www.mintradefer.gov.tm Email: Info@mintradefer.gov.tm
 

DÜNÝÄ NUSGALYK ÖSÜŞLER

Görkezijilere laýyklykda, jemi içerki önümiň ösüşiniň 6,4%-e deň bolandygy we beýleki pudaklaryň ösüşleri bilen bir hatarda oba hojalygynda 4,9% ösüşiň gazanylandygy bellenildi. Şeýle ösüşleriň bolmagy ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň yzygider pugtalanmagyny we ilatyň durmuş ýaşaýyş şertleriniň günsaýyn ýokarlanmagyny üpjün edýär. Milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlarynyň sazlaşykly alnyp barylmagy Türkmenistan döwletimiziň halkara giňişligindäki tutýan ornuny has-da artdyrýar.

Ýurdumyzyň daşary syýasy ugrunyň özboluşly taryhy aýratynlygy bar. Ata-babalarymyzyň geçmişde ýörelge edinen goňşy bilen hoşniýetli, düşünişmek arkaly gatnaşyklary ýola goýandygy, birek-birege kömek bermek, goldamak, howandarlyk etmek ýaly ynsanperwer häsiýetleri, şu günki gün türkmen halkynyň dünýäde Bitaraplyk syýasatyny alyp barmagynda öz mynasyp ornuny eýeleýändigine göz ýetirmek bolar.

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy häzirki döwürde dünýäniň derwaýs meselelerini çözmekde ygtybarly we işjeň gural bolup hyzmat edýär. Bu barada ýurdumyzda kabul edilen «Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2017-2023-nji ýyllar üçin konsepsiýasynyň» çäklerinde durmuşa geçirilýän çäreler hem munuň aýdyň mysalydyr. Türkmenistan BMG-niň işiniň kämilleşdirilmegine, bilelikdäki tagallalaryň netijeli bolmagyna, şol sanda parahatçylygyň we howpsuzlygyň, dünýäde durnukly ösüşiň meselelerini ara alyp maslahatlaşmakda we çözgütleri kabul etmekde özüniň mynasyp goşandyny goşýar.

Hormatly Prezidentimiziň ýakynda Täjigistan Respublikasyna bolan resmi saparynyň netijesinde türkmen-täjik gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykdy. Munuň şeýledigini iki dostlukly ýurduň Baştutanlarynyň ýokary derejedäki gepleşiklerinde gazanylan ylalaşyklar hem tassyklaýar. Iki döwletiň baştutanlary tarapyndan ekologiýa meselelerine, tebigaty goramak, suwdan rejeli peýdalanmak we klimat howpsuzlygy babatda sebit üçin umumy wezipeleriň çözülmegine ähmiýet berildi. Şeýle-de döwletleriň ikisi üçin hem möhüm bolan halk hojalygyny senagatlaşdyrmak meselesi barada durlup geçildi. Gepleşikleriň barşynda döwletara hyzmatdaşlygyna ýokary baha bermek bilen, gatnaşyklaryň gadymdan gözbaş alýan türkmen we täjik halklaryny öňden bäri baglanyşdyrýan dostluk gatnaşyklaryna daýanyp, täze belentlige çykaryljakdygy bellenildi. Döwlet Baştutanlary sebit meselelerini ara alyp maslahatlaşmak bilen, Merkezi Aziýa döwletleriniň dürli ugurlardaky gatnaşyklaryny ösdürmegiň möhümdigi we Bilelikdäki işewürler geňeşini döretmek hem iki döwletiň paýtagtlarynda Söwda öýlerini açmak barada bellediler.

Hormatly Prezidentimiziň azyk bolçulygyny döretmek bilen bagly halkara derejesinde öňe sürýän garaýyşlarynyň esasy ugurlaryň biridigini bellemek gerek. Türkmenistan döwleti azyk bolçulygyny üpjün etmekde dünýäde nusgalyk işleri amala aşyrýar. Ýurdumyz 2011-nji ýyldan bäri dünýä bazaryna galla çykarýan döwletleriň hataryndadyr. Munuň özi ýurdumyzda azyk bolçulygynyň döredilendiginiň aýdyň subutnamasydyr. Oba hojalyk önümleriniň öndürilişi ýylsaýyn artýar we ekologiýa taýdan arassa önümler öndürilip, gaýtadan işlenilip, harytlyk derejesine ýetirilýär. Ýurdumyzda diňe bir oba hojalyk önümleri bolman, senagat önümleriniň öndürilişi hem yzygider artdyrylýar. Munuň özi içerki bazarlaryň harytlar bilen doly üpjün edilmegine we daşary bazarlara çykarylýan önümleriň möçberiniň artmagyna getirýär. Häzirki günlerde ilatyň sarp edýän harytlary bilen bazarlarymyz doly derejede üpjün edilýär.

Bitarap döwletimiz dünýä ýurtlary bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary barha ösdürýär we pugtalandyrýar. Türkmenistan dünýäniň 150-ä golaý ýurtlary bilen söwda-ykdysady gatnaşyklaryny alyp barýar. Daşary syýasatynda bitarap Diýarymyzyň geriminiň yzygider giňelmegi we köpugurly ähmiýete eýe bolmagy, halkara giňişligindäki tutýan ornunyň artýandygyny, halkara hyzmatdaşlygynda alyp barýan işlerinden hem aýdyň görmek bolýar. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk syýasaty dünýä ýurtlarynyň parahatçylykda, asudalykda, bolelin, bagtyýar ýaşaýşyna we ösüşine özüniň oňyn täsirini ýetirýär. Munuň şeýledigine geçen hepdede ýurdumyzyň paýtagty Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagynyň 10 ýyllygy hem-de şanly sene mynasybetli «Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin sebit merkeziniň orny» atly Rezolýusiýasynyň kabul edilmegi-de şaýatlyk edýär. Şeýle beýik syýasatyň dünýä ýüzünde dabaralanmagyny durmuşa geçirmekde bütin adamzat bähbitli işleri alyp barýan hormatly Prezidentimize çäksiz sagbolsun aýdýarys.

Gazetlerimiz

Reklama

KOMPÝUTER tilsimaty merkezi

Tel: +993 12 93 44 23. Faks: +993 12 93-60-06.

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň «Türkmenpolat we enjamlar» DLBSF ýük awtoulaglarynyň dürli görnüşlerini amatly bahadan satýar!

Habarlaşmak üçin telefonlar: 75-26-68/75-25-64/75-28-21

«Türkmenetsüýtsöwda» döwlet lomaý-bölek söwda firmasy ýokary hilli et-ýapma we şöhlat önümlerini amatly bahalardan satýar.

Salgysy: Aşgabat şäheriniň Şamämmet Suhangulyýew (1930) köçesiniň 1-nji jaýy

Tel: 76-02-22; 76-04-73. Faks: 76-19-05.