www.mintradefer.gov.tm Email: Info@mintradefer.gov.tm
 

AWAZA

Ýakynda hormatly Prezidentimiz Balkan welaýatynda iş saparynda bolup, onuň çäklerinde Awazanyň dynç alyş düzüminiň ösdürilişi bilen tanyşdy. Şeýle pursatlarda bu ajaýyp künjegiň ilkinji başlangyçlary, ilkinji gurluşyklary biygtyýar ýadyňa düşýär we Awazanyň şu günki ajaýyp keşbine buýsanjyň artýar.

 

Awaza adynyň dünýä dolmagy hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde alyp barýan syýasaty bilen berk baglanşyklydyr. 2007-nji ýylda Awazada ýeke-täk «Serdar» myhmanhanasy bolup, şol myhmanhanada Awazanyň geljekde milli syýahatçylyk zolagyna öwrülmegi üçin alnyp baryljak gurluşyklaryň taslamalarynyň tanyşdyrylyş dabarasy bolupdy. Bu tanyşdyrylyş dabara dünýäniň dürli döwletlerinden gelen 40-a golaý gurluşyk kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşyp, öz taslamalaryny hödürlediler. Şol wagtlar hödürlenen taslamalaryň owadanlygyna, uludygyna, adamlaryň dynç almaklary üçin dörediljek mümkinçiliklere, bir tarapdan, haýran galyp synlan bolsak, ikinji tarapdan, bu taslamalaryň durmuşa geçirilmegi barada pikir edipdik. Bu taslamalar durmuşa geçiriläýse, ertekiler dünýäsine düşen ýaly boljakdyk.

Hormatly Prezidentimiz döwlet ýolbaşçysy wezipesine saýlanan ilkinji günlerinden ýurdumyzda «Täze Galkynyş we beýik özgertmeler zamany» başlanypdy. Diýmek, Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda Garaşsyzlygymyzyň täze döwründe beýik özgertmeler örboýuna galýardy. Şeýlelikde, 2009-njy ýylda bir günde Awazada gurlan ilkinji myhmanhanalaryň – «Watançy», «Hazyna», Türkmenbaşy şäherinde «Çarlak» myhmanhanasynyň açylyş dabaralary boldy. Tanyşdyrylyş dabarasyndaky ertekä meňzeş, gözelligi bilen haýrana goýýan ägirt uly taslamalar hakykata öwrülip başlady. Şol döwürler beýle uly taslamalar diňe daşary ýurt gurluşyk kompaniýalary tarapyndan amala aşyrylýardy. Hormatly Prezidentimiziň yglan eden Täze özgertmeler zamany hakyky özgertmeleriň we beýik ösüşleriň döwri bolup dünýä doldy. Ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda halk hojalygynyň ähli pudaklarynda uly ösüşler gazanyldy. Milli işewürlerimiziň dürli ugurlar boýunça öz işlerini ýola goýmaga, alyp barýan işlerini dünýä hil derejesinde ýokary götermäge giň mümkinçilikler döredildi. Şunlukda, biziň ýurdumyzda dünýä hil derejesinde gurluşyk alyp barýan işewürlerimiz kemala gelip, dürli ugurly binadyr desgalaryň gurluşygyna girişildi. Indi dünýä ülňülerine gabat gelýän binalardyr desgalary öz gurluşykçylarymyz gurýarlar. Biz muny Awaza milli syýahatçylyk zolagynyň mysalynda hem aýdyp bileris. Awazada ilkinji myhmanhanalary daşary ýurt gurluşyk kompaniýalary guran bolsa, biziň işewürlerimiziň gurluşyk kärhanalary hem şolar bilen bäsleşýän birnäçe myhmanhanalary, ymaratlary gurup ulanyşa tabşyrdylar.

SPORT SYÝAHATÇYLYGYNYŇ MERKEZI

Awaza milli syýahatçylyk zolagyndaky sport toplumy hem biziň işewürlerimiz tarapyndan gurlan ägirt uly gurluşyklaryň biridir. Biziň türgenlerimiziň birnäçesi şu ýyl Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk türgenleşiklerini hem hut şu sport toplumynda geçirip, ýaryşda üstünlikli çykyş etdiler.

