TÜRKMENISTANYŇ KANUNY

«Haryt-çig mal biržalary we birža söwdasy hakynda»


Türkmenistanyň Kanunyna goşmaçalar girizmek hakynda

Ykdysady ösüşleri nazarlap.

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ykdysady strategiýasynda ileri tutýan ugurlary, ilkinji nobatda, milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmakdan we toplumlaýyn düýpli döwrebaplaşdyrmakdan, bazar gatnaşyklarynyň we döwlet dolandyryşynyň sazlaşykly utgaşdyrylmagyndan ybaratdyr.

Işewürlik Watany söýmekden başlanýar.

Işewür. Häzirki wagtda bu söz biziň jemgyýetimizde iň bir ýörgünli hem-de abraýly sözleriň biri. Işewür — bu öz işini ýola goýujy, dörediji. Haçan-da işewürleri döwlet goldanda olaryň güýji bilen ösüşe, kuwwatlanyşa eýe bolunýar. Biz ýurdumyzdaky haýsy işewüriň alyp barýan işi bilen gyzyklansak-da, onda hormatly Prezidentimiziň pähim-parasady bilen işlemek, döretmek üçin ýurdumyzda döredilýän mümkinçilikleriň netijesinde şeýle uly ösüşlere eýe bolnandygyna göz ýetirýäris. Biz şeýle şertlerden peýdalanyp, uly üstünliklere eýe bolan «Aýbölek» mebel kärhanasynyň ýolbaşçysy Meretmuhammet Täçmuhammedow bilen söhbetdeş bolduk.

  Söhbetimiziň başynda «işewürlik nämeden başlanýar?» diýen sowalymyza ol şeýle jogap berdi:

– Megerem, Watana bolan söýgüdendir. Öz ýurdumyzyň ösen döwletleriň hatarynda bolmagyny görmek meniň elmydama arzuwymdy.

Hawa, biziň ilkinji sowalymyza işewür şeýle jogap berdi. Elbetde, ýurduň uly ösüşlere eýe bolmagy üçin diňe ýekeje işewüriň islegi ýeterlik däl. Biz bu gün ýurt Ýolbaşçysynyň tagallasy bilen Watanymyzyň uly ösüşlerine şaýat bolýarys. Ýöne her kimiň öz ornunda ýurt bähbidine hyzmat etmelidigi welin hakykatdyr. Işewür şol hakykaty mekdepde okan ýyllary okuwynyň daşyndan poçtada gazet-žurnal, hat gatnadyjy bolup işländigi bilen baglanyşdyrýar.

— Watana bolan söýgi hem öz ene-ataňa, maşgalaňa, doganlaryňa bolan söýgüden başlanýar. Çaga maşgalada dünýä inýär we söýgi bilen gurşalýar. Men hem maňa berlen şol söýgini söýgi bilen gaýtarmaga, durmuşda her işe yhlasly ýapyşmaga çalyşdym. Sekiz çagaly maşgalanyň oglanlarynyň iň ulusy bolamsoň, ene-atama ýardam bermek isledim. Baharly etrabynyň 23-nji orta mekdebinde okaýarkam, okuwymyň daşyndan poçta gullugynyň gazet-žurnal, hat gatnadyjysy bolup işläp,  maşgalamyzyň girdeýjisine goşandymy goşup başladym. Elbetde, ýokary synplarda okaýan ýigdekçe üçin okuwynyň daşyndan poçta gatnawynda işlemek gahrymançylyk däl. Esasy zat, öz başardygyňdan ýakynlaryňa, maşgalaňa ýardam bermek. Bu ýörelge adam ulaldygyça, başarnygy artdygyça Watana, ýurda peýdaly işler bilen utgaşýar eken.

— Telekeçilik ýoluna haçan başladyňyz?

— Ýurdumyzyň Garaşsyzlygyny almagy bilen, bir tarapdan, dünýä ýurtlaryna gapylar açyldy, beýleki tarapdan, öz ýurduňy özüň dolandyrmak meselesi ör boýuna galdy. Öz-özüňi dolandyrmak, ol hem ýurduň aladasydy, hem edara-kärhanalaryň hem raýatlaryň aladasydy. Şeýdibem il içinde telekeçiler ýüze çykyp başlady. Birgiden telekeçiler bilen bir hatarda Garaşsyzlygymyzyň ilkinji ýyllarynda men hem daşary döwletlere gatnap, söwda edip ugradym. Ilki ownukly-irili söwdalardan başlanam bolsam, soňlugy bilen ýurdumyza daşary döwletlerde öndürilýän islegli mebelleri getirip başladym. Paýtagtymyzda «Aýbölek» mebel dükanymyz işläp başlady. Daşary döwletlerde saparda bolan mahallarymyz biz satyn alýan mebellerimizi öndürýän fabriklere aýlanyp, olaryň önümçiligi, iş usullary bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik aldyk. Şol önümçilikleri gören mahalymyz gursagymyzda öz ýurdumyzda şeýle önümçilikleri ýola goýmak arzuwy döräp başlady.

