TÜRKMENISTANYŇ KANUNY

«Haryt-çig mal biržalary we birža söwdasy hakynda»


Türkmenistanyň Kanunyna goşmaçalar girizmek hakynda

Ykdysady ösüşleri nazarlap.

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ykdysady strategiýasynda ileri tutýan ugurlary, ilkinji nobatda, milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmakdan we toplumlaýyn düýpli döwrebaplaşdyrmakdan, bazar gatnaşyklarynyň we döwlet dolandyryşynyň sazlaşykly utgaşdyrylmagyndan ybaratdyr.

Söwda hünärmenleri taýýarlanýar

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministirliginiň Söwda kooperatiw mekdebinde okamaga isleg bildirýän ýaşlaryň sany ýylsaýyn artýar. Biz muňa her ýylky giriş synaglarynda hem göz ýetirýäris. Mekdebe her ýylda talyplaryň 400-e golaýy kabul edilip, şonçarak uçurym saýlan ugrundan zähmet ýoluna gadam basýar. Bu okuw mekdebinde ýaşlar buhgalter hasaby we maliýeleşdiriş, ykdysatçy-buhgalterleri hünärlerinde  bilim alyp, olar geljekde karz işleriniň buhgalteri, hasapçy we maliýeçi wezipelerinde zähmet çekmäge ukyply hünärmenler bolup ýetişýerler. Şeýle-de söwdanyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy ugrunda ykdysatçy-menejer hünäri öwredilip, ykdysatçy-menejer, söwdanyň guralyşy we dolandyrylyşy ugrunda satyjy, täjir, dükan müdiri, ilatyň sarp edýän harytlarynyň bilermeni ugurlaryndan hünärmenler we Jemgyýetçilik iýmiti kärhanalarynyň önümleriniň tehnologiýasy boýunça önümçilik müdiri, bölüm, topar ýolbaşçysy, aşpez we laborant wezipeleriniň hünärmenleri taýýarlanýar. Jemi ugurlar 4-e bölünip, olaryň ählisine hem bildirilýän isleg uly. Mekdepde zähmet çekýän mugallymlar ýaşlara bilim bermekde, esasan, Türkmenistanyň milli maksatnamalaryna we bilim syýasatyna, söwdany guramagyň we dolandyrmagyň aýratynlyklaryna, iýmit tehnologiýasynyň kalkulýasiýasynyň düzülişine, çykdajylaryň kada laýyk ulanylyşyna üns berýärler. Ýaşlara her ugurda 30 töweregi dersden sapak geçilip,  olardan iňlis dili, häzirki zaman kompýuter tehnologiýalary, ykdysady nazaryýet, iş dolandyrylyşy, maliýe we karz, döwlet býujeti, marketing, menejment, audit ýaly dersleri iň esasylarydyr. Bulardan başga-da hünärmeniň medeniýeti, maliýe hasabatlylygynyň halkara we milli standartlary, iňlis dilini çuňlaşdyryp öwretmek dersleri täzelikde ýola goýuldy.

Bildirişler


Reklamalar


“Hoş zaman” kompaniýasy “Aşgabat 2017” oýunlarynyň resmi hyzmatdaşy