmenistanyň Gahrymany diýen ady dakmak hakynda çözgüdiň kabul edilendigini habar berdi hem-de Mejlisiň Kararyny okaýar.
Umumymilli forumyň wekilleriniň dowamly el çarpyşmalary astynda milli Liderimize ýokary döwlet sylagy bolan “Altyn Aý” medaly gowşurylýar.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew ýurdumyzyň türgenleriniň adyndan milli Liderimize ýadygärlik nyşanyny gowşuryp, Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň ýokary derejede geçirilmeginiň özygtyýarly ýurdumyzyň dünýäniň olimpiýa hereketindäki abraýyny has-da belende galdyrandygyny, Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistanyň dünýäniň sport merkezi hökmünde ykrar edilmegine ýardam edendigini nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow uly hormat üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, hormatly ýaşulularymyza, bagtyýar geljegi gurmak wezipesi öňünde durýan ýaşlarymyza, Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna, Milli parlamentiň deputatlaryna, diplomatik korpusyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekillerine berk jan saglyk we rowaçlyk, bagtyýarlyk hem-de abadançylyk baradaky iň gowy arzuwlar bilen ýüzlendi.
Milli Liderimiz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 26 ýyllyk baýramynyň uly dabara bilen bellenilýän günlerinde özüne Türkmenistanyň iň ýokary tapawutlandyryş derejesi bolan «Türkmenistanyň Gahrymany» diýen belent adyň dakylandygy hem-de «Altyn Aý» medalynyň gowşurylandygy üçin hemmelere tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu sylaga berkarar döwletimiziň demokratik, hukuk hem-de dünýewi esaslaryny kämilleşdirmäge, Türkmenistanyň özygtyýarlylygyny, konstitusion gurluşyny we döwletiň garaşsyzlygyny, hemişelik bitaraplygyny pugtalandyrmaga, ýurdumyzy syýasy, ykdysady, medeni-durmuş taýdan gülläp ösýän kuwwatly döwletleriň hataryna goşmaga, jemgyýetimizde raýat asudalygyny, milli agzybirligi üpjün etmäge, sagdyn durmuş ýörelgelerini rowaçlandyrmaga goşan şahsy goşandy üçin mynasyp boldy. Gahryman diýen at we medal halkymyzyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň keşbiniň tanalmaz derejä ýetmegini üpjün eden oňyn özgertmeleri durmuşa geçirmekde döwlet Baştutanymyzyň bitiren hyzmatlary üçin çäksiz hoşallygynyň aýdyň beýanyna öwrüldi.
Döwlet Baştutanymyz şeýle hem gowşurylan ýadygärlik sowgady üçin ýurdumyzyň türgenlerine minnetdarlyk bildirdi.
“Eziz halkyma gulluk etmegi öz ömrümiň we alyp barýan işimiň iň ýokary maksady hasaplaýaryn! Ýakynda ýurdumyzda üstünlikli geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary halkymyzyň we ýurdumyzyň taryhyna, şeýle hem tutuş Aziýanyň sport hereketiniň ýyl ýazgysyna altyn harplar bilen ýazylar” diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. 
Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynda ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmek barada möhüm çözgütler kabul edildi. Şöhratly ata-babalarymyzyň döwlet gurmakda toplan baý taryhy tejribesine daýanyp, ilatyň giň gatlaklarynyň möhüm jemgyýetçilik-syýasy kararlaryň kabul edilmegine gatnaşmagyny üpjün etmek maksady bilen, halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasyny – Türkmenistanyň Halk Maslahatyny döretdik diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz baş aladanyň halka hyzmat etmekden ybaratdygyny nygtap, geljekde hem mähriban halkymyzyň ägirt uly döredijilik mümkinçiliklerini peýdalanyp, sahawatly türkmen topragynyň tebigy baýlyklaryny netijeli ulanyp, eziz Watanymyzyň hem-de mähriban halkymyzyň asuda, abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagynyň hatyrasyna beýik işleri amala aşyrmak üçin, ähli gujur-gaýratyny, bilimini, tejribesini we başarnygyny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.
Pursatdan peýdalanyp, milli Liderimiz hemmelere berk jan saglyk, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri, mähriban halkymyza bolsa, abadan we bagtyýar durmuş arzuw etdi.