— Ilkinji öndüren mebeliňiz barada aýdaýsaňyz?!

— Olar mebel diýip, üýtgeşik bir mebel hem däldi. Öýde ejeme, aýal doganlaryma tikin maşynlaryny sürmek üçin oturgyçlar gerek bolupdy. Şol oturgyçlary ýasanym şu günki ýaly ýadymda. Men öz ýasan şol oturgyçlarymy diýseň gowy görüpdim. Mümkin, şol wagtlar dükanlarda laýyk oturgyçlar ýokdur. Ýogsam özümem-ä mebel söwdasyny edip ýörün. Ýa bolmasa telekeçiniň tygşytlylyk taglymatyndan ugur alandyryn. Ýa-da öz ýurdumyzda mebel önümçiliginiň ýola goýulmagyny halys ýüregimden isläp ilkinji başlangyjyny başlaýyn diýendirin, garaz, öýe gerek oturgyçlary dükanlardan satyn-a alaýmandyryn.

— Agaç ussaçylygyndan başyňyz çykýarmydy?

— Bir ussanyň elinde tälim aldym diýsem-ä ýalançy bolaryn, ýöne sazçylyk mekdebinde okaýarkam, mekdep ýyllarynda özüme dutar-a ýasanypdym...

Maksadaokgunlylyk, höwes, yhlas adamy nirelere eltýär. Maňa dutar gerek diýip, dutar ýasanyp bolýanmydyr. Öň ussa bolmasaň, garaz, tagaşyksyzragam bolsa oturar ýaly bir zatjagaz, tekjejik, guş-gumrular üçin ketejik ýasamak bolar, ýöne dutardan owaz çykmal-a. Elbetde, ussalaryň ýasaýan dutaryça bolmadygy-ha belli zat. Ýöne çagaň özüni, tälim berýän mugallymyny kanagatlandyryp bilen bolsa, o-da bir hasap. Munuň üçin tebigy zehinlilik gerek,ýene-de, maksadaokgunlylyk, yhlas, yhlas, yhlas gerek. Men sowal bermegimi ýene-de dowam etdim.

 — Hälki ýasan oturgyçlaryňyz diňe maşgalaňyzy üpjün edip oňaýdymy? Köpräk ýasap, satuwa çykarmadyňyzmy?

— Satuwa çykardyk. Mebeli getirip däl-de, öndürip satmak arzuwym bolansoň, oturgyçlary ýasap, satuwa çykaryp başladyk. Alyjylarymyzam tapyldy. Soňlugy bilen mekdep partalaryny ýasap başladyk. Ýönekeý stanoklarda önümçiligimiz pes bolanlygy üçin köplenç çagalaryň öýde okamaklary üçin niýetlenen partalary ýasadyk, ondan başga-da ilatyň islegine görä käbir mebelleri ýasap başladyk.

— Haçan ýönekeý ussahanadan uly mebel fabrigine öwrüldiňiz?

— Ine, bu sowalyňyza bolsa «Gahryman Arkadagymyzyň ak pata beren gününden» diýip jogap bererin. 2008-nji ýylda paýtagtymyzda telekeçileriň sergisi boldy. Maňa-da öz önümlerim bilen şol sergä gatnaşmak hem-de hormatly Prezidentimiz bilen duşuşmak nesip etdi. Ýurt Baştutanynyň telekeçileri goldamagy bilen telekeçileriň durmuşynda beýle özgermeleriň boljakdygy ýatsam-tursam pikir-oýuma-da gelenokdy. Arkadag Prezidentimiz biziň ýasan mebellerimizi içgin synlady. Hatda biziň ýasan partalarymyzda oturyp gördi. Biziň önümlerimize ýokary baha berdi. Şol sergide mähriban Arkadagymyz uly mebel fabrigini gurup, ýurdumyzda mebel önümçiligini ýola goýmaklygy teklip etdi. Az göterimli uly möçberde pul serişdesini karz bermeklige ygtyýar berdi.

Işewür bular barada şeýle bir buýsanç bilen gürrüň berýärdi, onuň gürrüň berşi bu wakalar, hamana, şu gün bolup geçen ýalydy.

