www.mintradefer.gov.tm Email: Info@mintradefer.gov.tm
 

BEÝIK IŞLER BELENT KALPDA DÖREÝÄR

Şükür, ykbal bize ajaýyp döwür berdi, sowulmajak döwran berdi. Asuda ýurt, berkarar döwlet, agzybir il berdi. Bu diňe Hakyň nazary düşen toprakda, Hakyň halan Ynsany ýurda baş bolanda şeýle bolýar. Biziň Türkmenistan atly owadan Watanymyzda-da beýik Ynsan,  Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary ýol alansoň, ýurdumyz gülläp ösýär. Aslynda-da, beýik işleri beýik şahsyýetler döredýär. Beýik başlangyçlar beýik ynsanlaryň akyl-parasadyndan gözbaş alýar. Beýik işler gözel kalplar dadöreýär, soň olar amala aşýar. Bu babatda käbir mysallara ýüzlenesim gelýär.

Watanyna, il-halkyna çyny bilen berlen adamlaryň döreden eserleri kämilligiň nusgasy bolup döwürler içinde aýlanyp, baky ýaşaýar. Ýigriminji asyrda ýaşap geçen ussat satiric ýazyjymyz AgahanDurdyýewiň aýdyp geçen bir jüpüne düşen sözi ýadyma düşýär. «Adamlary güldürmek üçin ilki özüň ýorgana girip aglamaly». Hakykatdan hem, adamlaryň ruhuna täsir edýän kitaplar yýazmak üçin ilki bilen özüň tolgunmaly. Beýik pikerleri kalbyňda beslemeli. Men her gezek ýazyjy Arap Gurbanowyň «Gülnaryny» okanymda Gülnar bilen deň söýüp, deň gülüp, deň aglanymy duýman galýaryn. Ony her gezek okanyňda Watanyňa, iliňe bolan söýgiň has-da güýçlenýär. Eser söýgi sözüni diliňe alman, söýüp bolýandygyny öwredýär. Diňebir türkmen eserleri däl, umumadamzat üçin ýazylan dünýä belli eserleriň ählisinde-de şeýle täsirli güýji duýmak bolýar. Türk ýazyjysy GünTeginiň «Saýrakguşjagaz» romanynyň şireli dili, durmuş wakalarynyň akgynly suratlandyrylyşy ýüregiňde baky orun alýar. Halk arasynda «Ýürekden çykan söz ýürege barýar» diýen söz bar. Ussatlaryň ýüreklerinden çogup çykan sözlerem göni ýüreklere melhem bolup, ylham bolup täsir edýär.

Ýaňy-ýakynda «Aşgabat 2017» oýunlarynyň ýapylyş dabarasynda G. Ezizowyň sözlerine, N. Halmämmedowyň sazyna «Türkmen sährasy» diýen aýdym şekilli görnüşde janlandyrylyp, şäherçäni dolduryp ýaňlandy. Ajaýyp sazlaşyk, kämilligiň ýokary derejesi bolan täsin owaz bütin märekäni jadylap, hemişelik aňymyzda galdy. Bu nämeden şeýle boldy?!

Bu güýçde beýikleriň utgaşmasy bar. G. Ezizowyň Watana, al-elwan sähramyza söýgüsi, N. Halmämmedowyň şol söýgüden ruhlanyp, kalbyndan syzdyryp döreden sazy, A. Garýagdyýewiň mahmal sesi bilen utgaşyp, türkmen sährasynyň gaýtalanmajak gözelligini kalplarda janlandyrdy. Tebigy deý güller, sözler hem sazlar hormatly Prezidentimiziň tutumlary bilen birleşip, türkmeniň kalby ýaly owadan sungatyny äleme äşgär etdi. Ine, bu beýikligiň kämil miwesi. Bu aýdymyň hormatly Prezidentimiziň parasady bilen dörän sport şäherçesinde halkara sport ýaryşynda ýaňlanmagy bolsa bu beýikligiň üstüni ýetirdi.

Hormatly Prezidentimiziň ýiti hem belent başlangyçlary ýurdumyzy barha özgerdýär, jennet ýaly owadan mekana öwürýär. Gahryman Arkadagymyzyň döreden «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy diýjekmi, belent-belent ymaratlardyr täze şäherçeler, dünýä uzaýan demir ýollar diýjekmi – bularyň bary bu beýik ynsanyň kalbynda dörän beýik işleriň mysaly. Şeýle belent başlangyçlary
amala aşyrmak üçin bolsa daglar ýaly belent ruh, gurşun ýaly agramlylyk, akyl-parasadyňda çeşme ýaly durulyk gerek. Bu sypatlaryň hemmesi biziň mähriban Prezidentimizde jemlenendir. Hut şonuň üçinem geçen Ýaşulularyň maslahatynda hormatly Prezidentimize il-halkyň alkyşy bilen ikinji gezek «Türkmenistanyň Gahrymany» diýen belent at berildi.

Bu gün hormatly Prezidentimiziň ýiti zehininden dörän kitaplary aýdyň ýollarymyza şuglasyny saçýar. Elbetde, çeper eser birzat, syýasy pikirler başga zat. Emma olaryň ikisiniň hem aňyrsynda ynsan ýüregi, onuň watançylyk duýgusy bar. Hormatly Prezidentimiziň ýaňy-ýakynda neşir edilen «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitaby hem Watanyňa bolan beýik söýginiň ýürek joşmasy, taryhy hakykat. Onda geçmişimize buýsanç, geljegimize ynam bar. Bu kitap heňňamlaryň heňini çalýan mukam bolup, Watany söýmegiň nusgasy bolup, adamzadyň taryhynda baky ýaşar. Gahryman Arkadagymyzyň döreden elliden gowrak kitabynyň ählisinde-de ata Watanymyza bolan çäksiz söýgi edil güller ýaly burkurýar. Bu beýik işleriň döwürdeşi bolanyňdan soňra, «hakykatdan-da, beýik işler belent kalpda döreýär» diýeniňi duýman galýarsyň. Hormatly Prezidentimiziň jöwher galamy ýiti bolsun!

Gahryman Arkadagymyzyň dillerimiziň senasyna öwrülen bir goşgusynda «Türkmenistan – bahar baýramy» diýşi ýaly, goý, her bir dogjak günümiz bahar baýramy ýaly owadan bolsun!

Goý, Gahryman Arkadagymyzyňsaýasynda her birimize owadan ýurdumyzyň süýt ýaly arassa säher howasyndan dem alyp oýanmak hem geljege ganat berýän nurly Güni garşylamak nesip etsin!

Gazetlerimiz

Reklama

KOMPÝUTER tilsimaty merkezi

Tel: +993 12 93 44 23. Faks: +993 12 93-60-06.

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň «Türkmenpolat we enjamlar» DLBSF ýük awtoulaglarynyň dürli görnüşlerini amatly bahadan satýar!

Habarlaşmak üçin telefonlar: 75-26-68/75-25-64/75-28-21

«Türkmenetsüýtsöwda» döwlet lomaý-bölek söwda firmasy ýokary hilli et-ýapma we şöhlat önümlerini amatly bahalardan satýar.

Salgysy: Aşgabat şäheriniň Şamämmet Suhangulyýew (1930) köçesiniň 1-nji jaýy

Tel: 76-02-22; 76-04-73. Faks: 76-19-05.