Hazaryň kenarynyň ajaýyp tebigaty bilen sazlaşýan bu sport toplumy tehnologiýanyň iň soňky gazananlary bilen lukmançylygyň talaplarynyň sazlaşygy göz öňünde tutulyp enjamlaşdyrylandyr. Fitnes merkezinde Ýewropanyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň önümleri, şol sanda Germaniýanyň «Gym-80», Italiýanyň «Technogym», ABŞ-nyň «LifeFitness» haryt nyşanly sport türgenleşik enjamlary gurnalandyr. Bu ýerde adamyň bedeniniň fiziki ýagdaýyna baha berýän takyk enjamlar ornaşdyrylandyr. Sport bilen meşgullanmaga isleg bildirýänlere sportuň haýsy görnüşiniň has kybap gelýändigini ýüze çykarmaga mümkinçilik berýän sport-anyklaýyş enjamy hem bar. Toplumda basketbol, tennis, woleýbol we futbol oýnamak üçin açyk sport meýdançalary türgenleriň ýygy-ýygydan gelip türgenleşik geçýän ýerlerine öwrüldi. Bu sport toplumynda türgenlerehemmetaraplaýyn sport türgenleşiklerini geçmäge, şunuň bilen birlikde dünýä derejesindäki halkara ýaryşlaryna taýýarlyk görmäge ähli mümkinçilikler döredilendir. Sport toplumynyň jana şypaly deňiz kenarynda gurulmagy bolsa saglygy berkitmekdäki ähmiýetini-de has artdyrýar. Türgenler sport syýahatçylygynyň merkezi bolan Awazada şol mümkinçiliklerden giňden peýdalanýarlar.

DEŇIZ ÝAKASYNDAKY ŞYPAHANA

Hormatly Prezidentimiz «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny ösdürmek babatda uly mümkinçilikleriň açylýandygyny, beýleki döwletlerden ýurdumyzyň deňiz ýakasynda dynç almaga gelýänleriň sanynyň artýandygyny belledi. Muny häzirki wagtda gurluşygy günsaýyn ýokarlanýan döwrebap «Awaza» şypahanasynyň peýda bolmagy-da subut edýär. Mermer daşy bilen örtülen bu ajaýyp binany 2018-nji ýylyň tomsunda ulanmaga bermek meýilleşdirilýär.

Saglygyňy dikeltmegiň täsin tebigy künjegi bolan Awaza soňky ýyllarda ajaýyp şäher-seýilgäh görnüşinde gülläp ösdi. Birnäçe ýyl ozal çöl bolan kenarda ak mermerli, aýnalary ýalpyldap duran belent gatly myhmanhanalaryň ençemesi peýda boldy, giň we amatly kottej toplumlary, ýaht-klublary, dynç alyş seýilgähleri, bagy-bossanlyklar, sport desgalary guruldy, giň ýollar we derýa çekildi. Bularyň ählisi Awazanyň halkara derejeli dynç alyş künjegi hökmünde Türkmenistanyň ýüzüni görkezýän esasy keşpleriniň birine öwrülýändigini görkezýär. Esasy bellemeli zatlaryň biri-de, Gahryman Arkadagymyzyň milli işewürlerimize ýene-de ynam bildirip, Awazada guruljak dynç alyş merkezli akwaparkyň we başga-da dynç alyş maksatly binalardyr desgalaryň gurluşygyny Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine tabşyrmagydyr. Elbetde, munuň özi türkmen gurluşykçylarymyzyň öz işlerini ýokary hilli alyp barýandyklarynyň aýdyň subutnamasydyr. Biz hem gurluşykçy işewürlerimize Arkadag Prezidentimiziň ynamyny ödäp, Awazany has-da gülletmekde işlerini üstünlikli alyp barmaklaryny arzuw edýäris.

Gazetlerimiz

Reklama

KOMPÝUTER tilsimaty merkezi

Tel: +993 12 93 44 23. Faks: +993 12 93-60-06.

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň «Türkmenpolat we enjamlar» DLBSF ýük awtoulaglarynyň dürli görnüşlerini amatly bahadan satýar!

Habarlaşmak üçin telefonlar: 75-26-68/75-25-64/75-28-21

«Türkmenetsüýtsöwda» döwlet lomaý-bölek söwda firmasy ýokary hilli et-ýapma we şöhlat önümlerini amatly bahalardan satýar.

Salgysy: Aşgabat şäheriniň Şamämmet Suhangulyýew (1930) köçesiniň 1-nji jaýy

Tel: 76-02-22; 76-04-73. Faks: 76-19-05.