Hawa, hormatly Prezidentimiz telekeçiligi ösdürmeklige goldaw bermek bilen tutuş ýurdy galkyndyrdy. Bu gün biziň telekeçilerimiz binalarydyr desgalary gurmakda-da, önüm öndürmekde-de, dürli hyzmatlary ýerine ýetirmekde-de ýokary hil-derejeleri bilen özlerini ykrar etdirdiler. Ildeşlerimiz üçin birnäçe zatlar öz ýurdumyzda elýeterli boldy. Işewürleriň, telekeçileriň tagallalary bilen müňlerçe iş orunlary döredildi. Diýmek, hormatly Prezidentimiz telekeçileri goldamak bilen öz halkynyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlanmagyna itergi berdi. Biz söhbetimizi dowam etdik.

 — Ýurt Baştutanynyň ygtyýar bermegi bilen berlen uly möçberdäki pul serişdesini özleşdirmek, mebel öndürýän fabrik gurmak, ony enjamlaşdyrmak, az göterimi bilen hem bolsa pul serişdesini yzyna gaýtarmak, öz önümleriň bilen özüňi ykrar etdirmek gaty uly jogapkärçiligi talap edýär.

— Dogry, bu gaty uly jogapkärçilik. Ýöne bu Gahryman Arkadagymyzyň bize bildiren ynamy. Ol ynam ähli zatdan ýokarda. Hormatly Prezidentimiz öz halky üçin ýurdumyzda mebel önümçiligini ýola goýmaklygy teklip edip, ony hem saňa ynansa, durkuň bilen şol ynama ýugrulyp, şol ynam bilen ýaşamazmyň eýsem?! Ony amala aşyrmak üçin tutuşlygyna özüňi bagyş etmezmiň?! Onsoňam bu meniň ömürboýy arzuwymdy ahyryn. Şeýlelikde, fabrik gurmak üçin ýer bölegini aldyk. Işleşmek üçin dünýäniň öňdebaryjy mebel önümçiliginiň enjamlaryny öndürýän kompaniýalaryny saýlap almak iň jogapkärli işleriň biridi. Sähel ýalňyşsaň, ýüňsakgal bolaýmagyň ahmal. Maslahat berýänler kän, ýöne ahyrky netijäni özüň çykarmaly. Biz işleşmek üçin Germaniýanyň öňdebaryjy «Homak» hem-de «Holzmak» kompaniýalaryny saýlap aldyk. Kynçylyklar diňe bir işleşjek kompaniýaňy saýlap alanyň bilen hem gutarmaýar eken. Getirilýän enjamlar iň häzirkizaman kompýuterleşdirilen enjamlar bolansoň, olaryň programmalaryndan baş çykarýan hünärlerimiz düýbünden ýokdy. Diňe erjellik bilen öwrenmeli hem-de özleşdirmelidi.

Yhlas etdik, azabymyz ýerine gowuşdy. 2010-njy ýylda «Aýbölek» mebel kärhanamyzyň açylyş dabarasy boldy. Bu açylyş dabara hormatly Prezidentimiz hem gatnaşdy.

 — Adam çyny bilen arzuw etse, şol arzuwa ýetmek üçin yhlas etse, hökman arzuwyna ýetýär diýýärler...

— Meniň özüm-ä şony hakyky zat diýip pikir edýärin. Sebäbi bu hakykat meniň durmuşymda şöhlelendi. Ýurdumyzda mebel önümçiligini ýola goýmak baradaky hasyl bolan arzuwymy hormatly Prezidentimiz «Aýbölek» mebel kärhanamyzyň açylyş dabarasyna gelende has belentlige göterdi.

Gahryman Arkadagymyz şonda mebel öndürýän kärhanalar toplumyny gurmak barada teklip berdi. Şeýlelikde, paýtagtymyzda mebel öndürýän kärhanalar toplumy-da gurlup, işläp başlady. Meni begendirýän zat «Aýbölek» mebel kärhanamyzda tälim alyp, ussa çykan ýigitler şol toplumda özbaşdak mebel kärhanalaryny açdylar.

– Meretmuhammet, işewürlik ýoluňyz bilen bagly beren gürrüňleriňiz üçin sag boluň! Geljekde-de size uly üstünlikler arzuw edýäris.

– Sag boluň.

Hawa, ýönekeýje oturgyjyň ýasalmagy bilen başlanan «Aýbölek» haryt nyşanly mebel kärhanasynyň bu gün alty sany halkara baýragy bar. Halkara guramalary tarapyndan ýokary hil derejesini ykrar edýän bu baýraklara biziň ýurdumyzdaky önümçilik kärhanalarynyň eýe bolmagy olaryň dünýäde ykrar edilmegidir. Bu öz Watanyny dünýäniň ösen döwletleriniň hatarynda görmek isleýän işewüriň ýurduň ösüşine goşan goşandydyr. Belki, şonuň üçinem ol biziň sowalymyza: «Işewürlik Watany söýmekden başlanýar» diýip jogap berendir.

Bildirişler


Reklamalar


“Hoş zaman” kompaniýasy “Aşgabat 2017” oýunlarynyň resmi hyzmatdaşy