“Öňe, öňe, diňe öňe, Jan Watanym, Türkmenistan!” diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu ruhubelent sözleri maslahata gatnaşyjylar tarapyndan goldanyldy.
Soňra milli Liderimiz umumymilli forumyň wekillerine minnetdarlyk bildirip hem-de maslahatyň işini dowam edip, päk ýürekden, göreldeli çeken zähmetleri üçin, şeýle hem Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 26 ýyllygynyň hormatyna ýokary döwlet sylaglaryna mynasyp bolan ýurdumyzyň raýatlarynyň bir toparyna sylaglary hem-de hormatly atlary gowşurmak dabarasynyň başlanýandygyny yglan etdi.
Mejlisiň Başlygy A.Nurberdiýewa söz berilýär, ol hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistanyň “Hormatly il ýaşulusy” diýen ady dakmak hakyndaky” hem-de “Türkmenistanyň “Zenan kalby” ordeni bilen sylaglamak hakyndaky” Permanlaryny okaýar.
Döwlet Baştutanymyz dabaraly ýagdaýda, şowhunly el çarpyşmalar astynda watandaşlarymyza döwlet sylaglarynyň hem-de hormatly atlaryň dakylandygy hakynda şahadatnamalary gowşurýar. Olaryň eziz Watanymyzyň we mähriban halkymyzyň bähbidine, aýratyn-da, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe beýik işleri dowam etjek ýaş nesil üçin ägirt uly özgertmeleri amala aşyrmakda goşantlary nusga alarlyk mysal bolup durýar.
Olar milli Liderimiziň elinden sylaglary çäksiz buýsanç duýgusy bilen kabul edip, döwlet Baştutanymyzyň türkmenistanlylara berýän ünsi, olar barada edýän ýadawsyz aladasy, ýurdumyzyň her bir raýatynyň ukyp--başarnyklaryny, mümkinçiliklerini doly amala aşyryp bilmegi, öz Watanynyň bagtly ykbalyndan aýrylmaz bolan durmuş üstünligini gazanmak üçin ýurdumyzda ähli şertleriň döredilmegine tüýs ýürekden alkyş sözlerini beýan etdiler.
Döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk sözleriniň we iň gowy arzuwlaryň aýdylmagy dowam edýär. Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, täze döwürde—eziz Watanymyz üçin beýik, taryhy özgertmeler döwründe ýaşamak we işlemek olar üçin uly bagt bolup durýar. Şol özgertmeleriň başyny bolsa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow başlady. Döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda geçirilýän deňi-taýy bolmadyk özgertmeler bu gün tutuş ýurdumyzy gurşap alyp, öz Lideriniň daşynda has-da jebisleşip, parahatçylygyň, döretmegiň we ösüşiň ýoly bilen ynamly gadam urýan türkmen halkynyň gyzgyn goldawyna eýe bolýar.
Döwlet Baştutanymyz Ýaşulularyň maslahatynyň mejlisini dowam edip, oňa gatnaşyjylara ýüzlenip, «Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakyndaky» Konstitusion kanunyna laýyklykda, geljek ýyl onuň birinji mejlisiniň geçiriljekdigini belledi.
Milli Liderimiz ony Aşgabat şäherinde geçirmegi teklip edip, ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda degişli Permana gol çekýär.
Mejlisde eziz Diýarymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi, mähriban halkymyzyň hal-ýagdaýynyň has-da gowulanmagy, parahat we abadan durmuşda ýaşap, yhlasly hem-de tutanýerli zähmet çekmegi üçin zerur şertleri döretmek bilen bagly möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşylar. Şeýle hem kabul edilen maksatnamalary üstünlikli ýerine ýetirmek boýunça öňde duran wezipeleri çözmegiň ýollary kesgitleniler. 
«Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakyndaky» Konstitusion kanuna laýyklykda Halk Maslahatynyň işini ýola goýmak üçin degişli resminamalary taýýarlamaly diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy we Ýaşulularyň maslahatynyň edarasyna Halk maslahatynyň birinji mejlisini çagyrmak we geçirmek bilen bagly işleri hem alyp barmagy we zerur resminamalaryň taslamalaryny hem taýýarlamagy tabşyrdy. Bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi. Halk Maslahatynyň birinji mejlisiniň geçiriljek anyk senesi barada soň habar berler diýip, milli Liderimiz nygtady.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Berkarar Watanymyzda döwrüň talaplaryna we möhüm wakalaryna bagyşlanyp, her ýyly döwrebap atlandyrmak baradaky ýörelgäniň indi asylly däbe öwrülendigini aýtdy. Şu däbi dowam etdirip hem-de Beýik Ýüpek ýolunyň türkmen halkynyň gadymy taryhyndaky möhüm ähmiýetini şöhratlandyrmak hakynda ilatymyzdan gelip gowuşýan köp sanly ýüztutmalary we isleg-arzuwlary göz öňünde tutup, 2018-nji ýyly «Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýip atlandyrmak teklip edilýär diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy wekilleri tarapyndan goldanyldy. Ýygnananlaryň şowhunly elçarpyşmalary astynda degişli Karar kabul edilýär.
Soňra milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisiň barşynda gelip gowşan teklipleri nazara almak bilen, Ýaşulularyň maslahatyna gatnaşyjylaryň ýurdumyzyň ähli halkyna Ýüzlenmesiniň taslamasyny kabul etmek üçin ýygnananlaryň garamagyna hödürledi.
Bu Ýüzlenme biragyzdan kabul edildi.
Soňra döwlet Baştutanymyz umumymilli foruma gatnaşyjylara jemleýji sözi bilen ýüzlendi. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, biziň baş maksadymyz berkarar Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegini, mähriban halkymyzyň röwşen geljegini üpjün etmekden ybaratdyr. Şeýle maksatlardan ugur alyp, biz Ýaşulularyň maslahatyny geçirmek bilen, ýurdumyz we halkymyz üçin möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşdyk. Öňümizde durýan wezipeleri kesgitledik diýip, milli Liderimiz belledi.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz Watanymyzyň mundan beýläk hem ýokary depginler bilen ösüşini üpjün etmek üçin zähmetsöýer halkymyzyň we tutuş jemgyýetimiziň öňünde öňküden-de has belent wezipeler durýar. Bu wezipeleri çözmek üçin, biz maksatnamalaýyn esasda alyp barýan işlerimizi dowam ederis diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, biz Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizi durmuş-ykdysady, syýasy, hukuk we medeni taýdan ösdürmegiň ugur-ýollaryny anyk kesgitläp, netijeli işleri tutanýerli alyp bararys.
Bitarap döwletimizi dünýäniň has ösen ýurtlarynyň hataryna çykarmak üçin, täze maksatnamalary işläp düzýäris we üstünlikli durmuşa geçirýäris. Biziň şu Maslahatda kabul eden «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2018–2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» hem ata Watanymyzy mundan beýläk-de has ýokary depginler bilen ösdürmek boýunça öňde goýan maksatlarymyza ýetmäge ýardam eder diýip, milli Liderimiz nygtady. 
Oýlanyşykly, ylmy seljermelere daýanýan maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokary götermek, ýurdumyzy öňdebaryjy döwletleriň hataryna çykarmak boýunça alyp barýan işlerimizi üstünlikli dowam ederis.
Häzirki döwürde Garaşsyz Watanymyz birnäçe görkezijiler boýunça ösen döwletleriň hataryna girýär. Türkmenistanyň öňdebaryjy ýurt hökmünde gazanýan üstünliklerini düzýän iki ýagdaý bar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. 
Birinji ýagdaý, depginli ösýän ykdysadyýetimizde jemgyýetimizi kämilleşdirmäge hem-de döwletimizi yzygiderli döwrebaplaşdyrmaga alnan ugurdyr. Ikinji ýagdaý bolsa, elbetde, jemgyýetimiziň we döwletimiziň gurluşynyň durnukly, adalatly hem-de kämil esaslary bolup durýar. Bu ýagdaýlar Türkmenistanyň XXI asyrda häzirki hem-de geljekki ösüşleri üçin örän möhümdir diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.
“Biz öz öňümizde goýan belent maksatlarymyzy amala aşyrmak üçin, demokratik döwletimiziň, adalatly raýat jemgyýetimiziň hukuk binýadyny has-da berkideris! Demokratik, hukuk, dünýewi döwletimiziň, dörediji we parahatçylyk söýüji agzybir halkymyzyň Ýer ýüzündäki at-abraýyny, mertebesini has-da belende götermek arkaly yzygiderli we aýgytly öňe gideris!” diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynda kabul edilen resminamalary ara alyp maslahatlaşmaga işjeň gatnaşandyklary üçin, welaýatlardan gelen wekillere, Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatyna gatnaşýan hormatly adamlara tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.
