www.mintradefer.gov.tm Email: Info@mintradefer.gov.tm
 

DERDE DERMAN önümlerimiz bar biziň!

Türkmenistan — dag ýerinde dagy, çöl ýerinde çöli bolan güneşli mekan. Bu toprakda dört paslyň ählisem öz möwritini bolmalysy ýaly geçirýär. Bahar güller açylsa, tomus jöwzasyny eçilýär. Gyşyny ak gary bezese, güýzüni sary-elwan bolup bulduraşýan miweleri bezeýär. Şeýle bolansoň biziň bereketli topragymyzda bitýän ir-iýmişlerem datly, tagamly. Elbetde, «her kimiň öz ýurdy özüne jennet» diýleni. Öz topragyň önümi, ir-iýmişi, miwesi seni has-da özüne çekýär.

Men arada säher bilen paýtagtymyzyň ajaýyp künjeginde, Gülüstan bazarynyň öňündäki duralgada durdum. Birden ýanyma ýaşy durugşanrak bir aýal geldi-de köne tanşy ýaly söze başlady:

— A gyz, biziň jennet ýaly ýurdumyz bar, oňa başga ýurtlarda bolup göreniňde has gowy göz ýetirýärsiň. Iň bärkijesi, öýüňden çyksaň, öz topragyňda biten önümleri küýseýäň-dä. Men geçen aý Dubaýda bolup geldim. Ol ýer dünýäniň iň ösen ýeri, bazarlarynda näme iýseň-içseň, näme isleseň bar. Ýöne öz topragymyzda bitýän önümler ýaly däl-dä – diýdi. Men «dogry aýdýaňyz» diýen äheňde başymy atdym. Şol oturyşyma-da oýa batypdyryn.

 Hakykatdanam, ata-baba ýurduňdan, ýyly mähriň siňen topragyňdan daşda bolanyňda ýerli önümleriň gadyryny has gowy bilýärsiň. Öz iliňde biten önümleriň tagam-lezzeti agzyňa üýtgeşik degäýýär. Olaryň saglygyňa ýokumy diýjekmi, görnüşi ýa durumy diýjekmi, garaz, bu önümler gündelik durmuşymyzda saglygyňa derman bolup täsir edýär. Özge ýurduň ananasydyr pyrtykaly, almasydyr armydy, bananydyr hurmasy bazarlarymyzda näçe diýseň bar. Olary höwes bilen alyp iýýäris. Ýöne ene topragymyzda ýetişýän bakja we gök önümler göýä adamlarymyzyň ýürek mähri siňen ýaly süýji, diýseň tagamly. Üstesine, saglygyňa-da peýdaly. «Hassany onuň ýaşaýan topragynyň oty-çöpi bilen bejermeli» diýen jümläni okanym ýadymda. Dogrudanam, islendik ýeriň önümi şol topragyň howasyndan dem alýan, suwundan ganyp, Gününe çoýunýan, şol ýere uýgunlaşan adama täsiri güýçli bolýar. Diýarymyzda ýetişýän gawunlarymyz ödüňi bejerýän bolsa, garpyzymyz böwregiňi ýuwýar. Harsaň ýaly kädiler aşgazanyňy gowulasa, erikdir injirimiz ýüregiňe melhem bolýar. Bazara barsaň, lowurdaşyp duran kişdelerimiz, kişmişdir hozlarymyz gözüňi dokundyrýar. Türkmeniň melleginden ýolup iýýän ternesi agyr hassanam tirsegine galdyrýar. Ine, muňa onsoň tebigatyň gudraty diýmän näme diýersiň?!

 Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda taryhda-da türkmen topragynyň bol-bereketli bolandygy bellenilip geçilýär. Kitabyň «Gadymy Merw» bölüminde: «Üzüm bazarynda kakadylan, ter miweler bol ekeni. Şaly bazarynda ak tüwi, gyzyl tüwi, gyzyl güýzlük bugdaý, arpa, jöwen, ýalpyldap duran dary haltalap hatarlanypdyr» diýilmegi-de bu mekanyň bolçulygyň mekany bolandygyny tassyklaýar. Häzirki bagtyýar zamanamyzda bolsa toprakdan islän önümiňi öndürmäge mümkinçilikler bar. Bize diňe olary yrýa etmän, saglygymyzyň gadyryny bilip, datly önümleri öz wagtynda, öz möwritinde lezzetini duýup iýäýmek galýar.

 Biziň depen ýeriňden gyzyl önýän topragymyzdan hiç ýeriniň miwesini küýsetmeýän önümler önýär. «Alys ýeriň bugdaýyndan ýakyn ýeriň samany ýagşy» diýlişi ýaly, özümizde ýokumly hem datly miwelerdir gök önümler ýetişýärkä, ýurt aşyp satyn almagyň zerurlygam ýok. Şonuň üçinem dür önýän topragymyzyň önümlerini iýip ulalýan çagalarymyz hem sagdyn, hem berdaşly ösýär.

Şükür, bazarlarymyz bol, hersiniň aýrybaşga ýokumy bolan pomidor, hyýar, kelem, käşir, bulgar burç, badamjan, alma, nar, gawun, garpyz ýaly islän önümiň bulduraşyp dur. Bu behişdi önümler biziň saçaklarymyzyň berekedi, rysgal-döwletimiziň gözbaşy.

Geliň, olary «her bir dänäň müň bolsun!» diýip ekýän babadaýhanlara alkyş aýdyp, lezzetini duýup ýaşalyň!

Gazetlerimiz

Reklama

KOMPÝUTER tilsimaty merkezi

Tel: +993 12 93 44 23. Faks: +993 12 93-60-06.

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň «Türkmenpolat we enjamlar» DLBSF ýük awtoulaglarynyň dürli görnüşlerini amatly bahadan satýar!

Habarlaşmak üçin telefonlar: 75-26-68/75-25-64/75-28-21

«Türkmenetsüýtsöwda» döwlet lomaý-bölek söwda firmasy ýokary hilli et-ýapma we şöhlat önümlerini amatly bahalardan satýar.

Salgysy: Aşgabat şäheriniň Şamämmet Suhangulyýew (1930) köçesiniň 1-nji jaýy

Tel: 76-02-22; 76-04-73. Faks: 76-19-05.