TÜRKMENISTANYŇ KANUNY

«Haryt-çig mal biržalary we birža söwdasy hakynda»


Türkmenistanyň Kanunyna goşmaçalar girizmek hakynda

Ykdysady ösüşleri nazarlap.

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ykdysady strategiýasynda ileri tutýan ugurlary, ilkinji nobatda, milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmakdan we toplumlaýyn düýpli döwrebaplaşdyrmakdan, bazar gatnaşyklarynyň we döwlet dolandyryşynyň sazlaşykly utgaşdyrylmagyndan ybaratdyr.

“Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” Atly kitabyň tanyşdyryş dabarasy geçirildi.

21-nji oktýabrda Türkmen döwlet maliýei nstitutynyň mejlisler zalynda söwda we ykdysadyýet ulgamyna degişli ýolbaşçylaryň, söwda ulgamynyň edaradyr kärhanalarynyň işgärleriniň gatnaşmagynda hormatly Prezidentimiziň täze neşir edilen «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabanyň tanyşdyryş dabarasy boldy. Kitabyň many-mazmuny barada söz sözlänler Gahryman Arkadagymyzyň pähim-parasatly pikirleri, Watanymyzyň şöhratly taryhynda Beýik Ýüpek ýolunyň orny, kitabyň ýaşlary terbiýelemekdäki ähmiýeti dogrusynda täsirli çykyşlar etdiler. «Geljek ýyly yurt Baştutanymyzyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýip atlandyrmagynyň aňyrsynda çuňňur many bar» diýip, çykyş edenler buýsanç bilen bellediler. «Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitap türkmen halkynyň dünýä swilizasiýasynyň ösüşine goşan goşandy hakda rowaýatlar arkaly maglumat berýän, beýan edýän ilkinji eserdir. Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşanlar halkymyza ýapan bu ajaýyp serpaýy – täze neşir edilen kitaby üçin alkyş sözlerini aýdyp, hormatly Prezidentimize berk jan saglyk, uzak ömür, tutumly işlerinde rowaçlyk gazanmagyny arzuw etdiler. Tanyşdyryş dabaranyň dowamynda Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyp ýaşlaryndan düzülen «Bagtyýarlyk joşguny» atly aýdym-saz toparynyň ýerine ýetiren aýdymlary ýaňlandy. 

Bildirişler


Reklamalar


“Hoş zaman” kompaniýasy “Aşgabat 2017” oýunlarynyň resmi hyzmatdaşy