Pursatdan peýdalanyp, milli Liderimiz Ýaşulularyň maslahatyny ýokary derejede we guramaçylykly geçirmek boýunça alyp baran işleri üçin jogapkär adamlara we ýolbaşçylara, Ahal welaýatynyň zähmetsöýer we agzybir ilatyna tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi we geljek ýylda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň hem ýokary derejede we guramaçylykly geçiriljekdigine ynam bildirdi.
Ýaşulularyň maslahatyny biz şanly wakanyň öň ýanynda geçirýäris. Ýene-de az wagtdan Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň 26 ýyllyk baýramyny giňden we dabaraly belläp geçeris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz ýygnananlary hem-de türkmenistanlylary 
baýramçylyk çärelerine işjeň gatnaşmaga çagyrdy.
Döwlet Baştutanymyz umumymilli forumyň gün tertibine girizilen ähli meselelere seretmegi tamamlap, bu möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga işjeň gatnaşandygy üçin, ýygnananlaryň ählisine ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirdi we berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatyny ýapyk diýip yglan edýär.
“Nowruz ýaýlasynyň ak öýi” binasynyň zalynda ýene-de Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar.
Ýaşulularyň maslahatynyň mejlisi tamamlanandan soň, oňa gatnaşanlar milli Liderimizi forumyň netijeli işi, ýetip gelýän şanly baýramçylyk - eziz Watanymyzyň Garaşsyzlyk güni hem-de Türkmenistanyň Gahrymany diýen belent adyň dakylmagy bilen tüýs ýürekden gutladylar. Ýygnananlar döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, egsilmez güýç-gaýrat, eziz Watanymyzyň hem-de mähriban halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan giň möçberli asylly işlerinde täze üstünlikleri arzuw edip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ajaýyp gül desselerini gowşurdylar.
Döwlet Baştutanymyz gutlaglar hem-de hoşniýetli arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, sadakanyň geçirilýän ýerine ugrady.
Ata-babalarymyzyň asylly däplerine laýyklykda guralan bu çärä umumymilli forumyň wekilleriniň ählisi gatnaşdy.
Sadakada ýurdumyzyň parahatçylygy we abadançylygy, hormatly Prezidentimiziň baş saglygy, eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi dileg edilip, aýat-töwir okaldy.
Soňra “Nowruz ýaýlasynyň ak öýi” binasynda medeniýet we sungat ussatlarynyň uly baýramçylyk konserti boldy. Ol milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda parahatçylyk, döredijilik we ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz hem Bitarap Watanymyzyň şan-şöhratynyň özboluşly senasyna öwrüldi.
Ajaýyp zalda emele gelen ruhubelentlik ýagdaýy türkmenistanlylaryň gülläp ösýän özygtyýarly Watanymyza bolan buýsanjyny beýan edýär. Ýurdumyzyň taryhyna bu gün täze ajaýyp sahypalar ýazyldy.
Ýygnananlar özüniň köpugurly işinde medeniýeti ösdürmek, milli sungatymyzyň özboluşly däplerini aýawly saklamak we baýlaşdyrmak, zehinleri höweslendirmek hem-de goldamak meselelerine aýratyn üns berýän hormatly Prezidentimizi ör turup, şowhunly elçarpyşmalar bilen garşylaýarlar. Döwlet Baştutanymyzyň hemmetaraplaýyn aladasy döredijilik işgärlerini täze ajaýyp eserleri döretmäge ruhlandyrýar. Şol eserler bolsa ählihalk baýramçylyklary hem-de ýurdumyzyň durmuşyndaky şanly wakalar mynasybetli geçirilýän dabaralara özboluşly öwüşgin çaýýar.
Döwlet Baştutanymyz ýygnananlary mähirli mübärekläp, özi üçin niýetlenen ýere geçýär.
Şu konsertiň maksatnamasyny tapawutlandyrýan žanrlaryň köpdürlüligi türkmen sungatynyň baý kuwwatynyň beýanyna öwrüldi. Konsert çykyşlarynda eziz Watanymyz hem-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ägirt uly işleriň başyny başlan milli Liderimiziň – Gahryman Arkadagymyzyň beýik işleri, mähriban topragymyzyň täsin gözelligi, öçmez-ýitmez adamzat gymmatlyklary wasp edildi. Artistleriň çykyşlarynda döwürleriň we nesilleriň özara baglanyşygy, mähriban halkymyzyň özüniň ruhy köklerine hem-de ata-babalarymyzyň parasatly wesýetlerine ygrarlylygy beýan edildi.
Baýramçylyk konserti “Dokmaçylar” folklor toparynyň ýerine ýetirmeginde “Arkadagdan Perman bu gün!” diýen joşgunly aýdym-saz –tans kompozisiýasy bilen açyldy. Onda döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň giň möçberli işleri bilen aýrylmaz baglanyşykly täze taryhy eýýamyň gazananlary wasp edilýär.
Aýdym-sazly dabaranyň maksatnamasynda sport mowzugy hem öz beýanyny tapdy. “Biz çempionlar” atly aýdym türkmen türgenleriniň ajaýyp gazananlaryna bagyşlandy. Biziň türgenlerimiz Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda umumytoparlaýyn hasapda ajaýyp ýeňiş gazandylar. Bu oýunlar hakyky sport, parahatçylyk we dostluk baýramçylygyna öwrüldi.
“Ýaşulular gerek” hem-de “Eneleri ýatlap ýaşasym gelýär” diýen aýdymlar hormatly ýaşulularymyza hem-de kümüş saçly enelerimize bagyşlandy. Olar baradaky alada Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Bu aýdymlarda ýurdumyzda iň sylanylýan adamlaryň – ýaşuly nesliň wekilleriniň waspy ýetirildi. Olaryň durmuş tejribesi hem-de parasatlylygy ýaşlaryň ruhy-ahlak we watançylyk terbiýesinde, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döredijilikli özgertmeleri amala aşyrmakda ygtybarly daýanç bolup durýar.
Meşhur aýdymçylar we ýaş ýerine ýetirijiler, “Laçyn”, “Aşgabat”, “Miras”, “Altyn asyr”, “Galkynyş”, “Näzli”, “Meňli”, “Serpaý” ýaly belli tans we folklor toparlary tomaşaçylara öz ussatlyklaryny görkezdiler. Konserte gatnaşyjylaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň ýeňijileri bar. Mälim bolşy ýaly, olara baýraklary gowşurmak dabarasy 7-nji oktýabrda geçirildi.
Şu gün “Nowruz ýaýlasynyň ak öýi” binasynyň sahnasyndan halk we häzirki zaman aýdymlary, nusgawy aýdym-saz sungatynyň iň gowy nusgalary, şol sanda “Kemine we kazy” operasyndan aýdyşyk ýaňlandy. Tomaşaçylar “Arkadag” atly aýdymy aýratyn ruhubelentlik bilen garşyladylar.
Özboluşly aýdym-saz-tans kompozisiýalary dabaranyň bezegine öwrüldi. Ýurdumyzyň bäş welaýatynyň tans-folklor toparlary ajaýyp döredijilik sowgadyny taýýarladylar. Wäşiler toparynyň çykyşy baýramçylyk dabarasyna özboluşly öwüşgin çaýdy.
Tomaşaçylar gadymy, ýöne häzirki wagtda hem öz meşhurlygyny saklap gelýän, her bir baýramçylykda ýerine ýetirilýän küştdepdi tansyny şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar. Ruhubelentlige beslenen bu tans nesilleriň aýrylmaz ruhy arabaglanyşygyny, döredijilik däpleriniň dowamatlylygyny alamatlandyrdy.
Baýramçylyk dabarasynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylaryň ählisi “Il guwanjy ýaşulular!” atly aýdymy ruhubelentlik bilen ýerine ýetirdiler.
Döwlet Baştutanymyz gutlaglar hem-de hoşniýetli arzuwlar üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, hemmeler bilen hoşlaşdy we bu ýerden ugrady.

Bildirişler


Reklamalar


“Hoş zaman” kompaniýasy “Aşgabat 2017” oýunlarynyň resmi hyzmatdaşy